Bawariýa
Bawariýa (nem. Bayern) — Germaniýa Federatiw Respublikasynyň (GFR) günortasynda we günorta-gündogar böleginde ýerleşýän toprak. Ol tutýan meýdany boýunça GFR-iň düzümindäki iň uly toprak bolup durýar.
Administratiw bölünişi: ýedi sany administratiw okrugy — Ýokarky Frankoniýa, Ortaky Frankoniýa, Aşaky Frankoniýa, Ýokarky Pfals, Aşaky Bawariýa, Ýokarky Bawariýa, Şwabiýa. Paýtagty — Mýunhen şäheri. Ilatynyň esasyny dört sany halk düzýär — bawarlar, frankonlar, şwablar we sudet nemesleri.
Meýdany 70,6 müň km2. Ilaty 10,5 mln. adam (1969). Bu ýerde Alp daglarynyň iň belent nokady Ssugşpitsse 2963 m-e ýetýär. Ýanwaryň ortaça temperaturasy 0 °C,—3 °C, iýulyňky +15 °C, +29 °C. Ýylyň dowamynda 935 mm ygal duşýär. Bawarýanyň territoriýasynyň 1/3 bölegi tokaýlykdyr, çemenlikleriň, dag çemenlikleriniň ep-esli bölegi şu regiondadyr. Uly derýalary Dunaý we onuň goşantlarydyr. Bawariýa GFR-iň industrial-agrar ýeridir. Senagatyň maşyn gurluşygy, elektrotehnika, dokma, azyk, nebiti gaýtadan işleýän pudaklary ösendir. Oba hojalygynda däne, gant şugundyry, kartoşka we başga ekinler ekilýär. Maýn derýasynyň jülgesiide üzümçilik bilen hem meşgullanylýar. Demir ýollaryň köpüsi elektrifikassiýalaşdyrylandyr. Dunaý we Maýn derýalary gämi gatiawly. Bawariýada 3 uniwersitet bar.