Döwletler boýunça işsizligiň möçberi we tablisasy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Setir 396:
|[[Nauru]]||90.0||2004
|}
==Ýolöten'däki iş üpjinçilikleri==
[[Faýl:Ýolöten'däki iş üpjinçilikleri.jpg|thumb|left|200px|'''Ýolöten'däki iş üpjinçilikleri''']]
Türkmenistanda işsizlik möçberi köp adamlaryñ diñe belli bir bölegi mydamalyk işläp biljek ýerler bolan döwlet işlerinde işleýärler. Emma uly möçberi bolsa işsiz ýa daýhançylyk bilen meşgullanýar ýa bolmasa taksiçilik etýär ýa aýdym aýtýar, bazarda zat satýar. Ýurdyñ uly möçberi hem oba ýerlerinde ýaşaýanlygy sebäpli diñe daýhançylyk etmeli bolýarlar başga çykalga hem ýok ol adamlar üçin. Daýhançylygyñ ýagdaýy bolsa hiç hili öwerlik däl häzirki ýagdaýda Türkmenistanda we geljegi hem ýok diýsek bolar sebäbi häzirki wagtda Türkmenistana Amyderýadan başga arassa akýan suw ýap ýok we ol derýanyñ hem haçana çenli dowam etjekdigi belli däl. Häzirki wagtda hem suw gytçylygy duýulýar onsoñ egerde geljekde ol hem kesilse daýhanlary geçdim hatda adamlara içmäge suw boljakdygy nägumana.
 
Emma tolgundyryjy pursatlaryñ biri häzirki wagtda Türkmenistanda iş alyp barýan daşary ýurt firmalarydyr. Esasanda Mary welaýatynyñ Ýöleten etrabynda ägirt uly tebigy gazy gaýtadan işleýän zawod gurulýar. We şeýle ýerlerde häzirki wagtda işleri daşary ýurt firmalary alyp barýar. Onsoñ wagtlaýynça hem bolsa şeýle ýerlerde Türkmen halkymyza iş mümkinçilikleri bolup başlaýar. Mysal üçin Maryda kän boş gezip ýören adam görmek kyn hemme kişi Ýolötende işleýän aý hytaýlarda işleýän, koreýlarda işleýan, hyundaýda işleýän diýip barsynyñ işi bar tüweleme. Bu örän begendiriji ýagdaý Maryda toýlarda zatda kän bir adam hem görmek kyn agşam 10 da eýýam adamlar öýüne gaýtýarlar sebäbi ertir ir bilen işe gitmeli diýip bar kişi işli.
 
Beýleki welaýatlarda hem bar emma agramly bölegi Maryda bolansoñ şol ýerden mysal berdim sebäbi Ýolöten Osman gaz ojagy häzirki wagtda özünde toplanan rezerwi boýunça dünýäde 4-nji orunda durýar ýalñyşmaýan bolsam. Onsoñ şol ýere tebigy gazy gaýtadan işleýän ägirt uly döwlet kärhanasy gurulýar we häzir gurulmagyna ýardam berýän adamlar hem Türkmenlerimiz. Ol kärhana gurulanyndan soñra hem 6000 çemesi adamy işe alynar diýlip aýdylýär.
 
Hakykatdan hem bu örän begendiriji buýsandyrjy ýagdaý gowy tarapy öz gazymyzy özümiz çykaryp we ony gaýtadan işlemegimiz we şol bir wagtyñ özünde müñlerçe adama iş mümkünçiligi bolýar. Geljekde bu Türkmenistanyñ ykdysadyýetine hem öz peýdasyny ýetirermikä diýýän. Diñe bir Maryda däl eýsem beýleki welaýatlarymyzda hem ýer asty baýlyklaryny özleri çykaryp halky doly iş bilen üpjin etmeklik miesser etsin.
*Çeşme:©SalamTurkmen, 2013
*[http://www.salamturkmen.com/tm/ykd/351-yoloeten-daeki-is-uepjincilikleri '''Ýolöten'däki iş üpjinçilikleri''']
[[Kategoriýa:Ykdysadyýet]]
[[Kategoriýa:Durmuş]]