Užownikler maşgalasy (ужовник обыкновенный)(lat. Ophioglossum vulgatum) — Ýagdaýy. Derejesi I (CR). Düýbünden ýitip barýan görnüş.

Adaty užownik

Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti

düzet

Ýeke-täk duşýan ýeri bilen belli ösümlik. Bezeg ähmiýetli.

Gysgaça beýany

düzet

Boýy 10–15 sm bolan köpýyllyk ösümlik. Gysga porrugynda uzyn sapak şekilli kökjagazlaryň bogdagy ýerleşýär. Ýapragy köplenç ýeke bolup, ýaprak sapagynyň düýbi teňňe şekilli ýaprak gynyna öwrülen. Ýapragyň sporasyz bölegi etlek, ýumurtga şekilli, birneme daralan düýbi sporaly okly bölegi bilen gurşalan görnüşinde.

Ýaýraýşy

düzet

Günorta-Günbatar Köpetdag (Ýoldere jülgesi). Türkmenistandan daşarda — Krym, Kawkaz, Skandinawiýa, Demirgazyk Afrika, Günbatar Sibir.

Bitýän ýerleri

düzet

Dagyň aşaky guşaklyklary,yzgarly we batgalyk ýerler, dag çeşmeleriniň kenar ýakalary.

Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy

düzet

Az sanly. Soňky ýyllarda populýasiýalarda bäşe golaýy hasaba alyndy.

Esasy çäklendiriji sebäpler

düzet

Ösýän ýerleriniň çeşmäniň suwy bilen ýuwulmagy, mal bakylmagy.

Biologiýasynyň aýratynlyklary

düzet

Sporalar arkaly köpelýär. Ösüş döwri aprel aýynyň başyndan — awgust aýyna çenli dowam edýär. Sporalary iýul–awgust aýlarynda ýetişýär.

Gorag üçin görlen çäreler

düzet

Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Sünt — Hasardag döwlet goraghanasynda goralýar.

Gorag üçin zerur çäreler

düzet

Ösýän ýerlerini aýratyn gözegçilikde saklamaly.

Barlaglar boýunça teklipler

düzet

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň Botanika bagynda ösdürip ýetişdirmeli. Täze duşýan ýerlerini gözlemeli, biologiýasyny we ekologiýasyny öwrenmeli.

Düzüjiler: O. Ý. Rahmanowa, J. Gurbanow