Hytaý Halk Respublikasy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Turkmen (gürleşme | goşantlar)
Gysgaça mazmuny ýok
Turkmen (gürleşme | goşantlar)
Setir 52:
 
=== Hytaýdaky milli azat edijilik hereketi ===
XX asyryň başynda Hytaý yzagalak, ýarym bakna ýurtdy. Hytaýyň bu gözgyny ýagdaýyna garşy birnäçe gozgalaňlar bolupdy (boksçylaryň gozgalaňyny ýadyňyza salyň! §2). Şolaryň içinde iň görnüklisi 1911-1913-nji ýyllaryň Sinhaý rewolýusiýasydyr (Sinhaý şol döwürde ulanylan hytaý ýylnamasy boýunça ýylyň ady). Bu rewolýusiýa hytaý halkynyň meşhur ogly Sun Ýatsen ýolbaşçylyk edipdi.
 
Sun Ýatsen XIX asyryň ahyrynda - XX asyryň I çärýeginde Hytaýdaky syýasy göreşiň görnükli ýolbaşçylarynyň biridir. Ol 1867-1925-nji ýyllarda ýaşapdyr. XIX asyryň ahyrynda Hytaýyň paýlaşylmagyna garşy çykyş edýär. ABŞ-nyň Hytaý babatdaky “açyk gapylar we deň mümkinçilikler” syýasatyny ýazgarýar. 1905-nji ýylda “Birleşen bileleşik” atly syýasy guramany döredýär. Sun Ýatsen Sinhaý rewolýusiýasynyň serdarydyr. 1912-nji ýylda Gomindan partiýasyny esaslandyrýar. 1917-nji ýylda Hytaýyň günortasynda Sun Ýatseniňökümeti döredilýär. Bu ýeri indiki ynkylabyň taýýarlanýan ýerine öwrülýär. 1925-1927-nji ýyllaryň rewolýusiýasy başlanan wagty ol aradan çykýar.
Setir 81:
 
Ýuan Şikaý tizlikde parlamenti dargadyp, çäklendirilmedik hökümdara öwrüldi. Konstitusiýadan demokratik azatlyklar baradaky maddalar aýryldy.
 
=== 4-nji maý hereketi ===
Hytaýda köpçülikleýin halk hereketleriniň başlanmagyna Pariž parahatçylyk maslahatynyň Şandun welaýatyndaky öň Germaniýanyň eýelik eden territoriýalarynyň geljekki ykbaly baradaky adalatsyz karary sebäp boldy. Şandunyň esasy bölegini Germaniýa 1898-nji ýylda Hytaýdan zor bilen, 99 ýyllyk möhlet bilen “kärendesine” alypdy. Birinji jahan urşunyň başynda bolsa Ýaponiýa Germaniýa garşy urşan bolup, Şanduny basyp alypdy. Hytaý hem 1917-nji ýylda urşa gatnaşmasa-da, Germaniýa garşy uruş yglan edipdi.
 
Pariž parahatçylyk maslahatynda Hytaýyň wekilleri Şanduny hak eýesine-Hytaýa bermegi talap etdiler. Emma Şandundaky Germaniýanyň eýeçilikleri maslahatyň karary bilen Ýaponiýa berildi. Hytaý wekilleri gahar edip, Wersal şertnamasyna gol çekmändiler.
 
Parižde uruşda ýeňijileriň Şandun meselesini Ýaponiýanyň peýdasyna çözmegine närazylyk bildirip, 1919-njy ýylyň 4-nji maýynda talyp ýaşlar, işçiler Pekiniň köçelerine çykdylar. 4-nji maý hereketi diňe şol gün gutarmady. Ol Hytaýyň 60 şäherinde işçileriň syýasy iş taşlaýyşlarynyň başlanmagyna itergi berdi. Şu hereketiň täsiri bilen kommunistik partiýa döredi. Bu hereketler öz netijesini berdi. Waşington maslahatynda Ýaponiýa Şanduny Hytaýa bermäge mejbur boldy. Şeýlelikde, 1917-1921-nji ýyllardaky ynkylap ugrundaky göreşiň netijesinde dünýäde birnäçe patyşalyk düzgünleri agdaryldy, täze özbaşdak döwletler döredi. Bu döwürde hatdjemgyýeti düýpli özgertmekligi talap edýän, köpçülikleýin halk tolgunyşyklary bolup geçdi. Ýigriminji ýyllaryň başyndan başlap, dünýäde ynkylap ugrundaky tolgunlyşyklar pese düşüp başlady.a birinji jahan urşunda ýeňiji bolan, üstesine-de bireýýämden bäri bazar ykdysadyýetli döwletler bolan, parlament demokratiýasynyň nusgawy ýurtlaryna öwrülen Beýik Britaniýa, Fransiýa, ABŞ ýaly döwletlerde hem syýasy, durmuş dartgynlylyk ýagdaýy döräp, jemgyýeti düýpli özgertmekligi talap edýän, köpçülikleýin halk tolgunyşyklary bolup geçdi. Ýigriminji ýyllaryň başyndan başlap, dünýäde ynkylap ugrundaky tolgunlyşyklar pese düşüp başlady.
 
== Şäherler ==