Höküm sürdi: 07.04.1774 – 07.04.1789 (15 ýyl)

Özünden öñ: Mustapa III

Özünden soñ: Selim III

Doguldy: 20.03.1725 [1]

Öldi: 07.04.1789 [1] 

Aýallary: Aýşa Hatyn, Hümaşa hatyn, Ruhşa hatyn, Binnaz hatyn, Synaperwer soltan, Newres hatyn, Mehtabe hatyn, Mutebere hatyn, Şebsafa hatyn, Nakşidil Soltan, Hasibe soltan. 

Doly ady: Abdulhamit bin Ahmet. Hökümdarlygy: Osmanly hökümdarlygy. Kakasy: Ahmet III Ejesi: Şermi hatyn Dini: Yslam

Umumy düzet

Abdulhamit I. Abdulhamid (arapça: عبد الحميد اول‎, Abdulhamidi ewwel) Agasy Mustapa III ölüminden soñ 49 ýaşynda patyşa bolan Soltan Abulhamit I tagta geçdi. Ata-babalarynyñ gazanan topraklarynyñ içinde Krym etraplary elden gideninden soñ Tagty Osmaniýe jalis diýlip Abdulhamide ýüzlenilipdir. Soñra ýene bir Galanyñ Ruslar tarapyndan basylyp alynmagy we galadaky 25 müñe golaý musulmanyñ gylyçdan geçirilmegi, hökümdary otursa-tursa puşmanlykda goýupdyr. Şol ahmyr bilenem dünýeden ötüpdir. Taryhy Çeşmelere görä uzyn boýly, bugdaý reñk sypaty bolan Abdulhamit I gep düşündirişi örän ýumşak bolupdyr. Häsiýeti babatynda hem şeýle bolupdyr. Özüniñ hökümdarlyk lybasy bilen şäherde gezer eken. Ýetmezçilik ýa kynçylyk ýüze çykaýsa sadrazamlaryny halkyñ meselesini çözmek üçin ugradar eken. Şazada wagtlary Husni Hat ady bilen meşhur bolan Owadan ýazgylary bilen Kurany Kerimi ýazmagy, ok we ýaý ulanmaga ökde bolupdyr. Onuñ Muhammet pygamber hakynda ýazan goşgusy hem bardyr: Jenabym! Eý Allanyñ Resuly! Tut elimden! Senden başga kimim bar? Hiç kimsäde sygynmaryn! Sen bütin kaýynata hidaýat nurusyñ. Sen Jomartlygyñ syrysyñ, Eý iñ haýyrly ynamdarym.

Ony öwmek ömür boýy meniñ işim bolsun. Ony söýen Arş eýesiniñ gatynda ol meniñ ynamdarym.

Iñ gözel salawat we salamlar baky oña, Çäksiz we sansyz salamlar bile.

We şerep eýesi, jomartlyk deñizi, sahabat erbaby bütin aly we sahabyna bolsun[2]...

Abdulhamit I ylyma we senete düşünjeli garandygyna göz ýetirse bolýar. Ybraýym Muteferrika metbugatynyñ Mahmyt I döwründe ýapylmagyndan soñra Türkçe kitap neşir edýän onuñ döwründe täzeden açylypdyr. Aýratynam Medine şäherinde bir medrese gurdurypdyr, golýazma eserlerden ybarat uly kitaphana gurdurypdyr, kitaplar ugradypdyr. Köpler Osmanly patyşalary ýaly taryh kitaplary okamaga ýykgyn eder ekenler. Osmanly hökümdarlarynyñ arasynda iñ köp gowy eserleri çykaranlaryñ biri hem Abdulhamit I dir. Atasy Fatih Soltan Mehmediñ döwründe Unkapanyndaky Şebsefa Hatyn metjidiniñ gapdalynda ýerleşen Sport klubynyñ gapysyndaky gulpy aýyrdyp täzeden şüweleñ geçirmäge buýruk beren hem Abdulhamit I dir. Ol sport klupda göreş tutulýar eken. Hökümdarlyk döwründe şäherde yzygiderli ýangynlar çykar eken. 1782-nji ýylyñ Awgustynda dörän uly Stambul ýangynynda ody öçürmäge hut özi kömek edipdir[3] Abdulhamit I Sport bilen meşgullanmasa-da sport oýunlaryny gowy görendigini özüniñ kätibiniñ ýazan Ruznamasynda okasa bolýar. Baran ýerlerinde Enderunyñ hormatlanýan adamlaryny ok atma ýaryşmasyna goşýar eken. Gylyç we Naýza oýunlary tälim etdirýär eken. Jirit oýnadyp Pälwan göreşleri we jeñbaz oýunlary gurnar eken. Üstünlik gazananlary, sportçylary sylaglaýar eken. Lewent Gyşlagynda top atylyş ýaryşyny hem geçirdipdir. Topkapy Saraýynda ozanlara-sazandalara saz çaldyryp, aýdymçylara aýdym aýtdyryp gijelerine aýdym-saz şüweleñini gurdurýar eken. Kä günler agşamlyk wagtlary Garagöz (Karagöz) tansyny gurnap özi hem şatlanyp sereder eken. Onuñ edebi mirasy Topkapy saraý muzeýinde söýgi goşgulary saklanýar. Bu hatlaryñ birinde aşygyna ýalbaryp ýazan hatyna Filip Mansel ýaly keseki ýurtlaryñ taryhçylaryny haýrana goýupdyr[4] Ruhyşahym, señ Hamidiñ saña gurban bolsun. Jenaby Halyk älem mahlukatynyñ Halygydyr. Bir ýalbaranym üçin azap eýlemez. Jenabym, saña bent bolan guluñdyryn men, isle meni zarba eýle, isle meni öldür. Saña boýundyryn. Bu gije gel nyýazymdyr, billähi sebäbi illetum we belki möwtum (hassalyk belki-de ölmegime sebäp) bolsun. Aýagyñ astyna ýüzümi gözümi sürtüp ýalbarýaryn. Özümi tutup bilemok, billähil azym[5]. 

Maşgalasy düzet

Aýşa hatyn [6][7] (ö. 1775, jaýlandy Täze metjit. Stambul. Ruhşah hatyn [6][7] (ö 1808, Abdulhamit I mowzoleýinde jaýlandy. Stambul). Binnäz hatyn (ö. 1823-nji ýylyñ Iýun aýy. Abdulhamit I mowzeleýinde depin edildi) [4]. Newres Hatyn [6][7] 27.04.1774. ö Aprel 1797. Hamidiýe köç. ugr. Stambul depin edildi)[8]. Mehtabe hatyn[8] Mutebere hatyn ( 20.10.1774. ö.16.05.1837[6] Abdulhamit I mowzeleýinde depin edildi. Stambul). Humaýşa hatyn [6][7] (1775. ö. 26.08.1778. Stambul Täze Metjit). Şebsafa Hatyn (ö. 1805) Nagyşdil soltan[8] ö. 17.08.1817.  Synaperwer soltan (1776. ö. 11.12.1828 Eýýup Soltan metjidinde ýerlendi[8]. 

Ogullary düzet

Mustapa IV (1807-08) Mahmyt II (1808-39) Şazada soltan Nugman. Şazada soltan Abdylla (01.01.1776-01.01.1776). Şazada Soltan Mehmet (22.08.1776-20.02.1781) Şazada Soltan Ahmet (08.12.1776 - 18.12.1778). Şazada soltan Abdyrrahman 08.09.1777 - 08.09.1777). Şazada soltan Süleýman 13.03.1779 - 19.01.1786). Şazada soltan Abdulaziz (19.Awgust.1779-19 Awgust 1779)  Soltan Mehmey Nusret 20.09.1782-23.10.1785) Şazada Soltan Seýfulla Myrat (22.10.1783-21.01.1786)

Gyzlary düzet

Aýşa Dürrüşawar soltan (ö. 11.05.1831) Hatyja soltan 12.01.1776-08.11.1776) Aýşa soltan (30.07.1777-09.09.1777) Esma soltan 17.07.1778-04.06.1848) Rabiýa soltan (20.03.1780-28.06.1780) Mälikşa soltan (28.01.1781-24.12.1781) Rabiýa soltan (10.08.1781-03.10.1782) Patma soltan (12.12.1782-11.01.1786) Älemşa soltan (11.10.1784-10.03.1786) Saliha soltan (27.11.1786-10.04.1788) Emine soltan (04.02.1788-09.03.1791) Hibetulla soltan (16.03.1789-1-8.02.1841).

Çeşme düzet

[1] Hoiberg, Dale H., ed. (2010). "Abdulhamid I". Encyclopædia Britannica. I: A-ak Bayes (15th ed.). Chicago, IL: Encyclopædia Britannica Inc. p. 22. ISBN 978-1-59339-837-8

[2] Sagdy Çögenli we Salamy Bakyrçy. Abdulhamid we hüjre kasydasy. Täze Umyt. sah-69. Temmuz Eylül 2005. s.17-19. 

[3] Beşir Aýwazogly. Ataş deñizinde üç gün. Taýýarlaýan: Mustapa Armagan. Stambul Armagany 3 gündelik durmuşyñ reñkleri. Stambul 1997. Stambul neşirýaty. s-168.

[4] Philip Mansel. Constantinopole; City of the World's Desire. 1453-1924. London 1995. John Murray. s.226.

[5] Başgada şulara meñzeş ýazylan hatlar bilen birlikde bu haty şu çeşmeden aldyk: M. Çagataý Ulyçaýyñ Osmanly Soltanlaryna söýgi hatlary (s.121-134).

[6] Koja Aslan, Myrat. I. Abdulhamidiñ Stambuldaky işleri pp. 124–5.

[7] Junbur, Müjgan. I. Abdulhamid Wakfiýesi We Hamidiýe Kitaphanasy.

[8] Uluçaý, Mustapa Çagataý (2011). Patyşalaryñ hatynlary we gyzlary Ötüken. Ankara pp. 105–9.