Muhammet Jelaletdin Rumy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Removing Molana.jpg, it has been deleted from Commons by Daphne Lantier because: Copyright violation, see c:Commons:Licensing.
Setir 27:
=== Şems Tebrizi ===
 
1240-njy ýylda Jelaleddin şol döwrüň ylmynyň aňyrsyna çykyp, Konýa dolanýar we 1241-nji ýylda ýene-de baş müderrislige eýe bolýar. Belki-de, onuň durmuşy şeýle ýagdaýda dowam etse-de ederdi. Emma 1244-nji ýylyň Sanjar aýynda Konýa derwüş-sofy Şems Tebrizi gelýär. Ol Jelaleddin bilen tötänden duşuşýar. Soňra olar ömürlik dost bolup galýarlar.
 
Jelaleddin Rumynyň Şems bilen ýakyn gatnaşygy baş müderrisi edebiýat meýdanyna alyp gelýär we birwagtky şyh Attaryň welilik bilen aýdanlary amala aşyp başlaýar. Şondan soň Rumy köp wagtyny medresede däl-de derwüşleriň arasynda goşgy aýdyp, saz çalyp, tans edip geçirýär. Bu ýagdaý ylym bilen meşgullanýanlaryň birnäçesine ýakmaýar we olar Şemsi öldürmegiň kül-külüne düşýärler.