Serdar Berdimuhamedow: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Türkmenistanyň Prezidenti
Content deleted Content added
Sahypa döretdi, mazmuny: '{{Infobox writer | name = Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç | image = | image_size = | alt = | caption = | pseudonym...'
(Tapawut ýok)

12:35, 6 iýun 2018 senesindäki wersiýa

Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç - Türkmenistanyň döwlet işgäri.

Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç
Doglan wagty we ýeri1981
Aşgabat şäheri
KäriTürkmenistanyň Daşary Işler ministriniň orunbasary
MilletiTürkmen

Doglan senesi we ýeri

1981-nji ýylyň 22-nji sentyabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti turkmen.

Bilimi we hünäri

Ýokary bilimli. 2001-nji ýylda Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlady. Hünäri boyunça inžener-tehnolog. 2008-2011-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynda okady we ony halkara gatnaşyklar boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady. 2011-2013-nji ýyllarda Ženewadaky Howpsuzlyk syýasaty merkezinde okap, ony halkara we ýewropa howpsuzlygy boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady. Tehniki ylymlarynyň kandidaty (awgust 2014 ýyl).

Zähmet ýoly

2001-nji ýylyň iýul-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň baş hünärmeni bolup işledi.
2001-2003-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2003-2008-nji ýyllarda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň miwe-gök ekin senagaty boýunça esasy bölüminiň baş hünärmeni, alkogolsyz piwo we çakyrçylyk se¬nagaty boýunça esasy bölüminiň baş hünärmeni bolup işledi.
2008-2011-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynda okady we ony halkara gatnaşyklar boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady. Şol ýyllarda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) ilçihanasynyň geňeşçisi wezipesinde işledi.
2011-2013-nji ýyllarda Ženewadaky Howpsuzlyk syýasaty merkezinde okap, ony halkara we ýewropa howpsuzlygy boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady. Şol yyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky (Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ženewa şäheri) Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň geňeşçisi wezipesinde işledi.
2013-nji ýylyň awgust-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň başlygy wezipesinde işledi.
2013-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktorynyň orunbasary;
2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara habarlar departamentiniň başlygy wezipe¬sinde işledi.
2017-nji ýylyň mart aýynyň 20-de Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetinin başlygy wezipe¬sinde işleýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň deputaty.
2018-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary Işler ministriniň orunbasary wezipesine bellendi.

Döwlet sylaglary we atlary

Çeşmeler

Edebiýat

  • "Türkmenistan" gazeti, №60 (28996) 2018-nji ýylyň mart aýynyň 9-y, S.3.