Şabat etraby
S.A.Nyýazow adyndaky etraby Daşoguz şäheriniň daş-töweregindäki meýdanlary öz içine alýar. Etrap pagtaçylyga, däneçilige, gök ekerançylyga, iri şahly mallary ösdürip ýetişdirmeklige we ýüpekçilige ýöriteleşdirilendir. Onuň çäginde 1 şäherçe, 17 geňeşlik we 93 oba ýerleşýär.
Etrap merkezi S.A.Nyýazow adyndaky şäherçe Daşoguz şäherinden 7 km. günorta-gündogarda ýerleşýär. Şäherçede etraby dolandyryş edaralary, oba hyzmat birleşigi, oba
hojalyk maşynlaryny abatlaýan, durmuş hyzmaty, azyk senagat kärhanalary, durmuş-medeni edaralar bar.
2022-nji ýylyň 22-nji oktabrynda "S.A.Nyýazow" etraby ýatyrylyp, "Şabat" etraby döredilýär.