Ebu Ybrahym Faraby
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Abu Ybrahym Faraby (Yshak ibn Ybrahym, iňl. Abu Ibrahim Ishaq ibn Ibrahim al-Farabi) - edebiýatçy we dilçi. Gelip çykyşy boýunça türki taýpadan bolup, "Sahahullugat" atly meşhur sözlügi ýazan belli dilçi alym Abu Nasyr Ysmaýyl ibn Hamat Jöwheriniň daýysy (Abu Nasr Isma'il ibn Hammad al Jauhari). Ol Türkmenistanyň gadymy Paraw (Ferawa -häzirki Gyzylarbadyň golaýynda) şäherinde önüp-ösüp, 350 hijri ýylynda (962) aradan çykypdyr. Onuň leksikografiýa degişli "Kitab diwanul-edep" atly eseri bar. Awtor bu kitabyny Atsyz ibn Horezmşa bagyşlap döredipdir. Ol Ibn Küteýbäniň "Edebil kätip" diýen kitabyna hem syn ýazypdyr.
Bu makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |