Bosniýa we Gersegowina
(Bosniýa we Hersegowina sahypasyndan gönükdirildi)
Bosniýa we Hersegowina Respublikasy (bosn. we horw. Bosna i Hercegovina, BiH, serb. Босна и Херцеговина, БиХ) — Balkan ýarymadasynyň merkezi bölegindäki konfederatiw döwlet. Ol Bosniýa we Gersegowina Federasiýasy, Serb Respublikasy we Brçko okrugy diýen awtonom administratiw birliklerden emele gelýär. Ýurduň ady Bosna derýasynyň adyndan we nemes tituly bolan "hersog" sözünden gelip çykýar.
Ol günbatarda we demirgazykda Horwatiýa, gündogarda Serbiýa, günorta-gündogarda Montenegro bilen serhetleşýär. Adriatik deňzine uly bolmadyk çykalgasy bar.