Agaç
Agaç (lat. árbor) — agaç ýaly ösümlikleriň ýaşaýyş görnüşi bolup durýar. Köpýyllyk uly ösümlikleri, pürsi, oduny aňladýan bu sözüň asly ýagaç bolup, başky ý sesiniň täsiri bilen onuň yzyndan gelýän a sesi y sesine öwrülipdir: ýagaç–ýygaç. Uýgur dilinde bu söz häzirem ýagaç görnüşindedir. «Diwanda» we «Kutadgu-biligde» ol ýygaç görnüşinde duş gelýär. Garaçaý
alymy M.Habiçew agaç sözüniň ýagaç şekilinden ugur alyp, bu sözi işligiň ýag/ýak («ýakmak», ýagny «odun») kökünden we -aç goşulmasyndandyr çaklaýar. [1]
Çeşmeler
düzetWikimedia Commonsda Agaç bilen bagly medýa faýllary tapyp bilersiňiz. |
- ↑ Çeşmesi: S.Atanyýazow, Türkmen diliniň sözköki (etimologik) sözlügi. Aşgabat, "Miras" 2004.