Çaga ýokanç keselleriň arasynda iň giňden ýaýranlarynyň biri – gökbogmadyr (lat. Pertussis) . Ol howa – damja ýoly bilen ýokuşýar. Onuň esasy alamaty – tutgaýgörnüşli üsgülewük.

Gökbogmanyň ýüze çykmagyny peseltmek üçin, öňüni alyş sanjymlaryň geçirilmegi örän ähmiýetlidir. Şeýle sanjymlar çaga 2.3, 4 we 18 aýlyk döwürde geçirilyär.

Gökbogma bilen ýaňy doglan çaga hem keselläp biler. Munuň sebäbi bu kesele garşy doga beden durnuklylygynyň ýoklugyndandyr.

Gökbogmany döredýän ýokançlyk – koklýuş taýajygydyr. Ol daşky gurşawyň şertlerine durnuksyzdyr. Şonuň üçin ýokançlyk diňe syrkaw adamdan geçip bilýär. Çagalar bilen bir hatarda ulular hem kesellere garşy durnuklylygynyň pes bolan ýagdaýynda gökbogma bilen keselleýärler. Gökbogmaly syrkaw üsgürende, 2 metrden golaý duranlara keseliň ýokuşmak töwekgelligi 100% ýetýär.

Inkubasion döwür 5-9 gün, käte 3 günden 20 güne çenli dowam edýär.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, keseliň esasy alamaty özboluşly ýuze çykyan üsgülewükdir.

Adam bedeni kelle beýnisiniň belli bölümleri arkaly dolandyrylýar: dem alyş merkezi, ganaýlanyş, ýylylygy kadalaşdyryjy merkezi we ş.m. Şolar bilen bir hatarda, üsgülewük merkezi hem, kelle beýnisinde adam ömrüniň dowamynda işjeň yagdayda bolyar. Üsgülewük sagdyn adam üçin hem ähmiýetlidir.

Traheýanyň we bronhlaryň iç tarapy nemli örtük bilen örtülendir. Olar bolsa öz gezeginde kirpikgörnüşli üpürjikli bolýarlar. Koklýuş taýajyklaryň daşky örtügi hem üpürjikli bolup, nemli örtügiň kirpijeklerine berk ýapyşýarlar. Şeýlelikde, olar nemli örtüge hemişe täsir edip, üsgülewük merkezini gyjyndyrýarlar we goýy, şepbeşik gakylygy emele getirýärler.

Kelle beýnisiniň üsgülewük merkezi örän güýçli gyjyndyrylýar. Hatda, bedenden koklýuş taýajyklary ýok bolup aýrylandan soň hem üsgülewük dowam edýär. Koklýuş taýajyklary zäher bölüp çykarýandyr diýlip, çak edilýär. Bu zähere kelle beýnisiniň üsgülewük merkezi has duýgur bolýar. Netijede, gökbogmadaky üsgülewügiň esasy sebäbi öýkende ýa-da bronhlarda däl-de, kellede bolýar.

Gökbogma ýuwaş-ýuwaşdan başlanýar. Ilki bilen gury ýygy üsgülewük ýüze çykýar, bedeniň gyzgyny 37,5°-37,7° çenli ýokarlanýar, käte – onçakly üýtgemeýär. Keseliň bu döwri 2-3 günden 2 hepdä çenli dowam edýär we oňa kataral döwür hem diýilýär. Bu döwür keseli anyklamak örän kyndyr, sebäbi alamatlar adaty ýiti respirator keseliniň alamatlary bilen meňzeş bolýar. Şeýle ýagdaýda çaga mekdebe, çagalar bagyna gatnamagyny dowam edýär. Emma hut kataral döwürde gökbogmanyň ýokuşmagy gaty ähtimaldyr.

Gökbogma, gynansak-da, kataral döwri bilen çäklenmeýär. Ol spazmatiki (gysylma) döwre geçýär. Üsgülewük tutgaýgörnüşli bolup başlaýar. Şonda onuň "gökbogmadygy" anyklanylýar.

Gökbogmada syrkaw üznüksiz üsgürýär. Munuň netijesinde ses yşy gysylýar, bogulma emele gelýär. Soňra syrkaw uludan demini alanda, repriz (hyžyrdyly ses) döreýär. Şonuň yaly yagday yzly-yzyna gaytalanyp biler.

Syrkaw üsgürende, onuň ýüzi gyzarýar, käte gögerýär. Tutgaýgörnüşli üsgülewükden soň, syrkaw gaýtarýar, gakylygy tüýkürýär ýa-da ýuwudýar.

Gökbogma üsgülewügine tutgaýgörnüşlilik, repriz, soňundan gakylygyň gaýtmagy, gaýtarma häsiýetlidir.Keseliň agyrlygy bolsa tutgaýlaryň ýygylygyndan we dowamlylygyndan kesgitlenilýär. Üsgülewügiň ýok wagtynda, çaganyň ýagdaýy üýtgewsiz bolýar.

Tutgaýgörnüşli üsgülewügiň bejerişe garamazdan, 2-3 aý dowam etmegi mümkindir. Wagtyň geçmegi bilen üsgülewügiň dowamlylygy azalýar, emma bu örän haýal bolup geçýär.

Gökbogma keseli 6 aýlyk, 1 ýaşamadyk çagalarda has agyr geçýär. Bu döwürde tutgaýgörnüşli üsgülewükden soň, çaga birnäçe sekunt, käte 1 minut we ondan gowrak wagt dem alyp bilmeýär. Kislorodyň ýetmezçiligi netijesinde, çagalarda nerw ulgamynyň bozulmalary ýüze çykýar.

Gökbogma keseliniň gaýra üzülmesi – öýken sowuklamasydyr (pnewmoniýa). Öýken sowuklamasyny koklýuş taýajyklary däl-de, stafilokokklar we streptokokklar döredýär.

GÖKBOGMA KESELI BARADA NÄMELER BILMELI WE NÄME ETMELI

  1. Töweregiňdäkilere kesellänligiňi mälim etmeli, çagalary aýry saklamaly.
  2. Lukmanyň maslahatyny berjaý etmeli.
  3. Gökbogma bilen kesellän bolsaňyz, sabyrly bolmaly, sebäbi keselden saplanmak üçin wagt gerek.
  4. Üsgülewüge ýol bermezlik üçin fiziki hereketleri azrak etmeli, tozandan daşda durmaly, çeýnemesi aňsat tagamlary iýmeli.
  5. Syrkawyň üsgürip gaýtarmazlygy üçin, birbada köp nahar bermeli däldir. Köp çeýneme hem gaýtardyp biler. Iýmiti azrakdan, ýöne ýygy-ýygydan bermeli.
  6. Syrkawyň ýatýan otagy gury we ýyly bolsa, gakylyk has goýy bolýar. Şol sebäpli arassa howanyň ähmiýeti örän uludyr. Çagany arassa, salkyn howada ýatmazdan öň gezdirmeli, ýöne töwerekdäkilerden daşrak saklamaly. Gökbogmaly syrkaw suw howdanlaryň ýanynda gezelenç etse, has oňaýlydyr.
  7. Gökbogmany ÝRK has çylşyrymlaşdyrýar. Dümewli syrkawlardan daşda durmaly, sowuk ýerde saklamaly däl.
  8. Gökbogma öý şertlerinde bejerilýär diýsek-de, käte hassahanada bejergi almak hem zerur bolýar (öýken sowuklamasy we ş.m. gaýra üzülmelerde).

Antibiotikler we arassa howa gökbogmanyň bejergisinde örän ähmiýetlidir. Emma diňe bular ýeterlikli däldir. Belli bir derman serişdesini lukman saýlap almalydyr. Emma ene-atalar: "Bu derman haýyr etmeýär" diýmeli däl. Sebäbi derman keseli birden aýyrmasa-da gaýra üzülmelere ýol bermeýär.