Aleksandr Graýam Bell: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut
Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok |
|||
Setir 16:
|}
'''Aleksandr Greýam Bell''' [[telefon]]y oýlap tapypdyr. Ol [[Şotlandiýa]]nyň [[Edinburg]] şäherinde dogulýar. Soňlugy bilen Belliň maşgalasy Kanada, soňra hem [[ABŞ]] göçüp gelýär. Bell bilimi boýunça inžener - elektrik hem fizik hem bolmandyr. Ol aýdym – saz we suhanwerlik sungaty mugallymy bolup işläpdir.
Aleksandr Bell 1893-nji ýylda gepleýiş synasynyň fiziologiýasy boýunça [[Boston uniwersiteti]]niň [[professor]]y bolýar. Ol akustikany, adamyň gürleýşiniň fizikasyny dykgatly öwrenýär, ondan soň ses yrgyldylaryny ugradýan enjamda tejribe geçip başlaýar. Şeýlelikde, ol kem-kemden telefony döretmek taglymyna ýakynlaşyp başlaýar. Ol eger-de elektrik togunyň yrgyldylaryny döredip bolsa, dürli sesleri geçirmäge mümkinçilik dörejekdigine ynanypdyr.
Setir 24:
Bir gezek Belliň kömekçisi geçiriji enjamdan plastinkany çykarypdyr. Şonda kabul ediji enjamda Bell şygyrdy eşidipdir. Belli bolşuna görä, plastinka elektrik zynjyryna utgaşyp soňam açylan eken. Bell bu ýagdaýa örän ünsli çemeleşipdir. Birnäçe günden soňra sesi gataltmak üçin signal berýän buýnuzdan, deprek deriden we uly bolmadyk membranadan ybarat ilkinji telefon enjamy döredilipdir. Bu enjam ähli telefon enjamlarynyň başlangyjy bolupdyr. Şeýlelikde, 1876-njy ýylyň 10-njy martynda Bostonda (ABŞ) ilkinji telefon gepleşigi Aleksandr Greýam Bell we onuň kömekçisi Tomas Uotsonyň arasynda geçirilipdir. Ilkinji öý telefony ine şunuň ýaly oýlanyp tapylypdyr.
Muňa garamazdan A.G. Belle we dürli ýurtlardaky inženerlere, telefon aragatnaşygy häzirki görnüşine eýe bolýança, onuň üstünde ýene-de köp işlemeli bolupdyrlar.
[[Kategoriýa:Şahsyýetler]]
[[Kategoriýa:Alymlar]]
|