Futbol boýunça Dünýä çempionaty
1930-njy ýyldan 2022-nji ýyla çenli Dünýä çempionatlarynyň 22-si geçirildi (2-nji jahan urşy zerarly, 1942-nji we 1946-njy ýyllarda çempionatlar geçirilmedi).
Futbol boýunça Dünýä çempionaty | |
Gurama guramasy: | FIFA |
---|---|
Sebiti: | Halkara |
Toparlaryň sany: | 32 milli ýygyndy |
Häzirki çempion: | Argentina (3-nji at) 2022 |
Iň ýeňiji: | Brazil (5 at) |
Futbol boýunça dünyä çempionaty 2026 |
Olar her dört ýyldan bir gezek guraldy. Ikinji Dünýä çempionatyndan başlap, ýaryşlar iki tapgyrda: saýlama we final tapgyrlarynda geçirildi. Diňe birinji Dünýä çempionatynda saýlama ýaryşlar geçirilmedi.
Saýlama ýaryşlaryna jemi 208 milli ýygyndy topar gatnaşdy . Olaryň 81-si final ýaryşlarynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Birinji çempionata bary-ýogy 13 topar gatnaşan bolsa, 1998-nji ýylyň final ýaryşlaryna 32 topar gatnaşdy. Şunda diňe 11 ýygyndy topar final oýnunda çykyş etdi, olaryň 8-si futbol boýunça Dünýäniň çempiony boldy.
Final ýaryşlarynyň ählisine diňe Braziliýanyň ýygyndysy (22 gezek) gatnaşdy. Germaniýanyň ýygyndysy 21 gezek, Argentinanyň ýygyndysy 19 gezek, Italiýanyň ýygyndysy 17 gezek, Meksikanyň ýygyndysy 17 gezek, Angliýanyň, Fransiýanyň we Ispaniýanyň ýygyndylary bolsa, 16 gezek gatnaşdylar.
Ýewropanyň toparlary 12 gezek, Günorta Günorta Amerikanyň ýygyndylary bolsa, 10 gezek Dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Dünýä çempionatlarynyň final oýunlaryna iň köp gatnaşan ýygyndylar Germaniýanyň we Braziliýanyň ýygyndylarydyr. Olar degişlilikde 8 we 7 gezek final oýnunda çykyş etdiler.
Dünýänyň futbol çempionlarydyr
düzetMillitopar | Çempionlar |
---|---|
Braziliýa | 5 (1958, 1962, 1970, 1994, 2002) |
Italiýa | 4 (1934, 1938, 1982, 2006) |
Germaniýa | 4 (1954, 1974, 1990, 2014) |
Argentina | 3 (1978, 1986, 2022) |
Urugwaý | 2 (1930, 1950) |
Fransiýa | 2 (1998, 2018) |
Angliýa | 1 (1966) |
Ispaniýa | 1 (2010) |