Oňurga ýiligi: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme Giňişleýin ykjam redaktirleme
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme Giňişleýin ykjam redaktirleme
Setir 4:
==Ýerine ýetirýän işleri==
 
Köp sanly gözegçilikler we tejribeler oňurga ýiliginde hereket ediş pitewalarynyň merkeziniň ýerleşýänligini görkezdi. Görnükli rus fiziology I.M.Seçenow (1829-1905) öz geçiren barlaglarynda oňurga ýiliginde bolýan hadysalaryň üstüni açýar. Oňurga ýiligi esasy 2 sany, yagny reflektorlylyk we geçirijilik işini ýerine ýetirýär. Oňurga ýiliginiň reflektorlylyk işi hereketi üpjün edýär. Oňurga ýiliginiň üsti bilen bedeniň skelet myşsalarynyň ýygrylmagy bilen baglanyşykly (kelle myşsasyndan özgesi) reflektorlylyk dugalary geçyär. Ýönekeý hereketlendiriji refleksiň mysaly bolup dyz refleksi hyzmat edýär.Ol dyz çanagynyň aşak ýüzündäki siñre duýdansyz urlanda, ayagyň çalt galdyrylmagynda ýüze çykýar. Oňurga ýiligi kelle beýnisi bilen bilelikde içki synalaryň: ýüregiň, aşgazanyň, peşew haltajygynyň, jyns synalarynyň işini sazlayar. Oňurga ýiliginiň ak maddasy geçirijilik wezipesini ýerine ýetirmek bilen merkezi nerw ulgamynyň ähli bölümleriniň baglanysygyny we sazlaşykly işini üpjün edýär. Onurga ýiligine reseptorlardan gelýän nerw impulslary yokary gidýän geçiriji ýollar boýunça kelle beýnisine geçirilýär. Impulslar kelle beýnisinden aşak inýän geçiriji yollar boýunça onurga ýiliginin aşakda ýerleşyän bölümlerine - olardan bolsa synalara baryp ýetýär. Kelle beýnisi oňurga ýiliginiň işini sazlayar.Onurgalyga zeper ýetmeginiň ýa-da döwülmeginin netijesinde adamyň oňurga ýiligi bilen kelle beýnisiniň arasyndaky baglanyşygyň üzülyän halatlary bellidir. Şeýle adamlaryň kelle beýnisi kadaly işleýär. Emma merkezleri şikes yeten ýerden aşakda ýerleşyän oňurga ýilik reflekslerinin köpüsi ýitýärler. Şeýle adamlar kellesini öwrüp, iýip-içip, bakyşynyň ugruny üýtgedip, kähalatlarda olar ellerini hem hereketlendirip bilýärler, şol bir wagtyň özünde hem olaryn göwresiniň aşaky bölegi ysman, duýujylykdan mahrumdyr we hereketsizdir.
 
==Çeşme==
 
Orta mekdepler üçin niýetlenen Biologiýa 8 kitaby