Öýjük: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme Giňişleýin ykjam redaktirleme
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme Giňişleýin ykjam redaktirleme
Setir 27:
 
== Öýjükleriň häsiýetleri ==
Öýjükler janly bedenleriň düzüm bölegidir. Olara ýaşaýşyň hemme häsiýetleri, ýagny madda çalşygy, [[gyjynyjylyk]], hereket, ösmek we köpelmek mahsusdyr. Öýjüklere hemişe iýmit maddasy baryp durýar. Şol maddalardan bolsa, çylşyrymly birleşmeler emele gelýär. Emele gelen organiki maddalaryň hasabyna-da öýjükler gurulýarlar. Öýjüklerde organiki maddalaryň emele gelmegine biosintez diýilýär. Öýjükde organiki maddalaryň emele gelmegi bilen bir wagtda olaryň dargamagy we turşamagy hem bolup geçýär. Şu hadysalaryň köpüsi kislorodyň gatnaşmagynda amala aşýar. Netijede, gurluşlary boýunça has sada maddalar we güýç emele gelýär. Turşamagyň netijesinde emele gelen önümler (kömürturşy gazy, suw we ş.m.) gan bilen bölüp çykaryjy synalara ([[Böwrek|böwreklere]] [[Öýken|öýkenlere]] we [[Deri|derä]]) barýar. Ol ýerden hem daşky gurşawa bölünip çykarylýar. Emele gelen güýç bolsa, öýjügiň ýaşaýyş işjeňligi üçin sarp edilýär. Şeýlelikde öýjük bilen daşky gurşawyň arasynda dyngysyz madda çalşygy bolup geçýär. Bu bolsa, öýjügiň düzüm böleginiň mydam täzelenip durmagyny üpjün edýär.
 
=Öýjükleriň köpelişi=
 
Öýjüklere mahsus häsiýetleriň biri-de köpelmekdir. Öýjükleriň köpelmegi bölünmek ýoly arkaly amala aşýar. Köplenç, haýwanlarda we ösümliklerde bolşy ýaly, adamyň bedeninde hem öýjükler esasan, göni däl (mitoz) bölünmek bilen köpelýärler. Bu örän çylşyrymly hadysadyr. Bu hadysany aşaky surat boýunça yzarlalyň. Hadysany sadalaşdyrmak üçin 46 sany hromosoma dälde, 6 sany hromosoma gorkezilen.
 
Öýjük bölünmeleriniň arasyndaky aralykda hromosomolar ýadroda şeýle bir ýukajyk bolýar. welin olary elektron mikroskopda hem görüp bolmaýar. Öýjük bölünip başlamazyndan ozal onuň ýadrosynyň 46 hromosomasynyň her biri goşalanýar we ýadrodaky maddalaryň hasabyna gurlup gutarýar. Öýjükde başga-da käbir özgerişler bolup geçýär. Öýjük merkezi ikä böljnýär, onuň iki böleginiň arasynda sitoplazmada örän berkdartylan örän inçejik sapaklar peýda bolýar. Soňra ýadronyň iki bölünen hromosomlary has ýognalýarlar, gysgalýarlar we mikroskop astynda gowy görünýärler. Ýadro bardasy ereýär.
 
== Çeşme ==