Hytaý Halk Respublikasy (hyt. däp. 中華人民共和國, ýönek. 中华人民共和国, pinin Zhōnghuá Rénmín Gònghéguó), gysgaltmasy HHR ýa-da ýönekeý HytaýGündogar Aziýada yerlešyän döwlet, ilat sany boýunça dünýäde iň iri döwlet (1,411mlrd. gowrak, ilatyň aglabasy — etniki hytaýlylar, (özlerini atlandyryşlary — han); Russiýadan we Kanadadan soň territoriýasy boýunça dünýäde üçünji orunda durýar.

中華人民共和國
Hytaý baýdagy
Hytaý baýdagy Hytaý gerbi
Paýtagt Pekin
Prezident Xi Jinping
Dil Hytaý dili
Senasy Hytaý senasy
Meýdany 9,596,960 km²
Ilaty
 – ilat/km²
1,411,750,000(2023)
 175/km²
Puly Renminbi Yuan (RMB¥)
Wagt UTC +8
Telefon kody +83
Internet TLD .cn

Goňşy döwletler: Ýaponiýa, Russiýa, Demirgazyk Koreýa we Taýwan.

Hytaý VIII – XV asyrda

düzet

200 ýyl VIII asyrdan tä X asyryň ortalaryna çenli Hytaý jemgyýetinde iri ýer eýeçilik gatnaşyklarynyň döreýşi döwri boldy. Maýda eýeçilikden iri ýer eýeçiligine geçildi we gülläp ösdi. VIII-IX asyrlarda öndüriji güýçler ösdi. Demiri hojalykda giň peýdalandylar. Metallaryň öndürijiligi artdy.

IX asyryň başynda demiriň öndürilişi VII asyr bilen deňeşdirende 2,5 gezek artdy - kümüş 2 gezek. Duz öndürmek ösdi . Irrigasiýa – suw gurluşygy ösdi. Ekin meýdanlary giňeldi. Hasyllyk artdy, ýüpek gurçugyna üns berildi. Çaý, gant çiňrigi,pagta ekildi.

Hünärmentçilik ösdi. Guýma manetalary hökümet öndürdi. Harby  we oba hojalyk gurallary kämilleşdi. Ýüpek, kagyz öndürmek, çakyrdarçylyk, gant gaýnatmak, gämi gurluşygy ösdi.

Köp ussahanalar – işçi kärhanasy söwda hünärmentçiligiň merkezlerinde ýerleşipdirler. Olar daýhanlardan salgyt hökmünde alynýan önümleriň hasabyna işläpdirler. Onda iri ýer eýelerine degişli adamlar işledilipdir.

Jemgyýetçilik zähmet bölünişigi netijesinde hünärmentçilik oba hojalykdan bölünip aýrylypdyr. Şäherlerde hünärmentçiligiň jemlenmegi bilen  Çanan, Loýan ýaly şäherler baýapdyr. Mukaddes ýerlerde, gämi duralgalarynda täze şäherler peýda bolupdyr. Süýthor, söwdagärler peýda bolupdyr. Bu pula bolan talaby güýçlendirilipdir. Kagyz pullar metal bilen çalşypdyr. X-XI asyrda bolup geçýär.

Şäherleriň hünärmentçilik, söwda merkezleriniň ykdysady kuwwatynyň artmagy öz-özüňi dolandyrşa geçmäge mümkinçilik beripdir. Şäherler döwletýerlerinde ýerleşipdirler. Obadakylar garyplaşyp, olara hojalyk ýöretmek kyn bolupdyr. Bölünip berilen ýerleriň peýdasy pes bolup jemgyýetde deňsizlik güýçli duýlupdyr.

Hytaýda döwlet hökümetiözüniň syýasy, ykdysady funksiýalarynyň amala aşyrmak üçin raýat, harby adamlary we harby güýçleri artdyrmaly bolupdyr.

Sebäbi oňa goňşy ýurtlar howp salyp durupdyr, üstesine ýurduň içki howpsuzlygy üçinde zerurdy.

Goşunda edara ediji gatlagy artmagy, ýurtda boş ýerleriň artmagyna getirdi. Bu ýerler iri ýer eýeçiligiň eline geçdi. Hususy ýer eýeçiligi diňe ýokary synp wekilleriniň arasynda ýaýramak maýda ýer eýelerinde-de bolupdyr. Üstesine VIII  asyrda Koreýa Tan nebereleriniň golundan boşady.Asly türk bolan An lu-şan Mongoliýanyň territoriýasynda ep-esli ýerlere eýeçilik etdi. Onuň elinde harby güýç bardy.

755 ýylda An Lu şanyň goşuny 150 müňe barabardy. Ol Kaýfyn ugruna 756 ýylda Çanan  şäheri eýeledi. Ýöne oňa warwarlar we goňşy halklar garşylyk görkezdi.

755 ýylda Hytaýda 53 mln oba ýaşaýjysy bardy.  Daşary döwletler bilen bolýan uruşlar köp çykdaýjyny talap etdi. 60-70 ýylda salgyt reformasy geçirildi. Ýaşyna, saglyk  ýagdaýyna seretmän halka salgyt salyndy. Oňa pomestiýalaryň eýeleri, çinownikler, söwdagärler, hat-da hünärmentler hem çekilýär. Döwlet öri meýdanlaryny bölüp bermän satyp başlady. Bu iri ýer eýelerine garşy göreşlere getirdi.

874-901-nji ýylda uly daýhanlan gozgalaňy bolup geçdi. Şol gozgalaňa Huan Çao ýolbaşçylyk etdi. Ol irki Orta asyr ezişiň  mazmunyny üýtgetdi. Hytaýda täze agrar gatnaşyklary peýda boldy.

907-nji ýyldan Jou Wen köşk agdarylyşygynyh geçirip, Sun nebereleri häkimiýete geçdi.

90 ýylyň içinde Hytaýda bäş neberelik çalyşdy.  Mongollaryň göçüp-gonup ýörän maldarçy-awçy taýpalar kudanlar öz döwletini döredip şolaryň adyndan Kudan imperiýasy adyny alypdyr. Soňa baka Kudan döwleti bütin gündogar Aziýada iň güýçli deržawa öwrülýär. Býanhe, Ýandzy derýalarynyň basseýinlerinde suwarymly ýerlerde ekarançylyk ösdi. Hytaý sözüni Kudan diýip mongollar kabul edip alyp, şondan ýaýran söz. (907-1125).

Kudanlar günbatarynda manžurlar, uýgur eýeçiliklerini Hytaýyň demirgazyk ýerlerini eýelediler. Gündogar Aziýada  Kudan döwleti iň güýçli döwletleriň birine öwrüldi. Ýöne has-da hytaýlylar we boýun egdiren halklarygarşylyk görkezip başlady. Hytaý welaýatlarynda kudanlylara garşy uly gozgalaňlar turdy. 960 ýylda goşun hem kudanlylara garşy göreşe aýga galýar. Suk nebereleriniň agalygyda şu döwürden başlanýar. (960-1279) 300 ýyla golaý dowam edip  Sun beýik döwletiň paýtagty Kaýfyn bolupdyr,  soňra Hanjou bolýar. Dokmaçylyk  senagaty ösdi, Tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy, dokmaçylyk stanioklarynyň täzelenmegi,  dokma howlulary peýda boldy. Olar ýüpegi srap bereni üçin salgydy, dokalan mata görnüşinde alýardy. Şäherleriň sany onuň ilatyda gün-günden artypdyr. 1400-1700 müň ilat ýaşapdyr. Söwda pul dolanyşygynyň ösmegi bilen mis ýetmezçiligi duýulýar, öňe derek demir pullar çykarylýar. X asyryň ahyrynda XI asyryň başlarynda kagyz pullar döräpdir.

Bu ýerde agrar syýasata syn etsek ýeriň aglaba köpüsi süýthor, ýokary gatlagynyň elinde jemlenipdir, 80 %  ýerleri nkärende beripdirler. Käbir hojaýynlaryň 300-500 müňlerçe kärendeçisi bolupdyr. Salgytlaryň sany gün-günden artýardy. 150 ýylyň içinde 200-den gowrak iri we maýda gozgalaňlar bolup geçipdir. Kudan we Tungus basybalyjylaryna garşy gozgalaňlaram başlanýar.

XI asyryň 30-40 ýyllarda  ýagdaý ýitileşenden soň reformator orta çykdylar.

Ýöne olaryň reformalary durmuşa geçmedi. Ýokardaky özgerişleri geçirip, dörän ýagdaýdan çykalga gözlediler, ol hem bolmady. Ýurtdaky gozgalaňlaryň köpüsi basybalyjylara garşy gönükdirildi. 1125 ýylda Kudan döwleti dargady. Kudanlylaryň bir bölegi Merkezi Aziýa gitdi, Gara hytaýlylaryň döwleti döräp 1211 ýyla çenli ýaşady.

1127-1279 ý. günorta Sun neberiligi täzeden ösdürildi. Paýtagty Pekin boldy.

Ýöne Mongol çozuşlaryda güýçlendi. 1215 ýýlda Pekini eýeldiler. Mongollar şu ýerde oňat öz agalygyny dikeltmegi üçin 70 ýyla golaý wagt gerek bolupdyr. Mongol çozuşlary Hytaýyň ykdysady, durmuş ösüşine, medeniýetine ters täsir etdi.

Demirgazyk köp ýerleriň ilaty gidip, boşap galdy, esasy ilat günortada ýaşaýardy. Ýurdy ilki başda mongollaryň özi dolandyrdy. Çingiz hanyň ogly Ugedeý (1229-1241) soň Hubilaý (1269-1291) ol salgydy ýola goýdy, ilat ýazuwyny geçirdi. Ahyr soňy demirgazyk Hytaýyň iri ýer eýelerini döwleti dolandyrmaga çekmeli boldy. Ol XIII asyryň 90 ýyllarynda Ýawa adalaryna harby deňiz ýöreşini gurady.

XIV asyryň ortalarynda Ýuan imperiýasynyň ykdysadyýeti pese gaçdy. Huanhe derýasy ugruny üýtgetdi. Ekin meýdanlaryny suw basdy. Şäher bazarlary boşap galdy. Köp ussahanalar dükanlar ýapyldy. Täze kagyz pullaryň girizilmegi bilen hünärmentleriň, söwdagärleriň, süýthorlaryň tozmagyna getirdi. Ýurtda ýagdaý çylşyrymlaşdy. Daýhanlar ýaraga ýapyşdylar, olary şäherliler hem goldady. Daýhan hereketleri synpy ezişe we mongol agalygyna garşy gönükdirildi.

“Gyzyl goşunynyň” göreşi demirgazyk Beýik Hytaý diwarlaryna çenli  hat-da ýurduň paýtagtyna çenli öz içine aldy.

Mongol çozuşlary ýurduň hojalygyny pese gaçyrdy. Ju Ýuanyň goşuny 1368 ýylda demirgazykda Pekini eýeläp, Çingiz hanyň iň soňky nesli gaçdy. Täze Min nebereleri häkimiýete geçdi.

XIV asyryň başlarynda Min imperiýasynyň teýmirler döwleti bilen gatnaşyklary çylşyrymlaşýar. Hytaýlyklar Wýetnama çozup girip 1406-njy ýylda ony Hytaýyň bir welaýatyna öwrüpdirler. Hytaýlylar deňiz arkaly aragatnaşyk etmeklige uly üns beripdirler.

1415  ýylda Teýmuryň orun tutarlary Merkezi Aziýa we Samarkanda, Hindistana ýörişler edipdirler.

XV asyryň II-ýarymynda Min imperiýasy gowşap başlapdyr. Hytaýda maliýe çökgünligi başlapdyr. 1428 ýylda hytaýlylar Wýetnamdan çykýarlar we garaşsyzlygyny berdiler.

Hytaýdaky milli azat edijilik hereketi

düzet

XX asyryň başynda Hytaý yzagalak, ýarym bakna ýurtdy. Hytaýyň bu gözgyny ýagdaýyna garşy birnäçe gozgalaňlar bolupdy. Şolaryň içinde iň görnüklisi 1911-1913-nji ýyllaryň Sinhaý rewolýusiýasydyr (Sinhaý şol döwürde ulanylan hytaý ýylnamasy boýunça ýylyň ady). Bu rewolýusiýa hytaý halkynyň meşhur ogly Sun Ýatsen ýolbaşçylyk edipdi.

Sun Ýatsen XIX asyryň ahyrynda - XX asyryň I çärýeginde Hytaýdaky syýasy göreşiň görnükli ýolbaşçylarynyň biridir. Ol 1867-1925-nji ýyllarda ýaşapdyr. XIX asyryň ahyrynda Hytaýyň paýlaşylmagyna garşy çykyş edýär. ABŞ-nyň Hytaý babatdaky “açyk gapylar we deň mümkinçilikler” syýasatyny ýazgarýar. 1905-nji ýylda “Birleşen bileleşik” atly syýasy guramany döredýär. Sun Ýatsen Sinhaý rewolýusiýasynyň serdarydyr. 1912-nji ýylda Gomindan partiýasyny esaslandyrýar. 1917-nji ýylda Hytaýyň günortasynda Sun Ýatseniňökümeti döredilýär. Bu ýeri indiki ynkylabyň taýýarlanýan ýerine öwrülýär. 1925-1927-nji ýyllaryň rewolýusiýasy başlanan wagty ol aradan çykýar.

Sun Ýatsen entek 1905-nji ýylda Hytaýdaky rewolýusion guramalaryň birnäçesini birleşdirip, “Birleşen bileleşik” atly syýasy guramany esaslandyrdy. Onuň maksatnamasy hökmünde Sun Ýatseniň “halkylygyň üç ýörelgesi” öňe sürüldi. Millilik mançžur neberesiniň hem-de daşary ýurt agalygynyň soňuna çykmagy, sap milli dolandyryşy ornaşdyrmagy göz öňünde tutýardy. Halk häkimiýeti monarhiýa gurluşynyň agdarylmagy we respublikanyň jar edilmegi bilen berkarar edilmelidi. Halk abadançylygy ýörelgesi ýere bolan eýeçilik hukugyny deňleşdirmegi, ýerleri kem-kemden millileşdirmegi göz öňünde tutýardy.

“Birleşen bileleşik” 1905-1911-nji ýyllarda onlarça gozgalaňlary gurady. Emma olaryň ählisi ýeňilmek bilen tamamlandy. 1911-nji ýylda Hytaýyň Uçan şäherinde başlanan ýaragly gozgalaň tizlikde ýurduň tutuş günortasyny öz içine aldy.

Rewolýusiyanyň başlanandygyny ABŞ-da eşiden hytaý rewolýusiýasynyň serdary Sun Ýatsen 1911-nji ýylyň 25-nji dekabrynda watanyna dolanyp gelipdir. 29-njy dekabrda Nankinde bolan rewolýusion maslahat Hytaý Respublikasynyň döredilýändigini jar etdi. Sun Ýatsen onuň wagtlaýyn prezidentligine saýlanyldy.

Mançžur dolandyryjylary gozgalaňdan gorkup, goşun generaly, mekir syýasatçy Ýuan Şikaýy häkimiýete çagyrdylar. Ol tiz wagtda demirgazyk Hytaýyň hökümdaryna öwrüldi. Netijede Hytaý ikä bölündi : demirgazygynda Ýuan Şikaý, günortasynda Sut Ýatsen ýurdy dolandyryjylardy. Ýuan Şikaýy Ýewropa döwletleri goldaýardy. Ýurdy birleşdirmek üçin Hytaýyň iki böleginiň arasynda urşuň başlanmagy mümkindi. Ýuan Şikaý hem pursatdan peýdalanyp, özüni häkimiýete getiren Sin neberelerine dönüklik edip, eger-de respublikanyň prezidentligine saýlanylsa, monarhiýany agdarmaga Günorta Hytaýyň wekillerine söz berdi. Sun Ýatsen parahatçylygyň hatyrasyna meýletinlik bilen wezipesinden çetleşdi.

1912-nji ýylyň 12-nji fewralynda Ýuan Şikaý 6 ýaşly imperator Pu Iniň adyndan Sin nebereleriniň häkimiýetden çetleşýändigini jar etdi. Ýurt birleşdirildi. Ýuan Şikaý respublikany ykrar etse-de, dowam edýän gurluşy öňküligine galdyrdy. Respublikan gurluş kagyz ýüzünde galdy. Rewolýusiýa ýeňildi.

Ýuan Şikaý tizlikde parlamenti dargadyp, çäklendirilmedik hökümdara öwrüldi. Konstitusiýadan demokratik azatlyklar baradaky maddalar aýryldy.

Halk hereketinden gorkan Muzaffareddin şa Tähranyň we Kermanyň häkimlerini wezipesinden aýyrdy. Halkyň talaplaryny diňlär ýaly “Adalat öýlerini, açmaga söz berdi. Şanyň wada beren zatlaryny yza çekdirmegi närazylygyň gaýtadan güýçlenmegine getirdi. Gozfalaň tutuş Eýrany gurşap aldy. Şanyň Muşir ed-Döwläni hökümetiňökümeti döredilýär. Bu ýeri indiki ynkylabyň taýýarlanýan ýerine öwrülýär. 1925-1927-nji ýyllaryň rewolýusiýasy başlanan wagty ol aradan çykýar.

Sun Ýatsen entek 1905-nji ýylda Hytaýdaky rewolýusion guramalaryň birnäçesini birleşdirip, “Birleşen bileleşik” atly syýasy guramany esaslandyrdy. Onuň maksatnamasy hökmünde Sun Ýatseniň “halkylygyň üç ýörelgesi” öňe sürüldi. Millilik mançžur neberesiniň hem-de daşary ýurt agalygynyň soňuna çykmagy, sap milli dolandyryşy ornaşdyrmagy göz öňünde tutýardy. Halk häkimiýeti monarhiýa gurluşynyň agdarylmagy we respublikanyň jar edilmegi bilen berkarar edilmelidi. Halk abadançylygy ýörelgesi ýere bolan eýeçilik hukugyny deňleşdirmegi, ýerleri kem-kemden millileşdirmegi göz öňünde tutýardy.

“Birleşen bileleşik” 1905-1911-nji ýyllarda onlarça gozgalaňlary gurady. Emma olaryň ählisi ýeňilmek bilen tamamlandy. 1911-nji ýylda Hytaýyň Uçan şäherinde başlanan ýaragly gozgalaň tizlikde ýurduň tutuş günortasyny öz içine aldy.

Rewolýusiyanyň başlanandygyny ABŞ-da eşiden hytaý rewolýusiýasynyň serdary Sun Ýatsen 1911-nji ýylyň 25-nji dekabrynda watanyna dolanyp gelipdir. 29-njy dekabrda Nankinde bolan rewolýusion maslahat Hytaý Respublikasynyň döredilýändigini jar etdi. Sun Ýatsen onuň wagtlaýyn prezidentligine saýlanyldy.

Mançžur dolandyryjylary gozgalaňdan gorkup, goşun generaly, mekir syýasatçy Ýuan Şikaýy häkimiýete çagyrdylar. Ol tiz wagtda demirgazyk Hytaýyň hökümdaryna öwrüldi. Netijede Hytaý ikä bölündi : demirgazygynda Ýuan Şikaý, günortasynda Sut Ýatsen ýurdy dolandyryjylardy. Ýuan Şikaýy Ýewropa döwletleri goldaýardy. Ýurdy birleşdirmek üçin Hytaýyň iki böleginiň arasynda urşuň başlanmagy mümkindi. Ýuan Şikaý hem pursatdan peýdalanyp, özüni häkimiýete getiren Sin neberelerine dönüklik edip, eger-de respublikanyň prezidentligine saýlanylsa, monarhiýany agdarmaga Günorta Hytaýyň wekillerine söz berdi. Sun Ýatsen parahatçylygyň hatyrasyna meýletinlik bilen wezipesinden çetleşdi.

1912-nji ýylyň 12-nji fewralynda Ýuan Şikaý 6 ýaşly imperator Pu Iniň adyndan Sin nebereleriniň häkimiýetden çetleşýändigini jar etdi. Ýurt birleşdirildi. Ýuan Şikaý respublikany ykrar etse-de, dowam edýän gurluşy öňküligine galdyrdy. Respublikan gurluş kagyz ýüzünde galdy. Rewolýusiýa ýeňildi.

Ýuan Şikaý tizlikde parlamenti dargadyp, çäklendirilmedik hökümdara öwrüldi. Konstitusiýadan demokratik azatlyklar baradaky maddalar aýryldy.

4-nji maý hereketi

düzet

Hytaýda köpçülikleýin halk hereketleriniň başlanmagyna Pariž parahatçylyk maslahatynyň Şandun welaýatyndaky öň Almaniýanyň eýelik eden territoriýalarynyň geljekki ykbaly baradaky adalatsyz karary sebäp boldy. Şandunyň esasy bölegini Almaniýa 1898-nji ýylda Hytaýdan zor bilen, 99 ýyllyk möhlet bilen “kärendesine” alypdy. Birinji jahan urşunyň başynda bolsa Ýaponiýa Almaniýa garşy urşan bolup, Şanduny basyp alypdy. Hytaý hem 1917-nji ýylda urşa gatnaşmasa-da, Germaniýa garşy uruş yglan edipdi.

Pariž parahatçylyk maslahatynda Hytaýyň wekilleri Şanduny hak eýesine-Hytaýa bermegi talap etdiler. Emma Şandundaky Almaniýanyň eýeçilikleri maslahatyň karary bilen Ýaponiýa berildi. Hytaý wekilleri gahar edip, Wersal şertnamasyna gol çekmändiler.

Parižde uruşda ýeňijileriň Şandun meselesini Ýaponiýanyň peýdasyna çözmegine närazylyk bildirip, 1919-njy ýylyň 4-nji maýynda talyp ýaşlar, işçiler Pekiniň köçelerine çykdylar. 4-nji maý hereketi diňe şol gün gutarmady. Ol Hytaýyň 60 şäherinde işçileriň syýasy iş taşlaýyşlarynyň başlanmagyna itergi berdi. Şu hereketiň täsiri bilen kommunistik partiýa döredi. Bu hereketler öz netijesini berdi. Waşington maslahatynda Ýaponiýa Şanduny Hytaýa bermäge mejbur boldy. Şeýlelikde, 1917-1921-nji ýyllardaky ynkylap ugrundaky göreşiň netijesinde dünýäde birnäçe patyşalyk düzgünleri agdaryldy, täze özbaşdak döwletler döredi. Bu döwürde hatdjemgyýeti düýpli özgertmekligi talap edýän, köpçülikleýin halk tolgunyşyklary bolup geçdi. Ýigriminji ýyllaryň başyndan başlap, dünýäde ynkylap ugrundaky tolgunlyşyklar pese düşüp başlady.a birinji jahan urşunda ýeňiji bolan, üstesine-de bireýýämden bäri bazar ykdysadyýetli döwletler bolan, parlament demokratiýasynyň nusgawy ýurtlaryna öwrülen Beýik Britaniýa, Fransiýa, ABŞ ýaly döwletlerde hem syýasy, durmuş dartgynlylyk ýagdaýy döräp, jemgyýeti düýpli özgertmekligi talap edýän, köpçülikleýin halk tolgunyşyklary bolup geçdi. Ýigriminji ýyllaryň başyndan başlap, dünýäde ynkylap ugrundaky tolgunlyşyklar pese düşüp başlady.

XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda

düzet

XX asyryň 20-nji ýyllarynda Hytaý öňküsi ýaly ýarym bakna ýurtdy. Ýurtda syýasy dartgynlylyk dowam edýärdi. Ýurt dagynykdy. Her bir welaýatyň ýolbaşçysy ähli Hytaýyň hökümdary bolmak üçin göreşýärdi. Hökümdarlaryň özara dawalary, ýaraglanyşygy haýdatmaklary halkyň durmuş ýagdaýyny barha agyrlaşdyrýardy. Olaryň özara dawalary daşary ýurt talaňçylaryna Hytaýy talamaga mümkinçilik döredýärdi.

Beýik Britaniýa, Fransiýa, ABŞ we Ýaponiýa ýaly döwletleriň hersi bir hökümdary goldap, Hytaýy şol “öz adamsynyň ýolbaşçylygynda” bir bütewi döwlete birleşdirmegi gazanjak bolýardylar. Olar “öz adamlaryny” ýaraglandyrýardylar. Soňrak bu dawa SSSR hem goşuldy. Özara uruşlar adaty ýagdaýa öwrülipdi. Durmuş kynçylyklaryndan we daşary ýurt hojaýynlarynyň sütemlerinden ejir çekýän halk ýene-de ynkylap ugrundaky göreşe baş göterip başlady.

Hytaý halkynyň rewolýusion milli azat edijilik göreşine Sun Ýatseniň ýolbaşçylygyndaky Gomiňdaň (Milli partiýa) we Çen Dusýunyň ýolbaşçylygyndaky Kommunistik partiýa ýolbaşçylyk etdiler. Bu iki partiýanyň ikisiniň-de esasy maksadynyň biri daşary ýurt agalygyny ýok etmekdi. Şu meselede partiýalaryň garaýyşlarynyň meňzeşligi olaryň ýakynlaşmagyna getirdi. 1923-nji ýylda Kommunistik partiýa daşary ýurt agalygyny we ýurt yzagalaklygyny ýok etmek üçin bileleşip göreşmegi Gomiňdana teklip etdi. Gomindan birleşmäge garşy bolmady. Çünki, Sun Ýatsen diňe SSSR-den kömek almak üçin hem kommunistler bilen birleşmäge taýýardy. Iki tarapyň-da birleşmäge bolan islegi we Moskwanyň täsiri bilen 1924-nji ýylda hytaý kommunistleri Gomindan bilen bir bütewi bileleşige birleşdiler. Bir bütewi göreş ugrunyň emele gelmegi milli azatlyk we demokratik ynkylabyň taýýarlanmagynda möhüm şertleriniň biri boldy.

Hytaýda ynkylap ugrundaky hereketler köplenç ýurduň günortasyndan başlanýardy. (Sinhaý ynkylabyny ýatlaň! §6 seret). Ýigriminji ýyllarda hem ýurduň günortasy has ynkylaplaşan sebit bolmagyny saklaýardy. Üstesine-de, Günortadaky welaýatlaryň birinde-Guançžouda (Kantonda) Sun Ýatsen häkimiýete gelipdi. Onuň hökümeti tizlikde ynkylap ugrundaky hereketiň merkezine öwrülip, goňşy welaýatlara rewolýusion täsirini ýetirýär. Sun Ýatseniň hökümetini Hytaýyň beýleki hökümdarlary-da, daşary döwletler-de ykrar etmediler. Emma Sinhaý ynkylaby döwründe reworlýusiýnayň serdary hökmünde özüni tanadan, demokratik meýilli Sun Ýatseniň halk arasyndaky abraýy barha artýardy. SSSR-iň ýolbaşçylary-da Sun Ýatseni goldap, onuň ýolbaşçylygynda Hytaýyň birleşdirilmegini isleýärdiler.

Sun Ýatsen berk düzgün-tertipli goşun bolmasa ynkylabyň ýeňip üstün çykmajakdygyna göz ýetiripdi. Ol aýratyn-da dünýä döwletleriniň on dördüsiniň çozuşyny yza serpikdirmegi başaran Russiýanyň Gyzyl Goşunyna göwni ýetip, gözi gidip, şonuň ýaly ynkylapçy goşun döretmegiň arzuwyndady. Şonuň üçin Sun Ýatsen harby kömek sorap, general Çan Kaýşiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçiligi Moskwa ýollaýar. Gepleşikleriň netijesinde SSSR birnäçe harby maslahatçylary (W.K.Blýuher, M.M.Borodin, P.A.Pawlow) Hytaýa ugradýar. Olaryň kömegi bilen Huanpu derýasynyň kenarynda harby ýolbaşçylary taýýarlaýan harby mekdep açylýar. Harby mekdebiň ýolbaşçylygyna Sun Ýatseniň ynamyna girmegi başaran Çan Kaýşi bellenýär. Harby mekdebiň açylmagy ynkylaba taýýarlykda ýene bir öňegidişlik boldy.

Syn Ýatseniň Guaňjoudaky hökümetiniň abraýynyň artmagy Demirgazyk Hytaýdaky hökümdarlaryň käbiriniň watançylyk meýillerini oýardy. Olaryň biri general Fen Ýuýsýan duýdansyz Pekini basyp aldy we ol Sun Ýatseni goldap başlady. Ol öz goşunyny “Milli goşun” diýip jar etdi. Pekinde ählihytaý maslahatyny geçirmek maksady bilen Hytaýyň, ýerli ýolbaşçylaryny çagyrdy. Bu ýygnanyşyga Sun Ýatsen hem çagyrylypdy. Ýygnakda Hytaýy birleşdirmegi we merkezi häkimiýet organlaryny döretmegi ara alyp maslahatlaşmalydy. Sun Ýatseniň islegi-de şoldy. Ýöne, ýygnaga gatnaşmak üçin Pekine gelende ol agyr kesellidi. 1925-nji ýylyň 12-nji martynda Sun Ýatsen ýogaldy.

Ynkylabyň serdarynyň biwagt ýogalmagy ynkylabyň başlanmagynyň öňüni almady. 1925-nji ýylyň güýzünde iňlisler tarapyndan Hytaý talyplarynyň oka tutulmagy, “30-njy maý hereketiniň” başlanmagyna getirdi. 1925-nji ýylyň 30-njy maýynda Şanhaýda jemgyýetiň tas ähli gatlaklarynyň gatnaşmagynda syýasy çykyşlar ýaýbaňlandy. Milli azat edijilik ynkylaby başlandy. Onuň baş maksady ýurduň doly garaşsyzlygyny gazanmak we bir bitewi Hytaý döwletini döredip, feodal agalygyny ýok etmekdi. Ynkylap demokratik, milli azat edijilik häsiýetlidi.

1925-nji ýylyň 1-nji iýulynda Guaňjou hökümeti özüni Hytaýyň Milli hökümeti diýip jar etdi. Ol Hytaýy ýaragly ýol bilen birleşdirmäge başlady. Sun Ýatsen aradan çykan soň, Milli hökümete Çan Kaýşi ýolbaşçylyk edýärdi. Çan Kaýşi 1926-njy ýylyň iýulyna çenli Günorta Hytaýyň dört welaýatyny birleşdirmegi başardy.

1926-nji ýylyň iýulynda ýurduň demirgazygyna ýöriş başlanýar. Demirgazyk ýörişini rus harby maslahatçylary taýýarlapdylar. Bu ýöriş Hytaýy milli taýdan birleşdirmegi tamamlamalydy. 1926-njy ýylyň sentýabrynda ynkylapçy goşun Ýandzi derýasyna baryp ýetýär. Uhan, Nankin, Şanhaý ýaly iri şäherleriň halky ynkylapçy goşuny goldap, gozgalaň turuzdy. Gozgalaňçylaryň kömegi bilen ol şäherler ýeňillik bilen ynkylapçy goşun tarapyndan eýelenipdi.

Ynkylap Hytaýdan entekler tamakin ABŞ we Beýik Britaniýany gorkuzdy. Olar 1927-nji ýylyň ýazynda 170-e golaý harby gämilerini Hytaýyň suwlaryna getirdiler. Nankini oka tutdylar, üstesine-de oka tutulandaky çykdajylaryň öwezini dolmagyny talap etdiler. Nankiniň oka tutulmagy we kemsidiji talapnama Çan Kaýşi bilen kommunistleriň arasynda dawanyň başlanmagyna getirdi. Kommunistler daşary ýurt harby gämilerini ýok etmegi teklip etdiler. Çan Kaýşi ABŞ we Beýik Britaniýa bilen gizlin gepleşikler geçirýärdi.

Çan Kaýşi 1927-nji ýylyň aprelinde kommunistler bilen hyzmatdaşlygy bes edip, olaryň birnäçesini jezalandyrdy. Kommunistler onuň bu hereketini dönüklik hasap edip, Çan Kaýşä garşy göreşip başladylar. Şeýlelikde, ynkylapçylaryň arasynda bölünişik bolup geçdi.

Çan Kaýşi 1927-nji ýylyň aprelinde döwletiň paýtagtyny Nankin şäherine geçirdi. Ol 1928-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaýy birleşdirmegi başardy. Hytaýy Çan Kaýşiniň ýolbaşçylygyndaky Gomindan partiýasy tä 1949-njy ýyla çenli dolandyrdy.

1927-nji ýylyň 1-nji awgustynda kommunistleriň ýolbaşçylygynda, Nançan şäherinde, 30 müň esgeriň gatnaşmagynda Gomindanyň agalygyna garşy gozgalaň başlandy. (1-nji awgust – häzir Hytaýda Gyzyl Goşunynyň dörän güni hökmünde bellenilýär). Bu gozgalaň 1927-1936-njy ýyllaryň raýatara urşunyň hem başlangyjy boldy. Kommunistler oba ilatynyň durmuş ýagdaýynyň erbetligini göz öňünde tutup, daýhanlary öz tarapyna çekmek ýörelgesini alyp bardylar. Olar Gomindandan azat edilen obalarda Sowetleri döretdiler. Sowetler halk häkimiýeti diýlip jar edildi. Hytaý Kommunistik partiýasy (HKP) şäherleriň daşyny sowet obalary bilen gabap, amatly pursat dörände şäherleri Gomiňdaňyň agalygyndan halas etmegi maksat edindiler.

Çan Kaýşi rus harby maslahatçylaryny ýurtdan çykmaga mejbur etdi. 1929-njy ýylda Hytaýyň Russiýa bilen diplomatik gatnaşyklary kesildi. Çan Kaýşi ABŞ-a we Beýik Britaniýa arka direýärdi. Ol şolaryň kömegi bilen SSSR-den kömek alýan Hytaý kommunistleriniň Gyzyl Goşunyny, Sowet obalaryny derbi-dagyn etmek isleýärdi. Sowet obalaryna garşy otuzynjy ýyllaryň birinji ýarymynda bäş gezek uly ýöriş gurady. Birinji ýörişde 100 müň, ikinji ýörişde 200 müň, üçünji-de-300 müň, dördünjide-500 müň esger Sowet obalaryna garşy sürüldi. Bu ýörişleriň dördüsinde-de Gomindan asgyn geldi.

Raýatara urşunyň ýaýbaňlanýan döwri Ýaponiýa duýdansyz Hytaýyň Mançžuriýa welaýatyna goşun girizdi. Hiç hili söweşsiz diýen ýaly 1931-nji ýylyň sentýabrynda Mançžuriýa Ýaponiýa tarapyndan eýelendi. Ýurduň esasy hojaýyny Çan Kaýşi ýaponlara garşy göreş alyp barmakdan ýurduň içindäki duşmanlaryna-kommunistlere garşy uruşmagy derwaýys hasaplap, Mançžuriýany gorajak hem bolmady.

1931-nji ýylyň noýabrynda Hytaýdaky Sowet obalarynyň wekilleriniň I gurultaýy bolup geçdi. Onda Sowet obalaryndan ybarat Hytaý Sowet respublikasynyň (HSR) döredilýändigi jar edildi. Mao Dzeduň (1893-1975 ýý.) HSR-niň başlygy wezipesine saýlandy. Ýurt ýene-de iki bölege bölündi.

Çan Kaýşi Sowet obalaryny ýok etmek üçin bäşinji ýörişe has düýpli taýýarlyk gördi. Oňa ABŞ pul kömegini we harby uçarlary edinmekde ýardam berdi. Ýöriş german harby maslahatçylarynyň ýolbaşçylygynda taýýarlandy. Ýörişe 1 mln. adamly goşun gatnaşdy. Gyzyl Goşun ýaňy üç ýüz müň adama ýetipdi. Gomindanyň bäşinji ýörişinde Gyzyl Goşun ýeňildi. Sowet obalary ýok edildi. Gyzyl goşunyň az sanlysy 1934-nji ýylyň güýzünde ýurduň demirgazyk-günbataryna tarap gaçmaga mejbur boldy. Olar birnäçe welaýatlaryň üstünden geçip, 12 müň kilometrlik ýol söküp, 1936-njy ýylyň güýzünde Şensi, Gansu we Ninsýa welaýatlarynyň çatrygynda ornaşdylar. Olar Ýanýan şäherini merkez edindiler. Bäşinji ýöriş netijesinde Hytaýdaky sowetler hereketi basylyp ýatyryldy.

Manjuriýany uruşsyz eýelän Ýaponiýanyň işdäsi açylyp, ol Hytaýyň beýleki sebitlerine ýörişe taýýarlyk görýärdi. Çan Kaýşi 30-njy ýyllaryň ortalaryndan başlap, SSSR-den Ýaponiýa garşy uruşda kömek almak üçin onuň bilen gepleşikler geçirdi. SSSR hem Ýaponiýanyň güýçlenmeginden, öz serhetlerine ýakyn bolan Demirgazyk Hytaýda berkleşmeginden howatyrlanýardy. Şeýle şertlerde SSSR Hytaýa ýapon basybalyjylaryna garşy uruşda kömek bermäge razylaşdy. Ýöne SSSR raýatara urşunyň we kommunistleriň jezalandyrylmagynyň bes edilmegini Çan Kaýşiden talap etdi.

Çan Kaýşiniň öz goşun generallarynyň arasynda-da raýatara urşunyň ýatyrylmagynyň we ýaponlara garşy bileleşip göreşmegiň tarapdarlary köpelipdi. Öz goşun generallarynyň we SSSR-iň talaby boýunça Çan Kaýşi kommunistlere garşy urşy bes etdi. Kommunistler we Gomiňdaň ýene-de birleşip, Ýaponiýa garşy bir göreş ugruna birleşmek barada 1937-nji ýylyň ýazynda ylalaşdylar. 1927-1937-nji ýyllaryň raýatara urşy netijesiz tamamlandy.

1937-nji ýylyň tomsunda Ýaponiýa Hytaýy doly basyp almak üçin urşa başlady. 1937-1945-nji ýyllarda Hytaý halky ýapon basybalyjylaryna garşy göreşdi.

XX asyryň 50-60-njy ýyllarynda

düzet

Ikinji jahan urşy tamamlanandan soňra Hytaýda syýasy ýagdaý dartgynly bolmagynda galýardy. Çan Kaýşiniň ýolbaşçylygyndaky Gomindan partiýasy bilen Mao Dzedunyň baştutanlygyndaky Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň (HKP) arasynda göreş dowam edýärdi (seret §22!). 1937-1945-nji ýyllardaky ýapon basybalyjylaryna garşy hytaý halkynyň watançylyk urşy döwründe Gomindan we HKP-nyň arasynda wagtlaýynça oňşuklylyk dowam edipdi. Umumy duşmana - ýaponlara garşy olar bilelikde göreşdiler. Emma uruş gutarandan soňra agzalan partiýalaryň ikisi-de öz gurultaýlaryny geçirip, biri-biriniňkä düýbünden çapraz gelýän maksatnamalary kabul edipdiler. Olaryň diňe biri durmuşa ornaşdyrylyp bilinjekdi, diýmek bu iki partiýanyň arasynda uruş gutulgusyzdy.

Gomiňdaň partiýasy Hytaýy 1927-nji ýyldan bäri dolandyrýardy. Emma partiýanyň ýolbaşçysy Çan Kaýşiniň Hytaýyň ähli ýerine hökümi ýöremeýärdi. Ýurt iki bölege bölünip, onuň uly bölegi Çan Kaýşiniň garamagyndady. Hytaýyň 300 mln. ilatly bölegini Gomindan, 100 mln. ilatly Demirgazyk-Gündogar bölegine (Manjuriýa) bolsa Kompartiýa hojaýynçylyk edýärdi. Iki tarap hem sözde ýurdy parahatçylykly birleşdirmek barada çykyş etseler-de, iş ýüzünde olar täze urşa taýýarlanýardylar.

HKP-niň 1 mln. 280 müň çemesi esgerli goşuny bardy. Gomindanyň bolsa 4 mln. 300 müň adamly goşuny bardy. Ýaraglanyşyk babatda taraplar deňeçerdi. Emma urşuň ykbaly diňe goşunyň sanyna bagly däldi.

Halkyň bu dawa gatnaşygy barada aýdylanda uruş döwri Gomiňdaň partiýasy barja abraýyny hem döküpdi. HKP-nyň agzalary bolsa Ýaponiýa garşy uruş döwri watanyny goramakda watandaşlaryna nusga bolupdy. Uruş HKP-nyň abraýyny halkyň arasynda artdyrypdy. Şonuň üçin bu dawada halk köpçüligi HKP-ni goldaýardy. Üstesine-de ol SSSR-iň kömegi bilen söweşe ukyply goşun döredipdi. Ýaponlar ýeňlenden soňra Kwantun goşunynyň ýaraglary hem HKP-nyň ygtyýaryna berlipdi.

Ikinji jahan urşy gutaran badyna agzalan taraplar dessine biri-birine garşy urşa başlamaga milt edip bilmediler. Diňe 1946-njy ýylyň ortalarynda Gomiňdaň urşa taýýarlygy boldum edip, kommunistleriň eýeleýän ýerleriniň üstüne hüjümee geçdi. Raýatara urşy başlandy. 1946-1949-njy ýyllaryň raýatara urşunda HKP ýeňiş gazandy. Gomiňdaň ýeňlip, onuň tarapdarlarynyň galyndylary Taýwan adasyna gaçyp, janyny gutardylar. Kommunistleriň goşuny Taýwan adasyny zabt etmäge synanyşmady. Çan Kaýşi bu ýerde “Hytaý Respublikasy” atly döwlete ömrüniň ahyryna çenli ýolbaşçylyk etdi. Hytaý emeli ýol bilen ikä bölündi (seret §59!).

1949-njy ýylyň 1-nji oktýabry Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) dörän güni hökmünde jar edildi. Döwlet baştutany wezipesine Mao Szedun saýlanyldy. Hytaýda 22 ýyllap dowam eden syýasy gapma-garşy durmak öz çözgüdini tapdy.

1949-njy ýyldan başlap Hytaýda sosializm gurluşygy başlandy. Ilkinji nobatda XX asyryň birinji ýarymyndaky uruşlarda weýran edilen hojalyk dikeldildi. Dikeldiş üçin üç ýyllyk maksatnama kabul edildi (1950-1952ýý.). Üçýyllyk döwründe täze syýasy we ykdysady ýörelgeleri işläp düzmek, ýerleri daýhanlara paýlap bermek, täze hökümetiň etsem-goýsamlaryny halka düşündirmek ýaly meseleler çözüldi. Gomiňdanyň tarapdarlarynyň taşlap giden senagat kärhanalary döwlet eýeçiligine geçirilip, ykdysadyýetde döwlet pudagy döredildi. Bu ýyllarda jemgyýet Gomindanyň tarapdarlarynyň galyndylaryndan arassalanyldy. Geçirilen çäreleriň netijesinde 1952-nji ýylyň ahyryna çenli ykdysadyýet dikeldildi. Syýasy durnuklylyk gazanyldy.

1952-nji ýylyň ahyrynda 1953-1957-nji ýyllara niýetlenen birinji bäşýyllyk maksatnama kabul edildi. Bäşýyllygyň ýyllary içinde Hytaýda 595 sany iri senagat kärhanalary guruldy. Öň hiç wagt öndürilmedik uçarlar, awtoulaglar, reňkli metallar ýaly täze senagat önümçilikleri ýola goýuldy.

Hytaý sosializmi turuwbaşdan özboluşlulygy bilen dünýäniň beýleki sosialistik ýurtlardaky we SSSR-däki gurluşdan tapawutlanýardy. Muňa mysal edip SSSR-de iri senagat kärhalary gyssanmaçlyk bilen döwletiň haýryna geçirilip, raýatara urşunyň başlanmagyna kanunalaýyk hadysa hökmünde garalan bolsa, bu tejribe Hytaýda ulanylmady. Hytaýda senagat kärhanalary eýeleriniň elinden zorluk bilen alynmady. Diňe hususy önümçiligiň üstünden döwlet gözegçiligi dikeldildi. Hususy senagat kärhanalaryna döwlet tabşyrygy berlip, olaryň önümlerini döwlet satyn aldy. Elbetde, harytlaryň bahasyny döwlet kesgitledi. Hususy söwda bilen meşgullanýanlaryň dükanlarynyň üstünden döwlet gözegçiligi dikeldildi. Döwlet hususy söwdägärleri hakyna tutup işletdi.

Oba hojalygynda hem hytaý sosializmi özboluşludy. SSSR-däki ýaly ur-tut kolhoz gurluşyna geçilmän, Hytaýda köpçülikleýin daýhan zähmetini guramagyň ýönekeý görnüşlerinden başlanyldy. Döwlet wagtlaýyn, möwsümleýin daýhan birleşiklerini döretmäge ýardam berdi. Daýhanlar birleşmä goşan ýeriniň möçberine, orta goýan zähmet guralyna we öz çeken zähmetine görä hak alýardylar.

Hytaýyň geçiş döwrüniň esasyny 1958-1961-nji ýyllara niýetlenen ikinji bäşýyllyk maksatnamasy düzmelidi. Emma bäşýyllyk maksatnama ýerine ýetirilip başlanyp başlanmanka onda bellenilen sepgitler Mao Szedunyň gözüne gaty az göründi. Mao Szedun gysga wagtda ýurdy tiz ösdürmek isledi. Ikinji bäşýyllygyň görkezijilerine täzeden seredip, ýurduň öňünde mümkin bolmadyk, öňkä seredende birnäçe esse artdyrylan maksatnamany goýdy. Ýekeje mysal, öňki bäşýyllyk maksatnamada bäşýyllygyň ahyryna çenli 10 mln. tonna polat öndürmek bellenilen bolsa, täzesinde ol 10 esse köp öndürilmelidi. Ykdysady ösüşiň ähli ugurlary babatda hem şeýle edildi. Mao Dzedunyň gysga wagtda tiz ösüş ýörelgesi “Uly böküş” diýlip atlandyryldy. Bu syýasat 1958-1961-njy ýyllary öz içine aldy.

“Uly böküş” syýasaty ýyllarynda millionlarça adamlaryň zähmet joşguny, watançylyk hyjuwy biderek harçlandy. Ýene-de polatdan mysal alaýalyň! Ähli ýurt möçberinde “polat ugrunda söweş” şygary esasynda janaýamazakly zähmet çekildi. Poladyň öndürilişini artdyrmak üçin ähli maşgalalar diýen ýaly öz hojalyklarynda ýönekeý peçlerde polat önümçiligini guradylar. Emma şeýle usulda öndürilen polat senagatyň bähbitlerine ýaramsyz bolup çykdy.

“Uly böküş” döwrüniň oba hojalygy barada aýdylanda halk kommunalarynyň döredilendigini aýtmalydyrys. Olar ýaňy ösüp, özüni dürsäp gelýän daýhan birleşmeleriniň ornuna döredildi. Kommunalar harby bölümlere çalym edýärdi. Daýhanlaryň ähli emlägi, zähmet gurallary, hat-da mellek ýerleri kommunalarda umumylaşdyrylýardy. Kommunalarda daýhanlar birmeňzeş zähmet çekýärdi, birmeňzeş hem iýmitlenýärdi. Kommunalarda zähmet haky umumylaşdyrylandy. Ähli zadyň umumylaşdyrylmagy daýhanlaryň ödürijilikli zähmete höwesini gaçyrýardy. Kommunalaryň döredilmegi oba hojalyk önümçiliginiň hem pese gaçmagyna getirdi. “Uly böküş” öňe däl-de, yza boldy.

Hytaýyň kommunistik hökümetiniň alyp barýan içerki syýasatyna garşy halkyň närazylygy başlandy. Mundan peýdalanyp intelligensiýa we döwlet emeldarlarynyň bir bölegi halky döwlete garşy öjükdirýärdi. Döredijilik işgärleri Mao Szedunyň prototipini çeper obrazlaryň üsti bilen tankytlaýardylar. Özüne garşy hereketiň başlanandygyna düşünen Mao 1966-1976-njy ýyllarda intelligensiýa we döwlet, partiýa emeldarlarynyň bir bölegine garşy ýurt möçberinde göreşe başlady. Bu göreş taryha “medeni ynkylap” ady bilen girdi.

“Medeni ynkylap” döwründe ýaşlardan döredilen harby guramalar (hunweýbinler, szaofanlar) Maonyň öz garşydaşlaryndan öç almagy üçin esasy daýanja öwrülipdi. Hytaýlylar “medeni ynkylap” döwründäki öte geçmeleri Maonyň garran çagy goýberen ýalňyşlyklary we onuň egindeşleriniň günäsi hökmünde düşündirýärler. “Medeni ynkylap” syýasaty 1976-njy ýylda Mao Szedunyň aradan çykmagy bilen tamamlandy. Hytaýda “Medeni ynkylap“ döwründe goýberilen öte geçmeleri soňky döwürde häkimiýete gelen sagdyn güýçler (Den Sýaopin) kem-käsleýin ýazgardy.

50-nji ýyllarda Hytaýyň daşary syýasatynyň esasy ugruny onuň SSSR bilen gatnaşygy düzýärdi. SSSR Hytaýdaky birinji bäşýyllyk döwründe oňa täze senagat kärhanalaryny gurmakda saldamly kömek beripdi. Halkara meselelerinde SSSR we Hytaý bilelikde çykyş edýärdi. 1950-1953-nji ýyllardaky Koreý urşy döwründe Hytaý SSSR-i goldap, Demirgazyk Koreýa ýardam beripdi. Staliniň ýogalmagy we onuň şahsyýet kultunyň ýazgarylmagy bilen baglanyşykly sowet-hytaý gatnaşyklaryna sowuklyk aralaşdy. Bu sowuklyk 50-nji ýyllaryň ahyryndan başlap duşmançylyk häsiýetine geçdi. 60-njy ýyllar SSSR bilen Hytaýyň gatnaşyklarynyň iň bir ýaramazlaşan döwrüdir. 60-njy ýyllaryň ahyrynda Hytaý bilen SSSR-iň arasynda serhetýaka çaknyşyklary bolup geçdi (seret §59!).

60-njy ýyllarda Hytaý goňşy ýurtlar bolan Mongoliýa, Koreýa, Hindi-Hytaý ýurtlarynyň, SSSR-iň territoriýalarynyň käbir ýerlerine dawa etdi. Bu ýagdaý sebitde howsalaly ýagdaýyň döremegine getirdi.

ABŞ kommunistik düzgünli Hytaý hökümetine garşy 50-60-njy ýyllaryň dowamynda duşmançylykly syýasat alyp bardy. Ol HHR ýaly dünýäniň iri döwlletini ykrar etmändi. 60-njy ýyllarda ABŞ Hytaýyň baş duşmanlarynyň biri hasaplaylýardy. Ýapon-hytaý gatnaşyklary barada aýdylanda Ýaponiýanyň ABŞ-nyň täsirinde bolanlygy sebäpli hat-da ýapon-hytaý diplomatik gatnaşyklary-da dikeldilmändi.

1980-90-nji ýyllarda

düzet

Hytaý Kommunistik partiýasy soňky 20 ýylyň içinde ýurdy özgerdişler ýoly bilen dkidip, Hytaýy ykdysady ösüşiniň depgini boýunça dünýäniň ilkinji ýediligine goşdy. Senagat we oba hojalygy ösdi. 1978-1998-nji ýyllar aralygynda jemi içerki önüm 362,4 mlrd ýuandan 7955,3 mlrd ýuana çenli, ýagny tas 22 esse artdy. Ykdysady ösüşiniň umumy möçberi boýunça Hytaý dünýäde 7-nji, ösýän ýurtlaryň arasynda 1-nji orny eýeleýär.

Hytaýyň eksportynyň we importunyň möçberi 1950-nji ýylda 1,13 mlrd dollar bolanlygyndan 1998-nji ýylda 323,9 mlrd dollara çenli, ýagny 286 esse artdy. Häzirki wagtda Hytaý dünýäniň ähli döwletleri bilen diýen ýaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryny alyp barýar. Daşary söwdasynyň möçberi boýunça Hytaý dünýäde 9-njy ýerde durýar.

Hytaý Halk Respublikasy (HHR) döredilen mahaly oba hojalygynyň we senagatynyň gatnaşygy 58,5% we 30% bolan bolsa, 1998-nji ýylda ol senagatyň peýdasyna üýtgedi (18%:49,2%). Munuň özi Hytaýyň senagatlaşan ýurda öwrüldi diýildigidir. Hytaý galla, pagta, et, ösümlik ýagy, kömür, polat, sement, süýümleri, telegörkezijileri öndürmekde dünýäde birinji ýere geçdi. Reňkli metallary eretmekde, himiýa süýümlerini, gämileri, mineral dökünleri, şekeri, elektrik energiýasyny öndürmekde hem Hytaý öňdebaryjy döwletleriň hataryna girýär.

1999-njy ýylyň ahyrynda Hytaýyň ilaty 1 mlrd 260 mln. adama ýetdi. Bu Hytaý ilatynyň sany boýunça dünýäde 1-nji ýerde durýar, Ýer şarynyň ilatynyň 22%-ti şu ýerde ýaşaýar diýildigidir. Ýurduň ähli ilatynyň üçden biri şäherlerde, üçden ikisi obalarda ýaşaýar.

1978-nji ýylyň dekabrynda özgerdişler we aç-açanlyk syýasaty yglan edilensoň oba ýerlerindäki kärhanalaryň sany artyp, 1,5 mln. adama iş ýeri döredildi. Häzirki wagtda 200 mln. gowrak hytaý daýhany garyplykdan halas boldy. Daýhanlaryň aglabasy üçin indi azyk, egin-eşik we beýleki durmuş meseleleri kynçylyk döredenok. Oba ilatynyň girdejileri 50 ýyla golaý wagtyň içinde 48 esse artdy.

Hytaýyň 1979-njy ýylda özgerdişler we aç-açanlyk syýasatyna geçmegi bilen onuň daşarky dünýä bilen aragatnaşygy ýygjamlaşdy. 1997-nji ýylyň ahyryna çenli hytaý ykdysadyýetine goýlan daşary ýurt maýasy 464 mlrd dollardan geçdi. Soňky 8 ýylyň içinde daşary ýurt maýasyny peýdalanmakda Hytaý ösýän ýurtlaryň arasynda 1-nji, dünýäde bolsa ABŞ-dan soň ikinji ýerde durýar. Häzirki wagtda Hytaýda daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda 310 müňden gowrak kärhana hasaba alyndy.

1997-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň 170-den gowrak döwleti Hytaýa özüniň maýa goýumyny goýdy. Onuň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine almagy hytaý ykdysadyýetiniň dogrudanam açykdygyna şaýatlyk edýär.

Sosializm gurluşygynda Mao Szedunyň marksçylyga dogma hökmünde çemeleşmegi uly kynçylyklara getiripdi. 10 ýyly (1966-1976) öz içine alan “medeni ynkylabyň” netijesinde sosialistik gurluşyga uly zeper ýetirildi (seret §47!).

Mao Szedun ýaly HKP-nyň çepçi ganatynyň wekili bolan Den Sýaopiniň “medeni ynkylabyň” ýalňyşlyklaryny düýpli düzetmek synanyşygy birbada ýol almady. Ol iki gezek işden çetleşdirilip, sürgüne iberildi. 1977-nji ýylda häkimiýete gaýtadan gelen bu adam birnäçe wagtlap Hytaýy ösdürmegiň ýollaryny gözläpdir.

1982-nji ýylyň sentýabrynda HKP-nyň XII gurultaýynda eden dokladynda Den Sýaopin ilkinji gezek “hytaý özboluşlylygy bilen sosializm gurmagyň” zerurdygyny orta atdy. Onuň çagyryşy ýöne bir çagyryş däl-de, Hytaý ýaly ýurtda sosializm gurmak barada taryhyň öňde goýan meselesiniň ylmy taýdan esaslandyrylan çözgüdidi. Onuň nazaryýetiniň esasy ähli zada hakyky ýagdaýlardan ugur alyp çemeleşmek bolup durýardy. Bu düzgüni durmuşa geçirmek üçin Den sosializmiň birnäçe tapgyrda gurulmalydygyny nygtady.

1987-nji ýylyň noýabrynda HKP-nyň XIII gurultaýynda Hytaýyň entek sosializm gurluşygynyň başlangyç tapgyryny başyndan geçirýändigi öňe sürüldi. Gedaýlykdan we yzagalaklykdan çykmak, oba hojalykly döwlet bolmakdan senagatlaşan ýurda öwrülmek sosializm gurluşygynyň başlangyç tapgyrynda çözülmeli esasy wezipeler diýlip bellendi.

HKP-nyň XIV Ählihytaý gurultaýynda (1992ý. oktýabry) Hytaý Kompartiýasynyň öňbaşçysy Szýan Szemin hytaý özboluşlylygy bilen sosializm gurmagyň nazaryýetiniň esasy düzgünlerini beýan etdi. Ol diňe öz ýoluň bilen gitmegi, kitaplardan göçürilen dogmalary üýtgewsiz durmuşa ornaşdyrmazlygy, daşary nusgalara eýermezligi göz öňünde tutýar. Hytaýda sosializmiň başlangyç tapgyry 100 ýyla golaý dowam etmeli diýlip göz öňüne getirilýär.

Sosializm gurluşygynyň esasy meselesi öndüriji güýçleri baknalykdan halas etmek, jemgyýetiň baý-garyp gatlaga bölünmeginiň öňüni almak, umumy ösüşiň netijesinde halkyň abadançylygyny, bolçuçylygyny gazanmak bolmalydy. Ylmy-tehniki ösüşi gazanmak zähmetkeşleriň bagtly ýaşaýşynyň açary diýlip düşünilýärdi. Hytaýyň dünýä bileleşigi üçin açyk, elýeterli bolmagy özgerdişler syýasaty üçin amatly halkara ýagdaýyny döretmelidi.

Sosializm gurmagyň hytaý strategiýasy “üç ädimi” göz öňünde tutýar. Birinji ädim geçildi: ol 1980-nji ýyla garanda jemi milli önümiň iki esse artmagyny göz öňünde tutupdy. Ikinji ädim XX asyryň ahyryna çenli jemi milli önümiň ýene iki esse artmagyny hem-de halkyň ýaşaýyş derejesini orta gürpe ýetirirlmegini gazanmagy göz öňünde tutupdy. Bu wezipd hem hötde gelindi.

Üçünji ädim XXI asyryň birinji ýarymyny öz içine almaly. Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygyna çenli jemi milli önümiň jan başyna düşýän mukdary boýunça Hytaý dünýäniň ortaça ösen döwletleriniň hataryna çykmaly. Halk gurply ýaşap, döwrebaplaşdyrmak esasan tamamlanmaly.

Ýurduň bitewiligi babatda bu nazaryýet “bir döwlet-iki gurluş” ideýasyny öňe sürýär. Ol Hytaýa gaýtarylyp berlen Gonkong (Sýangan), Aomyn (Makao) ýaly ýerlerde hem-de Hytaýyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan Taýwanda kapitalistik gurluşyň saklanyp galjakdygyny aňladýar.

Hytaý özboluşlylygy bilen sosializm gurmak üçin ykdysadyýetde önümçilik serişdelerine jemgyýetçilik eýeçiligi saklanyp galmak bilen eýeçiligiň beýleki görnüşleri hem döwlet goldawyndan peýdalanýar. Hususylaşdyrmak işine kem-kemden ýol arçalýar. Planly-haryt hojalygy bazar düzgünleşdirilişi bilen utgaşdyrylýar.

Den Sýaopin jemgyýetçilik eýeçiligine esaslanýan pudagyň agalyk etmegini we ählumumy bolçulygy gazanmagy sosializmiň hökman saklanylmaly ýörelgeleri hökmünde göz öňüne getirýärdi. Ýogsam, onuň pikiriçe, Hytaýyň sosializmden ýüz öwrüp, kapitalistik ösüş ýoluna düşen, onuň ykdysadyýetiniň belli bir derejede ösen ýagdaýynda-da adamlaryň azajyk bölegi baýajakdy. Ilatyň galan 90%-ti bolsa garyplara öwrülmelidi. 1 mlrd gowrak garyby bolan ýurtda bolsa ykdysadyýetiň üstünlikli ösüşi we durmuş goraglylygy mümkin däldi.

Hytaý maddy nygmatlaryň paýlanylmagynda deňleşdirmekden, hemmäni bir aýakdan sürmekden boýun gaçyrýar. Ykdysady höweslendirmeler ulanylýar. 1978-nji ýylda Hytaýdaky ykdysady özgerdişleriň maksady sosialistik bazar ykdysadyýetini döretmek diýlip yglan edildi.

Özgerdişleriň amala aşyrylmagy üçin Hytaý halkyň demokratik agalygyny berk saklaýar. Köppartiýalylyga ýol berilýänem bolsa, Hytaý onuň Günbatar nusgasynyň tarapdary däl. Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagy (HWÄÝ) halkyň öz häkimiýetini amala aşyrmagynyň esasy guramasy hasaplanýar. Onuň kanun çykaryjy, gözegçilik etmek, kadrlary bellemek we wezipesinden boşatmak hukuklary bar. HWÄÝ halk bilen ýygjam gatnaşyklary saklaýar.

1997-nji ýylyň 1-nji iýulynda öň Beýik Britaniýanyň baknalyk täsirinde bolan Gonkong (Sýangan) Hytaýa gaýtarylyp berildi. Bu ýerde Aýratyn dolandyryş etrabynyň hökümeti döredildi. “Bir döwlet, iki gurluş” ýörelgesi saklanyp, Gonkongyň köp babatda erkinligini saklap galdyrýar.

1999-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Aomyn (Makao) Hytaýa gaýtarylyp berildi. Ol 1553-nji ýyldan bäri Portugaliýanyň bakna mülki bolupdy.

Hytaýa degişli bolan Taýwan adasy 1590-njy ýylda portugallar tarapyndan basylyp alnypdy. Simotoseku şertnamasyna (1895) görä Ýaponiýa Taýwany Hytaýdan bölüp aýrypdy. 1949-njy ýylda Hytaýda halk ynkylaby ýeňenden soň gomindançylaryň galyndylary Taýwana gaçyp, ol ýerde “Hytaý Respublikasyny” jar etdiler. 1949-1971-nji ýyllar aralygynda Taýwan hökümeti kanuny däl ýagdaýda BMG-de Hytaýa wekilçilik etdi.

Den Sýaopiniň teklibi bilen 1979-njy ýyldan başlap “bir döwlet, iki gurluş” ýörelgesiniň esasynda Taýwany Hytaýa birikdirmek hereketi başlandy. Emma 1988-nji ýyldan başlap Taýwanyň dolandyryjylary bölünijilik syýasatyny ýöretdi. 2000-nji ýylyň 18-nji martynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Taýwanda demokratik güýçler ýeňiş gazanyp, Gomindan partiýasy häkimiýetden çetleşdirildi. Umuman, Hytaý daşary syýasatda ýurduň bütewiligini saklap galdyrmak syýasatyny ýöredýär. Hytaý diňe Taýwanyň Hytaýyň aýrylmaz bölegidigini ykrar edýän döwletler bilen gatnaşyk edýär.

Diplomatiýa

düzet

 

Türkmenistan-Hytaý gatnaşyklary

düzet

1991-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Hytaý Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi. 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda iki döwletiň arasynda ilçileriň derejesinde diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Şol ýylyň 19-23-nji noýabrynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Hytaýa ilkinji resmi sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda täze sepgitleri açdy. 1994-nji ýylyň 20-22-nji aprelinde HHR-iň Döwlet geňeşiniň başlygy Li Peniň Türkmenistana resmi sapary boldy. 1998-nji ýylyň 30-njy awgustyndan 4-nji sentýabryna çenli aralykda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Hytaýa ikinji gezek resmi sapary boldy. Türkmenistanyň ýolbaşçysy Szýan Szemin bilen duşuşygynda Türkmenistanyň Hytaý ýaly beýik döwletiň tejribelerini öwrenýändigi barada: “Biziň “10 ýyl abadançylyk” geçiş maksatnamamyz siziň tejribeleriňiziň gös-göni täsiri esasynda döredi” diýip belledi.[1]

Şu güne çenli Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda döwletara we hökümetara resminamalaryň 30-a golaýyna gol çekildi. Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy söwda-ykdysady, medeni we bilim ugurlarynda alnyp barylýar. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 50 mln. dollardan geçdi. Türkmenistanda Hytaýyň maýadarlarynyň gatnaşmagynda kärhanalaryň 10-sy gurulýar. Hytaý hünärmenleri Günbatar Türkmenistanda nebit ýataklaryny özleşdirmäge gatnaşýarlar. 2000-nji ýylyň 5-7-nji iýuly aralygynda HHR-iň döwlet başlygy Szýan Szeminiň Türkmenistana resmi sapary boldy.[1]

Bilelikdäki türkmen-hytaý Jarnamasyndan bölek “Taraplar ähli ýurtlaryň öz syýasy, ykdysady ulgamyny we sosial gurluşyny kesgitlemäge, öz ýaşaýşyny üpjün edýän modeli saýlap almaga we öz ýurdunyň ýagdaýlaryna laýyklykda adam hukuklaryny goramaga haky bardyr. Islendik bahana bilen, şol sanda “Adam hukugynyň özygtyýarlylykdan artykmaçlygy” hakdaky tezisi we garaşsyz döwletleriň özygtyýarlylygyny dsgermezlik etmek üçin “ynsanperwer gatyşmak“ teoriýasyny peýdalanyp hem hiç bir ýurduň başga bir özygtyýarly ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmaga haky ýokdur diýip hasap edýärler”.[1]

Şäherler

düzet

Çeşme

düzet
  1. 1.0 1.1 1.2 Saparmyrat Nyýazow. Türkmen milleti, türkmen döwleti we dünýä:Müňýyllyk we XXI asyr, döwürleriň we siwilizasiýalaryň gatnaşygy (BMG-niň “Müňýyllygyň Assambleýasy“ diýen maslahatynyň öň ýanyndaky oýlanmalar).-A., “Ruh“, 2000, 6-7 sah.