Magtymguly
Magtymgulynyň ömri we döredijiligi Türkmen halkynyň beýik şahyr ogly Magtymguly Pyragy gökleň türkmenlerindendir. Pyragy onuň edebi lakamydyr. Ol takmynan, 1724-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda, Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ol ömrüniň köpüsini Etrek, Gürgen, Garrygala sebitlerinde geciripdir. Şahyr "Äleme belgilidir" diýen şygrynda Ýar geler, wagt-da gider, gaflata çykmyş gözlerim. Açaýyn diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr; Bilmeýen soranlara aýdyň, bu garyb adymyz: Asly-gerkez, ýurdy-Etrek, ady-Magtymgulydyr diýip, öz adyny we niredendigini, kimlerdendigini aýdýar.Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azady, ejesi Orazgül bolupdyr.
Magtymguly Pyragy | |
Magtymguly Pyragy | |
Doglan wagty we ýeri | Doglan ýeri Balkan welaýaty, Gerkez. |
---|---|
Aradan çykan wagty we ýeri | [1] 1724-1807( 83 yaş) |
Galam ady | Akyldar, şahyr |
Dili | Türkmen |
Milleti | Türkmen |
Etnikasy | Gerkez tiresinden |
Uçurym ýeri | Idris baba medresesi,Gögeldaş medresesi,Şir-gazy medresesi |
Magtymguly başlangyç terbiýäni kakasy Döwletmämmet Azadydan alýar. Ol bu barada: "Ylym öwreden ussat-kyblam pederdir" - diýip ýazýar. Magtymguly ilki oba mekdebinde okaýar. Onuň ilkinji mugallymyna Nyýazsalyh diýer ekenler. Magtymguly örän zehinli we ýiti akylly bolupdyr. Ol dürli kitaplary çakdan- aşa köp we irginsiz okapdyr. Magtymguly ýaş wagty kakasyndan, ejesinden we obanyň garry adamlaryndan köp-köp halk rowaýatlary, goşgy-gazallary, erteki we nakyllary höwes bilen diňleýär eken. Ol kakasy Döwletmämmet Azadynyň döreden eserleriniň köpüsini ýatdan öwrenipdir.
Magtymgulynyň zehinliligine, okuwa höwesliligine göz ýetiren Döwletmämmet onuň ylymly adam bolup ýetişmeginiň aladasyny edipdir. XVIII asyrda Etrek, Ahal, Mary sebilerinde güýçli medreseler bolmandyr. Şonuň üçin Döwletmämmet Azady öz oglyny ilki Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerlesýän, ol wagt güýcli hasap edilen Idris babanyň medresesine okuwa iberýär. Magtymguly bu medresede birnäçe wagt okaýar. Soňra ol Buhara gidýär, Buharada Gögeldaş atly medresä okuwa gidýär we onda iki ýyl okaýar. Şahyr hem medresede ders berýän şiraly türkmen Nury Kazym ibn Bahr bilen hem tanyşýar we onuň bilen dostlaşýar. Emma medresedäki talyplaryň tertip-düzgüniniň bozuklygy Magtymgulynyň bu medresäni taşlamagyna sebäp bolýar.
Magtymguly esasy bilimi Hywadaky «Sirgazy» medresesinde alýar. Ol «Sirgazy» medresesinde 3 ýyl okaýar. Medresede berilýän dersleriň daşynda hem Gündogaryň görnükli şahyrlary: Nyzamynyň, Nesiminiň, Fizulynyň, Nowaýynyň we başgalaryň eserlerini irginsiz okaýar. Ol medresede okaýanlaryň arasynda özuni derrew tanadyp, zehinli talyplaryň hataryna goşulýar. Okuwyň ilkinji ýylynda Magtymguly talyplaryň halypasy bolýar. Soňky ýylda bolsa, mugallym özi ýok wagty ders geçirmegi-de Magtymgula ynanýar ekeni. Emma kakasynyň ýarawsyzlanandygy üçin medresäni doly tamamlap bilmändir. Magtymguly öz döwrüniň iň bilimli we düşünjeli adamy bolup ýetişipdir. Magtymguly jahankeşde adam bolupdyr. Dünýäniň köp ýerlerine syýahat etmek duýgusy onda ýaşlykda döreýär. Bu syýahatlar şahyryň dünýägaraýşyny giňeldipdir. Magtymguly oglan okatmakdan başga tanymal zergär bolupdyr we kümüşden, altyndan dürli bezeg şaýlaryny ýasapdyr. Magtymgulynyň maşgala ýagdaýy jedelli meseleleriň biri bolup durýar. Goşgularyna esaslanyp, onuň Meňli diýen gyzy söýendigini, ýöne käbir sebäplere görä alyp bilmändigi hakda alymlar netijä gelýärler. Magtymgula Akgyz diýen ýeňňesi dakylýar.
Ondan iki ogul bolup, olar hem ýaşlykda ýogalýarlar. Şahyr ogullarynyň ölümine gynanyp, "Yzlamaýan bolarmy", "Mübtela kyldy“ eserleri döredipdir.
Magtymguly örän parasatly, gepe çeper, märekesöýen adamdy. Ol özüniň gowy häsiýetleri bilen halka görelde görkezipdir, akyl-paýhasy bilen köp adamlary terbiýeläpdir.
Magtymguly, takmynan, 1807-nji ýylda Atasary diýilýän çeşmäniň boýunda, Soňudagyň ýanynda aradan çykýar. Ony kakasynyň ýanynda "Garry molla" (Eýranda) gonamçylygynda jaýlapdyrlar.
MAGTYMGULY(1724-1807)ýasap gecipdir
Magtymguly döredijilik işine ýaşka başlapdyr.Magtymguly goşgularyny köpçüligiň üýşen ýerinde, toý-meýlislerde okap berip, adamlary gahrymançylyga, ar-namysly, hüşgär bolmaklyga çagyrypdyr. Onuň ylham çeşmesi halk we onuň güzerany bolupdyr.
Şahyryň döredijiligi dürli temalarda bolan köp sanly şygyrlardan we poemalardan ybaratdyr. Onuň öz golýazmalary bize gelip ýetmändir.
Magtymguly köp şygyrlaryny Pyragy lakamy bilen düzüpdir Onuň döredijiligi XVIII asyr türkmen durmuşyny öwrenmäge örän köp material berýär. Magtymgulynyň şygyrlary, esasan, watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, sosial-deňsizlik, yşky-liriki, dostluk barada gumanistik ideýalary öňe sürýär.
Magtymgulynyň döredijilik tematikasy
düzetMagtymgulynyň döredijilik tematikasy giň we hertaraply. Onda türkmen halkynyň geçmişi, geljegi we şol wagtky ýagdaýy göz öňüňe gelýär.
Durmuşy goşgulary
düzetBeýik akyldar Magtymgulynyň döredijiliginde durmuşy goşgular esasy orunlaryň birini eýeleýär, Ol çilim çekmek, nas atmak, ogurlyk, nähak gan dökmek ýaly pis häsiýetlere garşy göreş alyp barypdyr. Özüniň goşgularynda olary rehimsiz ýazgarypdyr. Şol göreşde çeper dili ýarag hökmünde ulanypdyr.
Şahyr "Nas atan" şygrynda nas atanyň hapasyzçylygyny görkezip, ony masgaralaýar we şu kärini taşlamaga çagyrýar:
Akar durar üsti-başyň poh eder,
Senden gaçar deňi-duşuň, nas atan!
Şahyr özüniň eserlerinde gybatkeşligi, töhmeti iň bir ýaramaz häsiýet hökmünde ýazgarýar:
Ömrüň ýele berme, azma ýoluňdan,
Agyrtmagyl ili-günüň, gybatkeş.
Magtymguly ýaman häsiýetleri ýazgarmak bilen erbetlikleri dini düşünjeleriň üsti bilen tertibe salmaga synanyşypdyr.
Şahyr gelin-gyzlaryň edepli, päkize, mylaýym bolmagyny isläpdir, ata-enäni sylamaýan, hapysa gelin-gyzlary pisläpdir.
Gozel bardyr , sirke basar saçyny,
Artmaz-ýuwmaz tabagynyň, daşyny,
Sylamaz atasyn, ene ýaşyny
Onyň hyzmatyndan gaçasyň geler.
Magtymguly ýaramaz häsiýetlere garşy göreşmek temasyny edebiýatda giň möçberde işläp we propagandirlän şahyrdyr.
Öwut-nesihat häsiýetli goşgulary. Meyilnama
düzetŞahyryň döredijiliginde adamlarda oňat häsiýetleri terbiýelemekde uly orny owüt-nesihat häsiýetli şygyrlar tutýar. Bu temadan Magtymguly "Janyna degmez", "Durasyň geler", "Ýör biläni", "Il ýagşy", "Zor bolar", "Bolar"", "Aýrylma" ýaly onlarça şygyr ýazypdyr. Şahyr bu goşgularynda döwürdeşlerine asylly terbiýe bermek, olaryň mert, ar-namysly bolmaklaryny nesihat edip, binamys, namartlary ýaňsa alypdyr. Şahyr "Gerekdir" diýen şygrynda:
Giň ýerde garga deý bolsun wehimli,
Ýerinde hünäri işi gerekdir
diýip, ýigidiň göwrüminiň giň, gerekli ýerinde hünäriniň bolmaly-dygyny, hüşgärligini beýan edipdir.
Magtymgulynyň "Il biläni" şygrynyň:
Goç ýigide toýdur-baýram,
Her iş gelse, il biläni
setirleri agzybirligi ündäpdir, Şahyr "Janyna degmez" goşgusynda hesiýeti boýunça gapma-garşy adamy suratlandyrýar.
Adam bar müň tümen iýdirseň azdyr,
Bardyr adam - iýen nanyna degmez.
Şahyr oňat hesiýetleri ündände, ýaramaz häsiýetleri ýazgaranda, wagyz-nesihat etmek tärinden peýdalanýar. Ol ähli türkmen ýigitlerini jeň meýdanynda şu sypatda görmek isleýär:
At salanda doňuz kimin topulyp,
Aýy kimin asylyşy gerekdir.
Magtymguly oňat-gylyk häsiýetler adamyň bezegi diýip düşünipdir.
Sosial-deňsizlik temasy
düzetMagtymgulynyň döredijiliginde sotsial-deňsizlik meselesi düýpli işlenen temalaryň biridir. Onuň bu temada ýazan eserlerine "Salar guşun aňlamaz", "Gaça başlady", "Ötüp baradyr", "Ýat bolar", "Il gözlär", "Käre döndi", Golda bary bolmasa", "Ajap eýýam gelmedi" ýaly şygyrlar degişlidir.
Magtymgulynyň döwründe türkmen topragy daşary ýurt basybalyjylary, içerki han-begler tarapyndan depelenipdir. Şu ýagdaýy şahyr "Gaça başlady" diýen şygrynda şeýle beýan edýär:
Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar,
Ýetimler gözýaşyn döke başlady.
Orramsydan bolan haramhor begler,
Ýurdy bir ýanyndan, ýyka başlady.
Şahyr zamanasyny erbetligiň mekanyna öwren adamlary ýazgarýar:
- Şalarda galmady hökmi-adalat
Magtymguly özüniň adalatsyzlygyň höküm sürýän jemgiýetinde ýaşaýandygyny, şeýle jemgyýetde zadyň, malyň, baýlygyň bolmasa aljak galaň ýokdugyny "Golda bary bolmasa" şygrynda görkszipdir:
Zamana beýledir, göze ilmezler,
Her ýigidiň golda bary bolmasa...
Magtymguly adyllygy depeleýän adamlary diniň üsti bilen toba etmäge, amana getirmäge çalyşýar.
Magtymguly, bu dünýäniň namysyn,
Ýygyp-düýrüp ele berdim hamysyn,
Pikir derýasyna aklym gämisin
Batyrmyşam çyka bilmen neýleýin?
diýen setirlerinde bolsa ýurtdaky ýagdaýyň şeýle bulaşyklygyndan baş çykaryp bilmeýändigini aýdypdyr. Şahyryň goşgularynda pikiriň gysga we dogry berilmegi bu goşgularyň ýatda oňat galmagynyň ilkinji şerti bolup durýar.
Watançylyk, gahrymançylyk lirikasy
düzetWatançy şahyr Magtymgulynyň gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, birleşmek hakyndaky şygyrlary onuň döredijiligine iň görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Bu temada Magtymguly "Türkmeniň", "Ýeli Gürgeniň" , "Depe nedir, düz nedir", "Öňi-ardy bilinmez", "Döker bolduk ýaşymyz", "Gidiji bolma", "Gözlär men", "Başy gerekdir", "Mert bolmaz" ýaly birnäçe goşgular döredipdir.
Magtymguly hakyky watançy hökmünde türkmen ýurduna, onuň gözel tebigatyna, baýlygyna, batyr ýigitlerine guwanypdyr. Şahyr "Gidiji bolma" şygrynda:
Gel köňlüm, men saňa nesihat kylaý:
Watany terk edip gidiji bolma
diýip, öz döwürdeşlerine ýüzlenýär. Magtymguly Türkmenistanyň, aýratyn hem öz önüp-esen ýeri bolan Etrek, Gürgen töwerekleriniň giň, gözel we hasylly sähralaryny, daglaryny, tebigy baýlyklaryny, goç ýigitleri taryplaýar. Şahyryň "Ýeli Gürgeniň", "Türkmeniň" şygyrlarynyň şu setirleri-de oňa güwä geçýär:
Öňünde belent dag, serinde duman,
Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň.
Bulut oýnap, baran dolsa çaýlara,
Akar boz bulanyp, sili Gürgeniň,
ýa-da
Dagda, düzde kowsa, saýýatlar diri,
Ala bilmez, ýolbars ogly türkmeniň.
Beýik şahyryň döwründe türkmen taýpalary dagynyk ýaşapdyrlar. Halk hemişe talanypdyr, ajaýyp zatlar weýran edilipdir. Magtymguly hemişe şeýle pajygaly durmuşdan gutulmagyň aladasyny edipdir. Ol keseki duşmanlardan goranmak üçin ýigitleri mertlige, gahrymanlyga çagyrypdyr:
Ýaşy ýeten arap atyň şanynda,
Mälim bolmaz depe nedir, düz nedir.
Ýüňi ýeten goç ýigidiň ýanynda,
Atmyş nedir, ýetmiş nedir, ýüz nedir.
Şahyr il-ýurt üçin hyzmat eden goç ýigitleri dabaralandyrýar, tersine namartlary, il-ýurduna hyýanat edýänleri näletleýär. Şu jähtden şahyryň şu setirlerini ýatlamak bolar:
Aga begler muhannesiň on müňi -
Mert ähliniň alty ýüzüne degmez.
"Är men" diýen her nöweçden är bolmaz,
Gaýraty, namysy, ary gerekdir.
Magtymguly dagynyk ýaşan türkmen taýpalaryny birleşdirmek bilen ýurduň özbaşdaklygyny, halkyň asuda ýaşamagyny gazanmak bolar diýen netije gelipdir. Bu ideýa şahyryň "Türkmeniň", "Döke bolduk ýaşymyz", "Türkmen binasy" ýaly şygyrlarynda öz beýanany tapypdyr:
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, ärsary
Bir dowlete gulluk etsek bäşimiz.
Magtymgulynyň watançylyk, gahrymançylyk temada ýazan eserleri taryhy taýdan anyklygy, takyk manysy, çeper obrazlara baýlygy bilen-de tapawutlanýar.
Söýgi lirikasy
düzetMagtymguly şahyr dostluk, söýgi temasyndan hem birtopar goşgy ýazypdyr. Bu temadan onuň "Gözel sen", "Gülzardan aýryldym", "Uýat eýleýir", "Bu derdi", "Boýlaryňa", "Durasyň geler ýaly ençeme goşgulary bar. Magtymguly yşky-liriki temada ýazan goşgularynda öz söýgülisi Meňli bilen baglanyşykly prograssiw pikirleri öňe sürýär. Ol gelin-gyzlaryň durmuşda uly hormata, söýgä mynasyp bolmalydyklaryny nygtamak bilen, olaryň owadanlyklaryny "Gözel sen" şygrynda şeýle taryplaýar:
Gyzyl diýsem-gyzyl, al diýsem-al sen,
Hindistanda şeker, Bulgarda-bal san,
Akyldar şahyr Magtymguly gelin-gyzlaryň akylly, pähimli edepli bolmaklaryny isläpdir, olaryň mertebesini ýokary tutupdyr. Bu ideýa "Durasyň geler" diýen goşgusynda örän çeper berilýär:
Gözel bardyr gözellerden zyýada,
Onyň gullugynda durasyň geler,
Edepli-ekramly, mylaýymzada,
Tä ölinçäň bile ýöresiň geler.
- Şahyr hapysa, sölite, nalajedeýin aýallary ýazgarypdyr:
Bardyr gözel, sirke basar saçyny,
Artmaz-ýuwmaz tabagynyň, daşyny,
Sylamaz atasyn, ene ýaşyny,
Anyň hyzmatyndan gaçasyň geler.
Magtymguly "Bilen bolmasa" diýen goşgusynyň şu setirlerinde il-günüň daşyny gorap ýören goç ýigitleriň özüne mynasyp ýary bolmasa, hemişe armandadyklaryny nygtaýar:
Är ýigidiň içi doly armandyr,
Gara göz, inçe bil ýary bolmasa.
Şahyr aýal-gyzlary satmak, dakylmak we köp aýallylyk ýaly zyýanly dessurlara garşy durupdyr. Şu babatda şahyr gumanistik pikirleri öňe sürüpdir.
Magtymgulynyň poeziýasynyň dili we çeperçiligi
düzetMagtymguly edebi dili halk medeniýetiniň ösmeginiň, hökmany şertleriniň biri hasaplapdyr. Ol bu işi ählihalk işi diýip düşünipdir. Magtymguly edebiýatynyň diliniň halka düşnükli bolmagy ugrunda göreşip, çeperçilik serişdelerini öz eserlerinde örän ýerlikli ulanypdyr. Onuň şygyrlarynda halka düşnüksiz pikirlere, arap-pars sözlerine seýrek duşulýar. Bu bolsa onuň goşgularynyň höwes bilen okalmagyna sebäp bolýar. Magtymguly halkyň diline daýanmak bilen, ondan dilewarlygy we sadalygy öwrenipdir. Şahyr dili ösüş we göreş guraly hökmünde ulanypdyr. Magtymguly metaforalary, kapyýalary, ulaltma ýaly çeperçilik serişdeleriniň giňden ulanylmagy, şahyryň goşgularynyň çeperçiligini we obrazlygyny artdyrypdyr.
Magtymguly edebi dili halk medeniýetiniň ösmeginiň, hökmany şertleriniň biri hasaplapdyr. Ol bu işi ählihalk işi diýip düşünipdir. Magtymguly edebiýatynyň diliniň halka düşnükli bolmagy ugrunda göreşip, çeperçilik serişdelerini öz eserlerinde örän ýerlikli ulanypdyr. Onuň şygyrlarynda halka düşnüksiz pikirlere, arap-pars sözlerine seýrek duşulýar. Bu bolsa onuň goşgularynyň höwes bilen okalmagyna sebäp bolýar. Magtymguly halkyň diline daýanmak bilen, ondan dilewarlygy we sadalygy öwrenipdir. Şahyr dili ösüş we göreş guraly hökmünde ulanypdyr. Magtymguly metaforalary, kapyýalary, ulaltma ýaly çeperçilik serişdeleriniň giňden ulanylmagy, şahyryň goşgularynyň çeperçiligini we obrazlygyny artdyrypdyr.
Magtymguly, garyplaryň gözýaşy
Daglary ýandyrar, ereder daşy.
Şahyryň dörtleme formasyndaky goşgularynyň köpüsi on bir hem sekiz bogunly setirlerden ybarat. Magtymgulynyň dörtleme formasynda ýazan eserlerinde kapyýa, redif goşgynyň birinji bendinde dürli hili ulanylypdyr.
Bala sesin diňlär, asyp gulagyn, (a)
Döke-döke gözýaşynyň bulagyn, (a)
Bir jeren aldyrsa elden owlagyn (a)
Mäleý-mäleý gözlemeýen bolarmy (b).
Şahyryň bäşleme we altylama formadaky şygyrlary, esasan, 14-15 bogunly bolup, kapyýa we rediftaýdan hem meňzeşdir.
Magtymgulynyň milli türkmen edebiýatyny ösdürmekdäki roly
düzetBeýik şahyr Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli-dürli taraplaryny öz içine alýar. Magtymgulynyň döredijiligini örän oňat bilýän, gündogary öwreniji E.E.Bertels ony Jemşidiň jamy bilen deňeşdirýär. Jemşidiň jamy ýaly, Magtymgulynyň döredijiliginden hem islän zadyňy, bilmek isleýän meseläňi tapmak bolýar. Magtymguly türkmen klassyky edebiýatyny dünýä okyjylaryna tanadan genial şahyrdyr.
Magtymguly türkmen şahyrlarynyň köpüsiniň halypasydyr. Magtymguly öz döwürdeşlerine we özünden soňky ýetişen şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edipdir. Bu täsir, ylaýta-da Zeliliniň, serkerde şahyr Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň döredijiliginde görünýär. Magtymguly şahyry gara-galpaklaryň beýik şahyry Berdak hem halypasy hasaplapdyr. Ol bu barada "Yzlardym men" diýen şygrynda şeýle ýazýar:
Magtymgulyny men okap,
Sözlerini etdim togap.
Kemi barmy beriň jogap?
Şol şahyry yzlardym men.
Magtymgulynyň "Türkmeniň" diýen goşgusyny özi ýazdymyka
Magtymguly we Halk döredijiligi
düzetMagtymgulynyň eserleri türkmenleriň örän baý halk döredijiligi hem-de Gündogaryň ýazuwly edebiýaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şahyryň döredijiliginiň folklor bilen baglanyşykly bolmagy onuň eserleriniň has-da gymmatyny artdýar. Wagt geçdigiçe, şahyryň aforizmleri halk içinde folklorlaşyp gidipdir:
- Eşiden deň bolmaz, gören göz bile...
- Agzalalyk agyr ile ýaraşmaz
- Her ýaman söz-ýürek bular.
- Gawunyň gowusyn şagal iýr diýrler
Çagyrylan ýere bar, otur-da turma,
Çagyrylmadyk ýere görünme,barma!
Hat-da ilat şular ýaly setirleri aýdanda, ony kimiň döredendigine gözi ýetmese-de, "Magtymguly aýdypdyr" diýýär. Beýik söz ussady Magtymgulynyň poeziýasy XIX asyryň ortalarynda Orta Aziýa, Russiýa, Ýewropa halklarynyň arasyndaky metbugatda görnüp başlaýar. Onuň essrleri köp alymlaryň, syýahatçylaryň ünsüni çekipdir. Şahyryň terjimehaly baradaky makala bilen birnäçe goşgusyny görnükli slawýan alymy we syýahatçysy Hodzko 1842-ýylda çap etdirýär. Alymlar A.Wamberi, W.W.Bartold, E.E.Bertels, L.N.Samoýlowiç, L.Klimowiç we başgalar şahyryň döredijiligine uly baha berip öwrenýärler.
Türkmen edebiýatçylaryndan B.A.Garryýew, G.O.Çaryýew, B.Kerbabaýew, M.Kösäýew, Z.B.Muhammedowa dagylar Magtymgulynyň eserlerini toplamakda we çap etmekde birnäçs işleri geçirdiler. 1926, 1940, 1942-nji ýyllarda şahyryň eserler ýygyndysy çapdan çykdy. 1947-nji ýylda suratkeş A.Hajyýew Magtymgulynyň suratyny döretdi. Şahyryň ady Türkmen döwlet uniwersitetine we iň uly köçä hormatlanyp dakyldy. Aşgabatda ýerleşen şahyryň ýadygärliginiň ýanynda her ýyl poeziýa baýramçylygy geçirilýär.
Eserleri
düzetIň köp bilinýän milli duýgular bilen ýogrulan goşgularynyň arasynda "Türkmeniň", "Türkmen binasy", "Turgul diydiler" goşgularyny mysal getirmek bolar.
Ady her ýerde Magtymgulynyň ady häzirki günlerde birnäçe ýerde ulanylýar. Onuň adyny göterýän uniwersitet, mekdep, guramalar bar.
düzet- Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy
- Magtymguly adyndaky drama teatry
- Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
- Balkanabat şäheriniň Magtymguly adyndaky ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebi
Çeşme
düzet- ↑ "Magtymguly Fragi's biography". Medeniýet. Ministry of Culture of Turkmenistan. Archived from the original on 17 May 2014. Retrieved 18 May 2014.
Başga sahypalara salgylar
düzet- Magtymgulynyň ömri we döredijiligi Archived 2013-08-25 at the Wayback Machine
- Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy