Daşoguz
Daşoguz (öňki: Daşhowuz, iňlis: Dashoguz, rus: Дашогуз öňki rus: Дашховуз, Ташауз). Türkmenistanyň demirgazyk bölegindäki Daşoguz welaýatynyň merkezi şäheriniň adydyr. Demirgazyk ykdysady etrabyň iň uly senagat, ulag, medeniýet we durmuş, administratiw merkezidir. Ilat sany - 227 184 adam. (2009)
Ýerleşişi
düzetTürkmenistanyň demirgazyk-gündogarynda, Şabat kanalynyň iki ýakasynda ýerleşýär. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada daşlygy - 546 km, Garagalpagystanyň paýtagty Nöküse çenli 76,6 km, Özbegistanyň Horezm welaýatynyň merkezi şäheri Ürgenje bolsa 80 km daşlykda. Şäherde demir ýol wokzaly we aeroport ýerleşýär. Aeroport şäherden 10 km daşlykda.
Adynyň gelip çykyşy
düzetŞäheriň resmi adynyň gelip çykyşy "Gorkut ata" eposynda ady geçen Daş Oguzlardan gelýänligi bellenilýär. Irki döwür Oguz taýpalary Iç Oguz we Daş Oguzlar diýilýän iki şahamça bölünýärdiler.
Taryhy
düzet- Şäher 1681-nji ýylda Hywa hanlygynyň çäklerinde süýji suw guýuly kerwensaraý we gala hökmünde gurulýar.
- Daşkent begliginiň merkezi.
- 1920-nji ýylda Horezm halk respublikasynyň düzüminde Türkmen oblastynyň (welaýat) merkezi.
- Oktýabr 1924-nji ýylda Türkmenistan SSR-nyň düzümine girýär.
- 1992-nji ýylda "Ташауз" bolan rus dilindäki ady "Дашховуз" diýip üýtgedildi.
- 1999-njy ýylda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň teklibi netijesinde şäher "Daşoguz" diýlip täzeden atlandyryldy.