Wegetatiw nerw ulgamy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme Giňişleýin ykjam redaktirleme
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme Giňişleýin ykjam redaktirleme
Setir 3:
 
== Bölümleri ==
Wegetatiw nerw ulgamy - simpatik we parasimpatik diýen bölümlerden durýar. Olaryň her birinin hem merkezi we periferik bölümleri bar. Merkezi bölümini oňurga ýiliginde we kelle beýnisinde ýerleşen goşmaça nerwler we birinji nerw öýjüklerinin bedenleri emele getirýärler. Nerw öýjükleriniň şular yaly toplumyna wegetatiw ýadrolary diýip at berilýär. Şol ýadrolardan aýrylyp gidýän nerw süýümleri, nerwleriň wegetatiw düwünleri, içki synalaryň diwarlaryndaky nerw birikmeler (utgaşmalar) çetki bölümine degişlidirler. Wegetatiw nerw ulgamynyň iki bölegi bir-birinden ana tomik gurluşlary boýunça-da, fiziologik işjeňlikleri boýunça- -da tapawutlanýarlar. Wegetatiw nerw ulgamynyň simpatik bölümi onurga ýiliginiň döş we bil bölekleri bilen baglanysyklydyr. Ol ýerde birinji nerw öýjüklerinin bedenleri ýerleşýärler. Bu nerw öýjükleriniň merkezi nerw ulgamyndan gaýdýan ösüntgileri oňurga ýiliginiň öndäki kökjagazlaryndan cykýarlar. Olar onurga ýiliginin iki gapdalynda zynjyrjyk görnüşinde ýerleşen simpatik düwünlerde şahalanyp gu- tarýarlar. Şol düwünlerde synalar bilen baglanysykly bolan ikinji simpatik nerw öýjüklerin bedenleri ýerleşyärler. Wegetatiw nerw ulgamynyň parasimpatik bölümi kelle beýnisiniñ ortaky we süýri beýnilerinden, şeýle hem onurga catalba (guýmaç) ýiliginin bölüminden gaýdýan birnäçe nerwlerden emele gelendir. Ortaky beýnidäki wegetatiw ýadrolardan çykýan nerw süýümleri görüş synalaryna barýar. Parasimpatik wegetatiw nerwleriniň arasynda kelle sünk beýni nerwlerinin onunjy jübüti aýratyn ähmiýete eyedir. Ol süýri beýniden aýrylyp gaýdýar. Muña azaşan nerwler diýilýär, Ol dös we garyn boşlugynyň köp synalaryny parasimpatik süyümler bilen üpjün edýär. Onun osüntgileri köp synalara, yagny ýürege, aşgazana, içegä, köp sanly gan damarlaryna barýarlar. Şonun üçin hem olara azaşan nerwler diýilýär. Guýmaç onurga ýiliginin bölümindäki ýadrodan cykýan parasimpatik nerwler yogyn içegä, peşew haltajygyna, jyns synalaryna barýarlar. Simpatik nerwlerden tapawutlylykda, parasimpatik nerwler wegetatiw düwünleri merkezi nerw ulgamynyň ýanynda döretmän, synalaryň golaýynda ýa-da olaryň diwarlarynda emele getirýärler. Şeýlelikde, wegetatiw nerw ulgamynyn täsir edýän synalaryna çenli yol elmydama iki nerwöyüklerinin üs. tünden geçyär. Wegetatiw nerw ulgamynyň ýerine ýetirýän işleri. Bedende geçýän käbir hadysalar adamyn islegine görä ýerine ýetirilmeýär. Olary adam özüçe üýtgedip bilmeýär. Şeyle hadysalara tüýküligin ýa-da derin bölünip çykmagy, ýüregiň işleýşi, iýmitiň sindirilişi, gan damarlarynyň daralyp- giñelmegi we ş.m. degişlidirler. Şular yaly hadysalary bedenin talabyna görä sazlaşdyrmaklyk wegetatiw nerw ulgamynyň esasy wezipesidir. Içki synalaryň köpüsi şu nerwler bilen üpjün edilendir. Wegetatiw nerw ulgamyna awtonom (grekçe öz-özüni dolandyrýan) nerwler hem diýilýär. Wegetatiw nerw ulgamynyň bölümlerinin gatnaşmagynda, bedende gapma-garşylykly işler amala aşyrylýar. Mysal üçin, simpatik nerw tarapyndan geçirilyän oýanys ýüregin işini güýçlendiryär, parasimpatik nerw bolsa ýüregin ýygrylyp-ýa- zylmagyny gowşadýar. Gan damarlarynyň daralmagy, simpa tik nerwlerin, giñelmegi bolsa parasimpatik nerwleriň täsir etmekleri netijesinde bolup geçýär. Wegetatiw nerw ulgamy basga-da birnäçe synalaryň işine täsir edýär