Balkanabat
Balkanabat şäheri, (Öňki ady Neftedag, Nebitdag) Türkmenistanda bir şäher, Balkan welaýatynyň merkezi şäheri. Uly Balkan dagynyň eteginde ýerleşýär. Deňiz derejesinden 17m beýiklikde. Koordinatalary 39°31′0″N 54°22′0″E.]
Ilaty: 120800 adam(2011ý).
Dili: türkmen, rus, emma statistikanyň aýtmagyna görä 2011-nji ýyldan bäri dogan her 10 çagadan 7-8 türk dilinde telewidnýa kanallary seretmegi esasynda türk dili gürleýänleriň sany rus dili güreýänleriniňkiden köpelýär, rus dilinde gürleýänler ýitip barýar, diňe uly ýaşdakylar SSSR-den galanlar gürleýärler.
Milleti: türkmen
Pul birligi: manat
Taňs: küştdepdi
Geografiýa
düzetUly Balkan dagynyň etegenide ýerleşýän Balkanabat şäheri, beýik nokadynyň ady Arlan.
Taryhy
düzetNebitdag şäheri ilki başda 13-nji demirýol duralga eken. Ol 1933-nji ýylda "Transkaspi" demir ýolunyň ugrunda nebitiň uly gorlarynyň tapylmagy bilen düýbi tutulýar. Hökümet topary bilen Türkmenistana gelen akademik, geolog I.M.Gubkin Nebitdaga kömek berilmegini guramak üçin uly iş alyp bardy. 1946-njy ýylda şäher derejesi berildi (käbir maglumatlara görä 1933-nji ýyl). 1933-nji ýyla çenli 13-nji stansiýa ýada demiryol duralgasy diýlip, 1936-njy ýyla çenli Neftedag, 1999-njy ýyla çenli Nebitdag we 1999-njy ýylyň başynda ýagny ýanwar,fewral aýlarynda Nebitdag şäheri adyny Balkanabat şäheri diýlip üýtgedildi. Balkanabat şäheri diýilmeginiň düýp sebäbi asyl manysy Balkan sözünden gelip çykyp şeýleräk düşündirilýär: Balkan welaýaty esasan topragynyň astynyň hem üstüniň hem baýlyklar bilen gurşalyp alynanlygy sebäpli "topragyndan bal-akýar, bal-akan" diýlip goýulýar.
Ykdysadyyet - Senagat
düzetBalkanabat häzirki döwürde nebit we tebigy gaz öndürmede senagat merkezidir.
Sport - Durmuş - Bilim
düzetŞäherdäki sport topary:
Şäherdäki bilim ojaklary:
2 sany ýokary okuw mekdebi:
- Türkmen döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat şäherindäki bölümi
- Nebit we gaz gözleg agtaryş ylmy instituty
5 sany orta hünär okuw mekdebi
- Nebit-gaz orta hünär okuw mekdebi
- 5-nji nebit we gaz orta hünär okuw mekdebi
- Medisinia orta hünär okuw mekdebi
- Sazçylyk we aýdym orta hünär okuw mekdebi
- Çeperçilik orta hünär okuw mekdebi
24 sany orta mekdep bar.
- 1-nji orta mekdep
- Magtymguly adyndaky 2-nji orta mekdep
- Daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdep
- 4-nji orta mekdep (Jebel şäherçesinde ýerleşýär)
- 5-nji orta mekdep
- 6-njy orta mekdep
- 7-nji orta mekdep
- 8-nji orta mekdep
- 9-njy orta mekdep
- 10-njy orta mekdep
- 11-nji orta mekdep
- 12-nji orta mekdep
- Hanguly Tekebaýew adyndaky 13-nji orta mekdep[1]
- 14, 15, 16, 17, 18, 19, 20, Tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdep, Fizika we matematika derslerine ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdep, 23 we 24--nji orta mekdepler
Belli Ýerler
düzet- Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky milli drama teatry
- Balkan welaýat kitaphanasy
- Balkan welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi
- Balkanabat stadiony
- Magtymguly ýadygärligi
- Şäher häkimligi meýdançasy
- Şäher parky
- Baýdak meýdançasy
- Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýadygärligi
- Atamyrat Nyýazow ýadygärligi (Ýeňiş ýadygärligi)
- Balkanabat şäher nyşany (emblemasy) bolan "Düýe" heýkeli
- Saglyk ýoly