Bazarow Batyr Aganazarowiç
Bazarow Batyr Aganazarowiç - Türkmenistanyň döwlet işgäri.
Bazarow Batyr Aganazarowiç | |
Doglan wagty we ýeri | 1976 Lebap welaýaty, Saýat şäherçesi |
---|---|
Käri | Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri |
Milleti | Türkmen |
Doglan senesi we ýeri
düzet1976-njy ýylda Lebap welaýatynyň Saýat şäherçesinde doguldy. Milleti turkmen.
Bilimi we hünäri
düzetÝokary bilimli. 1997-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny, 2002-nji ýylda Moskwanyň kommersiýa institutyny, 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyny tamamlady. Hünäri boýunça matematik, informatika we hasaplaýjy tehnikasynyň mugallymy, maliýe we karz işi boýunça ykdysatçy.
Zähmet ýoly
düzetZähmet ýoluna 1997-nji ýylda Türkmenistanyň «Türkmenistan» Döwlet täjirçilik bankynyň Lebap welaýat dolandyrmasynyň uly hasapçysy bolup başlady. 1998-1999-njy ýyllarda harby gullukda boldy. 1999-2000-nji ýyllarda hasap amallary bölüminiň hasapçysy, soňra 2001-nji ýyla çenli Türkmenistanyň «Türkmenistan» Döwlet täjirçilik bankynyň Lebap welaýat dolandyrmasynyň «Amul» şahamçasynyň uly hasapçysy. 2002-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň kopugurly hassahanasynyň ykdysadyýetçisi, meýilnama we maliýye bölüminiň başlygy bolup işledi. 2010-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň häkimliginde baş hasapçy, hasaplaşyk bölüminiň başlygy-baş hasapçy, hasaplaşyk bölümçesiniň başlygy-baş hasapçy bolup işledi. 2010-2014-nji ýyla çenii Lebap welaýatynyň Baş ykdysadyýyet we ösüş müdirliginiň başlygy. 2014-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň başlygy wezipesinde işledi. 04.2016-05.10.2017-nji ýyllar Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri. 05.10.2017-nji ýylda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine bellendi.
Döwlet sylaglary we atlary
düzet- «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Çeşmeler
düzet- Türkmenistanyň Prezidenti wezipelere bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi[permanent dead link] //www.turkmenistan.gov.tm
Edebiýat
düzet- "Türkmenistan" gazeti, №271 (28855) 2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 6-sy, S.1.
name of the bot |
{{{bot}}} |
Programming language |
[[{{{programming language}}}]] |
name of operator |
[[{{{operater}}}]] |
activities |
{{{activities}}} |
contact page |
{{{contact}}} |
Emergency bot shutoff button |
• |
Administrators: Use the button if the bot is not working properly. |
Bu bazary, satiş we ykdysadyýet binalary we strukturasy makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |