Ak bugdaý etraby

(Gäwers etraby sahypasyndan gönükdirildi)

Gäwers etraby 1977-nji ýylda döredilip, 1988-nji ýylda ýatyryldy we 1992-nji ýylda täzeden döredildi. Ak bugdaý etraby Aşgabat şäheriniň gündogar tarapyndaky territoriýalary öz içine alýar. Onuň çägi daglyk, dag etek düzlügi we çöllük böleklerden durýar. Etrabyň ekin meýdanlarynyň esasy bölegi Gäwers düzlüginde ýerleşyär. Onuň territoriýasyny Garagum derýasy, Aşgabat-Mary demir we awtomobil ýollary kesip geçyär. Ilatly ýerler Garagum derýasynyň zolagynda özleşdirilen ýerlerde we ulag ýollarynyň ýakasynda ýerleşendir. Hojalygynyň ýöriteleşdirilen ugurlary: pagtaçylyk, däneçilik, gök we bakja ekerançylygy, üzümçilik, miweçilik, gara mallary ösdürip ýetişdirmek, dowardarçylyk. Etrabyň gündogarynda Berkararlyk (öňki Babadurmaz) şäherçesiniň golaýynda balykçylyk hojalygy bar. Ol Aşgabat şäheriniň ilatyny janly balyk bilen üpjün etmäge ýöriteleşdirilendir. Ak bugdaý etrabynyň düzümine 1 şäher (Änew), 3 şäherçe (Ýaşlyk, Berkararlyk, Bagabat), 14 geňeşlik we 48 oba girýär. Meýdany 6,5 müň kw.km Ilaty 74,6 müň adam. Köpetdag bilen Garagumyň arasyndaky Gäwers düzlüginde ýerleşýar. Etrabyň territoriyasyny Babadurmazdan Aşgabada çenli (70 km. gowrak) demir ýol, awtomobil ýol. Garagum derýasy, elektrik liniýasy, gaz geçirji turbalar kesip geçýärler. Hatly punktlar Garagum derýasynyň zonasynda döredilen täze şäherçelerde we ulag yollarynyň yakasynda ýerleşendir. Hojalygyn ýöriteleşen ugurlary : üzümçilik däneçilik, miweçilik, gök we bakja ekerançylygy pagtaçylyk, maldarçylyk, Babadurmazyň golaýynda doly sistemaly balykçylyk hojalygy bolup, ol Aşgabat şäherini janly balyk bilen üpjün etmeklige yöriteleşendir.