Ferdöwsi
Abulkasym Mansur Hasan Ferdöwsi, "Şanama" eseriniň awtory, şahyr. Takmynan 933-nji ýylda Horasanyň gadymy şäheri Tusda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Çagalyk we ýetginjeklik ýyllary barada maglumat ýok diýen ýalydyr. Gowy bilim alan we Parsçany we Arapçany suwara bilipdir. Döwürdeşleri oňa "häkim" tahallusyny beripdir. Ferdöwsi uzak wagt Gaznada ýaşan we Soltan Mahmyt Gaznawynyň hyzmatynda bolan. 1020-nji ýylda aradan çykdy. Şahyryň mazaryna 1935-nji ýylda doglan gününiň 1000 ýyllygy mynasybetli kaşaň aramgäh guruldy.
Ferdöwsi Ferdosi فردوسی | |
Doglan wagty we ýeri | 940 Tus, Samaniler |
---|---|
Aradan çykan wagty we ýeri | 1020 Tus, Gaznalylar |
Käri | Şahyr |
Dili | gadymy Pars dili |
Periýod | Samaniler we Gaznalylar |
Epiki poema “Şanamanyň” awtory Abulkasym Mansur Hasan Ferdöwsi biziň sebitlerimizde uly meşhurlyga eýedir. Ferdöwsi takmynan, 933-nji ýylda Horasanyň gadymy şäheri Tusda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Onuň çagalyk we ýetginjeklik ýyllary barada maglumat ýok diýen ýalydyr. Ol öz döwrüniň gowy bilimini alyp, şol döwrüň edebi dilleri – parsça we arapça suwara gürläp başarypdyr. Ferdöwsi ylma aýratyn hormat goýupdyr. Oňa döwürdeşleri çuňňur we giň bilimi üçin, “häkim” ýagny akyldar tahallusyny beripdirler.
Ferdöwsi uzak wagtlap Gaznada ýaşap, Soltan Mahmyt Gaznawynyň hyzmatynda bolýar. Ol “Şanamany” hem oňa bagyşlap ýazýar. Onuň mesnewi galybyndaky “Şanama” eposy möçberi boýunça juda uly eserdir. Dürli hasaplamalara görä, Ferdöwsi bu gahrymançylykly eserini ýazmaga ömrüniň 35 ýylyny sarp edipdir. “Şanama” giň we saldamly taryhy eser bolup, adamzat jemgyýeti döränden soň ilkinji patyşa Keýumersiň patyşalyk eden döwri baradaky kyssa bilen başlanýar. Uly göwrümli eseriň gahrymançylykly bölüminde pälwan Zalyň we onuň ogly Rüstemiň gahrymançylygy hem-de olaryň deňsiz-taýsyz güýçleri barada söhbet edilýär. Syýawuş hakyndaky hekaýada bolsa, Watan goragy dabaralandyrylýar.
Şol zamanyň şahyrlarynyň milli düşünjeleriniň ösmegi bilen öz taryhy geçmişine gyzyklanmagy, olara täzeçe çemeleşmäge bolan islegi barha artýar. Şeýlelikde, taryhy rowaýatlaryň doly ýygyndysyny taýýarlamak üçin birnäçe synanyşyklar edilýär, ýöne has uly tutanýerliligi talap edýän bu işiň hötdesinden diňe Abulkasym Ferdöwsi gelýär. Ol Eýranyň taryhy rowaýatlaryny dolulygyna şygyr görnüşinde beýan etmeli diýen netijä gelýär. “Şanama” 60 müň beýtden ybarat bolup, Eýranyň 53 hökümdarynyň patyşalyk eden döwrüni öz içine alýar. Ferdöwsiniň özi poemasynyň diňe şalyklar baradadygyny öňe sürse-de, edebiýatçylar awtoryň ulanan çeşmelerine laýyklykda, ony üç sany uly ugra – mifologik, rowaýaty we taryhy şahalara bölýärler. Ferdöwsi resmi sasanid taryhy çeşmelerine salgylanyp, patyşalygy Peşdadiler, Keýaniler, Eşkaniler, Sasaniler ýaly 4 hanadanlyga bölýär. “Şanamada” sözüň hakyky manysyndaky juda täsin hyýaly dünýä bar. “Şanama” durşuna gündogar rowaýaty. Hut şonuň üçinem ol gyzykly, göwünlere ganat berýän ajaýyp eserdir.
Beýik şahyr 1020-nji ýylda aradan çykýar. Şahyryň mazaryna 1935-nji ýylda doglan gününiň 1000 ýyllygy mynasybetli kaşaň aramgäh gurulýar.
Şahyryň aramgähi abatlanylýar
Eýran Yslam Respublikasynyň habar beriş serişdeleriniň habarlaryna görä, häzirki wagtda Ferdöwsiniň aramgähini abatlamak maksady bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Medeni miras, senetçilik we syýahatçylyk guramasy tarapyndan Maşadyň golaýyndaky Tus şäheriniň medeni miras toplumynda iri taslama amala aşyrylýar. Bu taslama Tus şäherinde ýerleşýän Abulkasym Mansur Hasan Ferdöwsiniň aramgähini we onuň ýanaşyk ýerindäki 6 gektardan ybarat medeni miras toplumyny öz içine alyp, ýakyn günlerde ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Eserleri
düzet- sumrug gus - Mesnewi galybynda ýazylan.
Taryhy işleri
düzetFerdöwsi resmi sasanid taryhy çeşmelerine salgylanyp, patyşalygy Peşdadiler, Keýaniler, Eşkaniler, Sasaniler ýaly 4 hanadanlyga bölýär.
Çeşme
düzetGündogaryň beýik şahyry Archived 2019-03-30 at the Wayback Machine - Zaman Türkmenistan, 24/06/2018. 12/08/2018 senesinde ulaşyldy.