Şarl Monteskýu: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
uj Ruhubelent moved page Şarl Mosteskýu to Şarl Monteskýu: Mosteskýu diýlip ýalňyş ýazylypdyr.
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 1:
{{Şahsy terjime}}
'''Şarl Mosteskýu''' ('''Charles-Louis de Secondat, Baron de La Brède et de Montesquieu''') - 18.01.1689 - 10.02.1755. Fransuz kazy, akyldar we syýasy filosof. Ol megerem iň köp güýçler aýrylygy teoriýasy üstündäki işleri üçin tanalýan bolsa gerek.
[[Faýl:Montesquieu 1.png|thumb|Şarl Monteskýu portreti. Kim tarapyndan çekilendigi näbelli]]
'''Şarl MosteskýuMonteskýu''' ('''Charles-Louis de Secondat, Baron de La Brède et de Montesquieu''') - 18.01.1689 - 10.02.1755. Fransuz kazy, akyldar we syýasy filosof. Ol megerem iň köp güýçler aýrylygy teoriýasy üstündäki işleri üçin tanalýan bolsa gerek.
 
== Biografiýasy ==
Line 32 ⟶ 34:
Monteksýu monarhiýany diňe bir kişiniň kanunlara tabynlykda ýurdy dolandyrmagy diýip kesgitleýär. Despotizmi bolsa diňe bir kişiniň kanunlary äsgermän garawsyz dolandyrmagy diýip kesgitlegýär.<ref name=":1" />
 
=== Demokratiýa hakdaky garaýyşlary<ref name=":2">Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15-nji neşir. Beta Basım A.ş. İstanbul. 200 - 201-nji sahypalar</ref> ===
Mosteskýu demokratiýany halkyň hem dolandyrmagy hem dolandyrylmagy diýip kesgitleýär. Oňa görä hökmürowan güýje eýe halk elýeter işleri özi etmelidir, elýeterli däl işleri wekiline tabşyrmalydyr. Monteskýu halkyň şalar ýaly, belki şalardanam öte, wekillerden emele gelen geňeş tarapyndan dolandyrylmagy tarapdary. Bu geňeş agzalarynyň halk tarapyndan saýlanmagy tarapdary.<ref name=":2" />
 
=== Erkinlikler we güýçler üzňeligi meselesi<ref name=":3">Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15-nji neşir. Beta Basım A.ş. İstanbul 207-210-njy sahypalar</ref>===
Monteksýu erkinlik sözi kimin köpmanyly söz ýokdygyny belläp geçýär. Monteskýu erkinligiň her kimiň her isläni edip bilmegi däl, kanunly - tertipli jemgyýetde islemegi ýeg bolan zady edip bilmegidigini, islemezligi ýeg zady edip bilmezligidigini belläp geçýär.
 
==== Güýçler üzňeligi ====
Monteskýu kanun çykaryjy güýjüň kanun çykarmalydygyny; ýerine ýetiriji güýjüň söweşe we parahatçylyga karar bermelidigini, saýry ýurtlara wekil ibermelidigini we saýrywan wekilleri kabul etmelidigini, içerki we daşarky asudalygy berjaý etmelidigini; kazyýetçilik güýjüniň bolsa etmişlileri jezalandyrmalydygyny, düşünişmezlikleri çözmelidigini belläp geçýär. Monteskýu bu güýçleriň biri-birinde üzňe bolmalydygyny, aýry-aýry adamlaryň ygtyýarynda bolmalydygyny belläp geçýär.
 
Monteskýu kanun çykaryjy organy ýygnaga çagyrmak hukugynyň patyşada bolmalydygyny aýdýar, kanun çykaryjy organyň dowamly ýygnakda bolmagynyň hem peýdaly bolmajakdygyny aýdýar.
 
Patyşada kanun çykaryjy organyň kararlaryny weto etme hakynyň bolmalydygyny hem belläp geçýär Monteskýu, ýogsa kanun çykaryjy organyň zalymlyga ýüz urup biljekdigini belläp geçýär. Monteskýu kanun çykaryjy organyň ýerine ýetiriji organy togtatma güýjüniň bolmaly däldigini, diňe kanunlaryň nähili ýerine ýetirilýändigini barlamak hukugynyň bolmalydygyny belläp geçýär.<ref name=":3" />
 
== Mertebesi ==
Monteskýu tarapyndan ýazylan "Kanunlaryň ruhy" atly kitaby 1751-nji ýylda Rim Papasy tarapyndan okalmagy gadagan edildi. Jon Lak bilen bilelikde Monteskýu güýçler üzňeligi düşünjesiniň pionerlerinden hasaplanýar.
 
== Salgylanmalar ==
<references />[[:Kategoriýa:Şahsyýetler]]