Agaç hudaýatysy
Orta Aziýanyň agaç hudaýatysy (lat. Hierodula tenuidentata) — hakyky hudaýatylar maşgalasyna degişli mör-möjek. Ýagdaýy. Derejesi III (VU). Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Hindi-malaý faunasynyň görnüşi. Ilkinji beýanly aşaky görnüş H. t. tenuidentata Saussure, 1869 Türkmenistanda gabat gelýär.
Gysgaça beýany. Açyk-ýaşyl, käwagt goňrumtyl-sary reňkli, iri hudaýaty. Arka öňüniň gapdallaryndaky erňekleri erkeginiňki ýylmanak, urkaçylarynyňky dişdiş. Ganat üstleri ak „gözjagazly“ (stigmaly). Erkekleriniň bedeniniň uzynlygy 44–59, urkaçylarynyňky 55–75 mm.
Ýaýraýşy. Amyderýanyň, Murgabyň, Tejeniň we Sumbaryň jülgeleri. Türkmenistandan daşarda — Täjigistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Hindistan. Ýaşaýan ýerleri. Derýalaryň, akabalaryň, kölleriň kenar ýakalaryndaky agaçlaryň, gyrymsy agaçlaryň aralary. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. 2005‑nji ýylyň iýun aýynda Atamyrat ş. töwereklerinde Amyderýanyň jeňňelliginde we 2008‑nji ýylyň awgust aýynda Galkynyş şäherçesiniň töwereklerinde igde we toraňňy agaçlarynda iki-ýeke hudaýatylar gabat geldiler. Esasy çaklendiriji sebäpler. Agaçlaryň, gyrymsy agaçlaryň çapylmagy. Derýalaryň jülgelerinde ekin meýdanlarynyň we öri meýdanlarynyň himiki serişdeler bilen işlenilmegi.
Biologiýasynyň aýratynlyklary. Gyş döwründe ýumurtgalary agaçlaryň şahalaryndaky ykyryklarda ýerleşýär. Düwünçek döwri iki aý töweregi dowam edýär, liçinkalary maý aýynda dogulýar. Ýyrtyjy. Şirejeler, jyzlanlar, çekirtgeler we beýleki mör-möjekler bilen iýmitlenýär. Jyns taýdan ýetişenleri oktýabr aýynyň aýagyna çenli duş gelýär.
Köpeldilişi. Iş geçirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Amyderýa we Sünt-Hasardag döwlet goraghanalarynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň çapylmagyny we ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriň ulanylmagyny çäklendirmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Sumbaryň jülgesinde populýasiýanyň ýagdaýyny öwrenmeli.
Düzüji: E. O. Kokanowa