HTML: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 21:
</html>
</pre>
===Makala===
'''Websahypanyň içki gurluşy'''</b>
 
Bu ugur örän çylşyrymlydyr. Bu ýerde biz diňe käbir umumy düşünjeleri salgy bermeli bolýarys. Her zady doly beýan etjek bolsak, siz hem ýadarsyňyz, biz hem. Sizi ýadadyp we gorkuzyp, höwesiňizi gaçyrasymyz gelenok. Ýöne günsaýyn web ussaçylygy barada bilimiňiziň artýandygy bizi begendirýär. Şu mowzuk boýunça makalalary okamagy dowam etdiriň.
 
'''Websahypa nähili işleýär?'''<br />
 
Websahypa diýilýän zat aslynda her bir kompýuter programmasynyň bolşy ýaly, kompýutere berilýän buýruklaryň toplumydyr. Şol buýruklar toplumyny açýan we kompýuteri ulanýanlara görkezýän programmalara '''brauzer''' diýilýär. Türkmençe muňa '''geziji''' diýsek hem gelişmän durmaz. Mysal üçin, eýýäm bilýänsiňiz Internet Eksplorer, Mozilla Firefoks, Opera, Opera Mini, Google Krom ýaly brauzerler bar. Aslynda brauzerleriň sany örän köp, ýöne iň köp ulanylýanlarynyň arasynda esasy ýokardakylar bar.
 
Websahypanyň içinde dürli tekst, surat, sesli-şekilli (audio-wideo) we ş.m. maglumatlar bolýar. Şol maglumatlaryň ulanyja belli bir biçüwde görkezilmegi üçin ýörite buýruklar websahypanyň içinde ýerleşdirilýär. Websahypa diýip, umuman HTML namasyna (HTML Document) ýa-da şonuň esasynda döredilen beýleki görnüşlerine aýdylýar. Brauzerler şol HTML namasyny serwerlerden sorap alýarlar we olaryň içindäki buýruklary ýerine ýetirip, ulanyjylara netijäni görkezýärler.<br />
'''Websahypanyň, ýagny HTML namasynyň içinde nämeler bar?'''
 
Websahypalar dürli-dürli bolup bilýär. Ýöne köplenç iň köp goýulýan zatlar tekst we suratlardyr. Internetiň tizliginiň artmagy bilen indi aýdymdyr wideo goýmak mümkinçiligi hem bar we köp saýt mundan peýdalanýar.
 
Aşakda ýönekeý bir index.html diýen sahypanyň kody görkezilýär.
[[Faýl:Kod123.png|center|600px|]]
 
==Çeşmeler==
*[http://www.okamak.com/makala.php?action=show&id=101 '''www.okamak.com''']
== Daşarky çykgytlar ==
* [http://www.w3.org/TR/html401/ HTML 4.01, the most recent finished specification (1999)]