Annaberdi Atdanow
Annaberdi Atdanow — Türkmenistanyň halk artisti
Annaberdi Atdanow | |
Annaberdi Atdanow Türkmenistanyň halk artisti | |
Doglan wagty we ýeri | Maý 7, 1940 Ýarajy obasy, Baharly etraby |
---|---|
Aradan çykan wagty we ýeri | Dekabr 31, 1982 |
Käri | bagşy |
Dili | türkmençe |
Terjimehal
düzetTürkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanow 1940-njy ýylda Bäherden etrabynyñ Ýarajy obasynda daýhan maşgalasynda eneden bolýar. Annaberdi atasynyñ we kakasy Atdan aganyñ çalan sazlaryna ýaşlykdan öwrenipdi. Ol ilki aýdym aýtmaga başlamanka, dutar çalmagy öwrenipdi. 1959-njy ýylda çeper-höwesjeñleriñ respublikan gözden geçirilşine gatnaşyp TSSR medeniýet ministirliginiñ Hormat hatyna mynasyp bolýar. 1964-nji ýylda bolsa TSSR Ýokary Sowetiniñ Prezidiumynyñ Hormat haty bilen sylaglanýar. Annaberdi Atdanow 1970-nji ýylda Türkmen döwlet filarmoniýasynda işe başlaýar. Ýetmişinji ýyllarda Annaberdiniñ owazy has-da giñeldi. Onuñ owazy Kanada, Mongoliýa ýaly ýurtlarda ýañlandy. Onuñ aýdymlary hem çeper telefilimlerde ýañlandy. 1992-nji ýylyñ 11-nji Martynda Annaberdi Atdanowa Türkmenistanyñ halk artisti diýen at dakyldy. Annaberdi Atdanow 1982-nji ýylyñ 31-nji dekabyrynda ulag-ýol heläkçiliginde aradan çykýar. Halk özüniñ bilbil owazly ogluny hemişe ýatlaýar, onuñ miras goýup giden aýdymlaryny höwes bilen diñleýär, lezzet alýar.
Çeşmeler
düzet- [[1]]