Faraon Menes
Menes (Arapça: مينا; gadymy ýunança Μήνης; Müsürçe: Meni), käbir taryhçlara görä Müsüriň gadymky hanedanlyk döwrüniň ilkinji hökümdarlarynyň (faraon) biri bolupdyr. Ol takmynan Miladydan öňki XXXII, XXXI ýa-da XXX asyrlaryň haýsy hem bolsa bir eýýamynda höküm süren hasap edilýär. Menes aşaky we ýokarky Müsüri birleşdiriji manyda lakam berlipdir. Ol hakynda hiç bir Müsür papiruslarynda ýa-da ýazgylarynda gabat gelinmedi. Şonuň üçin bu şahsyýet hakynda düşünişnezlikler döräpdir. Ýöne täze gazuw-agtaryşlaryň netijesinde Narmeriň ilkinji faraonlaryň biri bolandygy ýüze çykdy. Taryhy çeşmeleriň ýetmezçilikleri netijesinde Menesiň Narmer ýa-da Horaha degişli atdygyny orta atýanlar hem bar. Ol gadymy Müsüriň Memfis şäheriniň gurujysy hasap edilýär. Käbir faraonlaryň yzygiderli sanawynda Min ýa-da Meni diýip atlandyrylan Menesiň Manethon yň kitabynda 62 ýyllap höküm sürendigi we janyna kast edilip öldürilendigi hakynda ýazylypdyr. Aýratynam Nil derýasynyň hanasyndaky işlerde onuň buýrugy bilen edilendigi hem çak edilýär.
Edebiýat
düzetEdwards, I. E. S. (1971). "The early dynastic period in Egypt". The Cambridge Ancient History. 1. Cambridge: Cambridge University Press. Beck, Roger B.; Black, Linda; Krieger, Larry S.; Naylor, Phillip C.; Shabaka, Dahia Ibo (1999). World history: Patterns of interaction. Evanston: McDougal Littell. ISBN 0-395-87274-X.
Çeşme
düzet1.^ Edwards 1971: 11
2.^ Beck et al. 1999
- zeytin
- vajinismus tedavisi ankara
- plexr
- sumak Archived 2021-07-30 at the Wayback Machine
- kızlık zarı dikimi ankara