Open main menu
EN (ISO 639-1)
Anglospeak.png

Iňlis dili (english,the english language): Angliýa­nyň we Beýik Britaniýa­nyň res­mi di­li, ABŞ-nyň otuz bir şta­ty­nyň res­mi di­li, Irlandiýa­nyň, Kanada­nyň we Malta­nyň res­mi iki di­li­niň bi­ri, Awstraliýa­nyň we Täze Zelandiýa­nyň res­mi di­li. Ol Azi­ýa­nyň kä­bir döw­let­in­de (Hindistan, Päkistan we beý­le­ki­ler) res­mi dil hök­mün­de ula­nyl­ýar.


Hin­di-­ýew­ro­pa dil­ler maş­ga­la­sy­nyň ger­man di­li­ne de­giş­li­. Ene di­li hök­mün­de ula­ny­jy­la­ryň sa­ny 410 mil­lio­na go­laý, ikin­ji di­li hök­mün­de gür­le­ýän­ler hem 1 mil­liard tö­we­re­gi. BMG-niň al­ty res­mi we iş dil­le­ri­niň bi­ri.

Şu diliň lek­si­ka­sy­nyň 70 gö­te­ri­mi alyn­ma söz­ler­dendir. Ýa­zu­wy la­tyn elip­biý­si­niň esa­syn­da VII asyr­dan bä­ri do­wam edip gel­ýär. Dürs ýa­zu­wyn­da dä­be öw­rü­len ýa­zuw esa­sy orun eýe­le­ýär.

Uly harplar
A B C D E F G H I J K L M N O P Q R S T U V W X Y Z
Kiçi harplar
a b c d e f g h i j k l m n o p q r s t u v w x y z

Mazmuny

Dürs ýazuwyEdit

Iň­lis di­li­niň dürs ýa­zu­wyny hin­di­-ýew­ro­pa dil­ler maş­ga­la­sy­nyň ara­syn­da öw­ren­me­si iň kyny ha­sap­lan­ýar. Ol ir­ki Gal­ky­nyş döw­rü­niň iň­lis di­li­ni şöh­le­len­di­rip, hä­zir­ki bri­ta­ni­ýa­ly­la­ryň, ame­ri­ka­ly­la­ryň, awst­ra­li­ýa­ly­la­ryň we beý­le­ki di­li ula­ny­jy­la­ryň gep­le­şik di­li­ne bü­tin­leý ga­bat gel­me­ýär. Söz­le­riň hem­me­si di­ýen ýa­ly baş­ga­ça ýa­zy­lyp, oka­lan­da aý­dyl­ma­ýar. Şu­nuň ýa­ly “oka­ma­gyň düz­gü­ni” ka­da­ny boz­ma­gyň ýo­ka­ry gö­te­ri­mi bi­len çäk­len­di­ri­len bo­lup, nä­hi­li hem bol­sa ha­ky­ky ma­ny­sy­na tä­sir ýe­tir­ýär. Bu dili öwrenýänleriň her bi­ri tä­ze sö­züň ýa­zy­ly­şy­ny we oka­ly­şy­ny öw­ren­me­li bol­ýar­lar. Şo­nuň üçin söz­lük­ler­de her bir sö­züň ýa­zy­ly­şy­nyň usu­ly­ny gör­kez­mek düz­güne giripdir.

TaryhyEdit

Häzirki zaman iňlis diliniň düýbüni tutanlar – german taýpalary angllar,sakslar we ýutlar bolup,V asyryň ortalarynda Britan adalaryna göçüp gelipdirler.Şu döwürde olaryň dilleri nemes we frisleriňkä ýakyn bolupdyr we ol özüniň soňky ösüşinde,beýleki german dillerinden arasyny açypdyr.Gadymy iňlis dili bolan,anglo-sakson dili (köp sanly barlag geçirijiler gadymy iňlis dili hasaplaýarlar) az özgerişlere sezewar bolupdyr.Iňlis dili ýüzýyllyklaryň dowamynda Ýerde iň köp ulanylýan dilleriň biri.Oňa Beýik Britaniýanyň alyp baran syýasaty,esasan hem Demirgazyk Amerikada we Awstraliýada alyp baran syýasatlary ýardam edipdir.Ikinji Jahan urşundan soňra iňlis diliniň ähmiýeti has artdy.Häzirki wagtda döwürleýin we döwürleýin däl neşirler,telewideniýe,kino,radio,kitaphana fondlary,iňlis Internet sektory we beýleki çeşmelerden ybarat iňlis dilindäki maglumatlar giňişligine,möçberine we mazmunyna görä deňsiz taýsyz.Inlis dilinde ägirt uly möçberde çeper we ylmy-tehniki edebiýatlar ýazylan.Tehniki,tehnologik,patent resminamalary,ylmy eserler köplenç iňlis dilinde ýazylyp,soňra beýleki dillere terjime edilipdir.Bularyň ählisi iňlis dilini dünýäde aragatnaşygynyň möhüm serişdesine öwürýär.

Ga­dy­my iň­lis diliEdit

Hä­zir­ki za­man iň­lis di­li­niň düý­bü­ni tu­tan­lar – ger­man taý­pa­lary angl­lar, saks­lar we ýut­lar bo­lup, V asy­ryň or­ta­la­ryn­da Bri­tan ada­la­ry­na gö­çüp ge­lip­dir­ler. Şu dö­wür­de ola­ryň dil­le­ri ne­mes we fri­sleriňkä ýa­kyn bo­lup­dyr we ol özü­niň soň­ky ösü­şin­de, beý­le­ki ger­man dil­le­rin­den ara­sy­ny açyp­dyr. Ga­dy­my iň­lis dili bolan, ang­lo–sak­son di­li (köp san­ly bar­lag ge­çi­ri­ji­ler ga­dy­my iň­lis di­li ha­sap­la­ýar­lar) az öz­ge­ri­şe se­ze­war bo­lup­dyr.

Angl-saks­lar Be­ýik Bri­ta­ni­ýa gö­çüp ge­lip, ýer­li ýa­şaý­jy­lar – kelt­le­re gar­şy gö­reş alyp ba­ryp­dyr­lar. Kelt­ler bi­len bu bag­la­ny­şyk ga­dy­my iň­lis di­li­niň gur­lu­şy­na we onuň söz­le­ri­ne tä­sir et­män­dir di­ýen ýa­ly­dyr. Kelt­le­riň ga­dy­my iň­lis di­li­ne şeý­le gow­şak tä­si­ri­ni, ang­lo-saks­lar bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, kelt me­de­ni­ýe­ti­niň gow­şak bo­lan­ly­gy bi­len tes­wir­le­nýär. Bri­ta­ni­ýa­da rim­li­le­riň tä­si­ri ga­ty uly bolupdyr. La­tyn söz­le­ri ga­dy­my iň­lis di­li­ne bir­nä­çe tap­gyr­lar­da gi­rip­dir. Bi­rin­ji­den, la­tyn di­lin­den al­nan söz­le­riň bir bö­le­gi­ni Ýew­ro­pa­nyň de­mir­ga­zyk se­bit­le­ri­niň ger­man dil­li ila­ty ola­ryň he­niz Bri­tan ada­la­ry­na gö­çüp bar­ma­zyn­dan ozal, ka­bul edipdirler. La­tyn söz­le­ri­niň ýe­ne-de bir bö­le­gi hris­ti­an­ly­gyň Britaniýa ara­la­şan döw­rü­ne de­giş­li­dir.

Or­ta asyr iň­lis diliEdit

Iň­lis di­li­niň in­di­ki ösüş tap­gy­ry 1066 ýyl­dan 1485-nji ýyl­la­ra çen­li ara­ly­gy öz içi­ne al­ýar. 1066-njy ýyl­da ga­dy­my nor­man – fran­suz şi­we­sin­de gür­le­ýän nor­man­la­ryň gel­me­gi bi­len iň­lis di­li tä­ze lek­si­ka gat­la­gy­na eýe bo­lup­dyr. Uzak wagt­lap nor­man-fran­suz di­li Ang­li­ýa­da but­ha­na we ýo­ka­ry syn­pyň do­lan­dy­ryş di­li bol­ma­gyn­da gal­ýar.

Nor­man - fran­suz di­li 1385-nji ýyl­da ýa­ty­ry­lyp, iň­lis di­li ula­ny­şa gi­ri­zi­lýär. 1483-nji ýyl­da par­la­ment ka­nun­la­ry iň­lis di­lin­de ne­şir edil­mä­ge baş­laýar. Iň­lis di­li­niň esa­sy ger­man di­li bol­sa-da ol öz dü­zü­mi­ne ga­dy­my fran­suz di­li­ni­niň ägirt yly möç­ber­dä­ki söz­le­ri­ni gi­ri­zip­dir we bu ýagdaý dil ga­ry­şyk­ly­gy­na alyp ba­ryp­dyr. Ga­dy­my fran­suz söz­le­ri­niň ara­laş­ma pro­se­si tak­my­nan 1200-nji ýyl­dan tä or­ta asyr iň­lis dili döw­rü­niň ahy­ry­na çen­li do­wam edip­dir. Bu ýag­daý 1250-1400 ýyl­lar ara­ly­gyn­da ýo­ka­ry de­re­jä ba­ryp ýet­ýär.

Tä­ze iň­lis dili döwriEdit

Hä­zir­ki za­man Ang­li­ýa­nyň iň­lis di­li­niň ösüş döw­ri XV asy­ryň ahyr­la­ryn­dan baş­la­ýar. Ki­tap ne­şir et­megiň ös­me­gi we kitaplaryň giň­den ýaý­ra­dyl­ma­gy bi­len ki­tap di­li­niň ka­da­la­ry­nda dur­nuk­laş­ma­ bo­lup geç­ýär we fo­ne­ti­ka we gep­le­şik di­li öz­ge­rip baş­la­ýar.

Iň­lis di­lin­de köp san­ly şi­we­ler bar. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ola­ryň gör­nüş­le­ri Ame­re­ka ga­ra­nyň­da, has köp bo­lup, XX asy­ryň or­ta­la­ry­na çen­li or­ta at­lan­tik (Mid-At­lan­tic) şi­we­si esa­sy ede­bi­ýat ka­da­sy bo­lup­dyr.

Iň­lis di­li­ni we beý­le­ki giň­den ýaý­ran dil­le­ri ula­ny­jy­la­ryň ta­kyk sa­ny­ny kes­git­le­mek ýe­ňil däl. Dür­li çeş­me­ler iň­lis di­li­ni ula­nýanlaryň sanyny dün­ýä­de ikin­ji we dör­dün­ji ýe­re çen­li ara­lyk­da goý­ýar­lar. Bi­rin­ji ýe­ri iki es­se ara­ny açyp, hy­taý di­li eýe­le­ýär. Da­şa­ry ýurt di­li hök­mün­de iň­lis di­li­ni bil­ýän­le­riň sa­ny hak­da­ky mag­lu­mat­lar aý­dyň­laş­dy­ryl­ýar. Bu ba­ra­da 600 mil­li­on­dan tä 1,2 mil­li­ar­da çen­li ara­lyk­da­ky san­lar ag­zal­ýar.

Iň­lis di­li ýüz­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da Ýer­de iň köp ula­ny­lan dil­le­riň bi­ri. Oňa Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň alyp ba­ran sy­ýa­sa­ty, esa­san hem De­mir­ga­zyk Ame­ri­kada we Awst­ra­li­ýa­da alyp ba­ran sy­ýa­sa­tlary ýar­dam be­rip­dir.

Ikin­ji ja­han ur­şun­dan soň­ra iň­lis di­li­niň äh­mi­ýe­ti has art­dy. Hä­zir­ki wagt­da dö­wür­le­ýin we dö­wür­le­ýin däl ne­şir­ler, te­le­wi­de­ni­ýa, ki­no, ra­dio, ki­tap­ha­na fond­la­ry, iň­lis In­ter­net sek­to­ry we beý­le­ki çeş­me­ler­den yba­rat iň­lis di­lin­dä­ki mag­lu­mat­lar gi­ňiş­li­gine, möç­be­rine we maz­mu­nyna görä, de­ňsiz – ta­ýsyzdyr. Iň­lis di­lin­de ägirt uly möç­ber­de çe­per we yl­my – teh­ni­ki ede­bi­ýat­lar ýa­zy­lan. Teh­ni­ki, teh­no­lo­gik, pa­tent res­mi­na­ma­la­ry, yl­my eser­ler köp­lenç iň­lis di­lin­de ýa­zy­lyp, soň­ra beý­le­ki dil­le­re ter­ji­me edi­lip­dir. Bu­la­ryň äh­li­si iň­lis di­li­ni dün­ýä­de ara­gat­na­şy­gy­nyň mü­hüm se­riş­de­si­ne öwür­ýär.

Daşarky çykgytlarEdit