Magtymguly: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut
Content deleted Content added
→Magtymgulynyň döredijiligi: Hakykysy Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme |
Örän gowy Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme |
||
Setir 43:
Magtymguly Pyragy başlangyç terbiýäni kakasy [[Döwletmämmet Azady]]dan alýar. Ol bu barada: "Ylym öwreden ussat-kyblam pederdir" - diýip ýazýar. Magtymguly ilki oba mekdebinde okaýar. Onuň ilkinji mugallymyna Nyýazsalyh diýer ekenler. Magtymguly örän zehinli we ýiti akylly bolupdyr. Ol dürli kitaplary çakdan- aşa köp we irginsiz okapdyr. Magtymguly ýaş wagty kakasyndan, ejesinden we obanyň garry adamlaryndan köp-köp halk rowaýatlary, goşgy-gazallary, erteki we nakyllary höwes bilen diňleýär eken. Ol kakasy Döwletmämmet Azadynyň döreden eserleriniň köpüsini ýatdan öwrenipdir.
Magtymgulynyň zehinliligine, okuwa höwesliligine göz ýetiren Döwletmämmet onuň ylymly adam bolup ýetişmeginiň aladasyny edipdir. XVIII-nji asyrda Etrek, [[Ahal]], [[Mary]] sebilerinde
Magtymguly esasy bilimi [[Hywa]]daky «Sirgazy» medresesinde alýar. Ol «Sirgazy» medresesinde üç ýyl okaýar. Medresede berilýän dersleriň daşynda hem Gündogaryň görnükli şahyrlary: Nyzamynyň, Nesiminiň, Fizulynyň, Nowaýynyň we başgalaryň eserlerini irginsiz okaýar. Ol medresede okaýanlaryň arasynda özuni derrew tanadyp, zehinli talyplaryň hataryna goşulýar. Okuwyň ilkinji ýylynda Magtymguly talyplaryň halypasy bolýar. Soňky ýylda bolsa, mugallym özi ýok wagty ders geçirmegi-de Magtymgula ynanýar ekeni. Magtymguly öz döwrüniň iň bilimli we düşünjeli adamy bolup ýetişipdir.
|