Asr
Ikindi namazy (arap. صلاة العصر).
Wagty
düzetIkindi namazynyň wagty ýokarda geçen iki garaýşa laýyklykda, öýle wagtynyň gutarmagyndan başlap, Gün batýança dowam eder. Öýle wagtynyň gutarýan mütdeti bilen baglanyşykly tapawutly garaýyşlar sebäpli, ikindi namazyny kölegäniň iki esse uzaýan wagtynda okamak iň laýygydyr. Mujtehidleriň aglabasyna görä, ikindi namazyny Gün şöhlesiniň kütelip saralmagyna (ysfyrar) çenli gijikdirmek mekruhdyr. Çünki, Pygamberimiz şeýle buýrupdyr: «Bu wagtda okalan namaz münafyklaryň namazydyr. Münafyk oturyp Güne garaşar. Gün şeýtanyň iki şahynyň arasyna girende (batmagyna az wagt galanda) howlugyp, ikindini dört rekegat okar we Allahy sähelçe ýatlar», (Mälik «Muwatta»). Yslam alymlaryna görä, Kurany Kerimde geçýän «Salaty wusta» (orta namaz) ikindi namazydyr. Munuň delili hz. Aişäniň gürrüň beren şu hadysydyr:
Resulullah ﷺ
«Namazlary dowam ediň, orta namazyny-da dowam ediň»
— Bakara, 238.
diýen aýaty okady. Soňra-da: «Orta namaz ikindi namazydyr» diýdi.
Ikindi namazynyň okalyş düzgüni
düzetIkindi namazy dört sünnet we dört farz bolup, jemi sekiz rekagatdyr. Ilki sünneti okalýar. Ikindi namazynyň sünnetini okamak ýurdumyzda beýle meşhur däldir. Ikindi namazynyň sünnetini okamak üçin ilki niýet edilýär, soňra edil öýle namazynyň sünneti ýaly okalýar. Ýöne ikinji rekagatyň soňundaky birinji oturylyşda öýläniň sünnetinde diňe tahyýýat okalýan bolsa, ikindiniň sünnetinde salawatlar hem okalýar. Üçünji rekagatda-da namaza täzeden başlaýan ýaly, ilki «Subhaneke» okap, «ä’uzu-besmele» aýdylýar we Fatiha bilen zammy sure okalýar. Dördünji rekagatda hem Fatiha bilen zammy sure okalýar. Şeýlelikde, ikindi namazynyň sünneti tamamlanýar. Ikindiniň farzy öýläniň farzy ýalydyr, diňe niýet üýtgeşikdir. Ikindi hem öýle ýaly hafi (içiňden) okalýar.