Göz degmegi

yslamda göz degmegi

Aýnul häsäd (arap. عين الحسد‎‎ — göz degmegi).

Göz degmesin diýlip asylýan zatlaryň köpüsi şirk, käbiri bidgat. Olary ulanmak, satmak, satyn almak we ýasamak haramdyr.

Göz degmek – gadym eýýamdan bäri bilinýän we häzirki döwürde-de ykrar edilýän ýagdaýdyr. Göz degmegi öldürip ýa-da maýyp edip hem bilýär. Şonuň üçin halk arasynda «Göz degmegi ynsany mazara, haýwany gazana elter» diýilýär. Hatda «Nazar aýaty» diýip meşhur bolan şu aýat göz degmeginiň hakykatdygyna yşarat edýär: «Käfirler Kurany eşidenlerinde görüpliklerinden ýaňa göýä gözleri bilen Seni ýykjak bolup serederler we «Ol däldiräpdir», (Kalem 51) diýerler.

Pygamberimiz bolsa göz degmegi barada şulary aýdypdyr: «Göz degmegi hakdyr. Eger ýazgydy üýtgetjek bir zat bar bolsa, bu göz degmegi bolardy. Sizden ýuwunmagyňyz talap edilende, ýuwunyň», (Müslim, Tirmizi).

Muhammet b. Ebi Umame Ibn Sehl Ibn Hanif kakasyndan şulary eşidendigini gürrüň berýär: «Kakam Sehl Harrar diýlen ýerde ýuwunýar. Şol wagt Amr b. Rebiga oňa seredýär. Sehliň teni ak eken. Amr: «Şeýle ak tenli erkek kişini görmändim» diýip geň galýar. Sähle şobada garaguş keseli degen ýaly bolýar. «Ýa, Resulallah, Sehl agyr keselledi. Ol goşun bilen gitmäge ýarajak däl» diýip, ýagdaýy Pygamberimize habar berýärler. Pygamberimiz: «Oňa näme boldy? Kimden zeper ýetdi?» diýip soranda: «Amr b. Rebigadan» diýip jogap berdiler. Resulullah ony çagyrdyp gaharly: «Sen näme üçin gardaşyňy ölüm halyna getirdiň?! Bärekellah diýseň bolmadymy?! Derrew taharet kyl» diýdi. Amr gyssanmaç taharet kyldy. Onuň taharet suwuny bir gaba alyp, Sehliň bedenine çaldylar. Ol şobada gowulanyp duruberdi», (Ymam Mälik, «Muatta»).

Alymlar bu hadyslardan şu netijeleri çykarypdyr.

  1. Göz degmek hakdyr, ýagny inkär edip bolmajak hadysadyr. Pygamberimiz göz degýänligini ynandyrmak üçin, ony ýazgyda deňäp şeýle diýipdir: «Üýtgedip bolmaýan ýazgydy üýtgetjek bir güýç bar bolsa, bu göz degmegi bolardy».
    Ibni Hajer: «Göz degmegi haýsy-da bolsa göwnüňden turan bir zada seredilmegi bilen bolup geçýär. Seredýän görip kişi bolsa-da, gowy görüşýän dost bolsa-da, salyh kişi bolsa-da gözi degip biler» diýipdir. Ýöne göz degmegi, umuman, göripligiň we bahyllygyň netijesidir.
    Häzirki döwürde ylym göz degmegini doly düşündirip bilmese-de, bu hadysany ruh bilen baglanyşdyryp, bedenimizdäki käbir atomlaryň energiýa öwrülmegi bilen bolup biljekdigini öňe sürýär. Alymlar göz degmegini telepatiýa bilen deňeşdirýärler. Käbir alymlar bolsa, hadysda aýdylýan gözi degen kişiniň taharet suwunyň göz degene şypa bolmagyny: «Ynsan derisiniň üsti bilen hem dem alýar, derleýär, bedenindäki zyýanly maddalary (toksinler we antigenler) daşyna çykarýar. Taharet suwunda ýygnanan bu maddalar göz degen kişä em bolýar» diýip düşündirýärler.
  2. Pygamberimiz göz degmeginden açylmak üçin, görülmeli käbir çäreleri salgy beripdir:
    a) Göz degen kişä Fatiha suresi, Aýatel Kursi we Muawwizeteýn (Felak we Nas) surelerini okamak.
    b) Hadyslarda aýdylýan şu dogany okamak.
    «Allahyň doly sözleri bilen her bir şeýtandan we öldüriji zäher göterýänlerden Allaha sygynýaryn. Ýagşyzadalaryň, bet niýetlileriň hem täsir edip bilmedik Allahyň doly sözleri bilen Allahyň ýaradan, bar eden zatlarynyň şerinden, gökden inenleriň we göge göterilenleriň şerinden, ýerde ýaradanlarynyň we ýerden çykanlaryň şerinden, gijäniň pitnesiniň şerinden, gije we gündiz gelenleriň şerinden, eý, Rahman bolan Rabbim Saňa sygynýaryn».
    ç) Kimiň gözi degen bolsa, onuň taharet suwuny alyp göz degen kişä çalmalydyr.
  3. Pygamberimiz göz degmezligi üçin, öňünden görülmeli çäreler hökmünde şulary ündäpdir:
    Nesaýy we Ibni Majäniň gürrüň beren bir hadysynda: «Kimdir biri doganynda göwnünden turan bir zady görse, oňa bereket dogasyny etsin» diýýär. Ýagny
    «Bärokallah» (Allah ony saňa mübärek kylsyn)»,
    «Tebärokallahu ähsenul holikyn» (Ony seniň üçin bereketli we haýyrly etsin. Ol iň gözel ýaradyjydyr),
    «Allahumme bärik fihi» (Allahym ony mübärek et),
    «Mäşäallah lä häwle we lä kuwwete illäbillä» (Allah şeýle isläpdir. Kuwwat diňe Allahdandyr) diýlip doga edilýär.
  4. Göz degmeginden goranmak üçin Pygamberimiziň bu maslahatlaryndan başga çäreler gözlemek dogry däldir. Halk arasynda giňden ýaýran gözmonjugy, dagdan agajy, alaja, doňzuň dişi, ýylanyň kellesi ýaly zatlary dakynmak yslama ters gelýän, batyl düşünjelerdir. Göz degmegi we şuňa meňzeş kesellerden goranmak üçin dakynylýan bu zatlardan şypa garaşmakda ýaşyryn şirk bardyr. Muňa arap dilinde «temime» diýilýär. Pygamberimiz bir hadysynda: «Kim (şypa gözläp) bir zat dakynsa, şoňa tabşyrylar», (Tirmizi) diýipdir. Ýagny kişiniň şol zada tabşyrylmagy diýmek, şypany şol zatdan gözlemek diýmekdir. Hatda adaty keseller üçin ulanylýan dermanlardan we edilen bejergilerden hem göni şypa gözlemek ýalňyşdyr. Hakyky şypany berýän Allah Tagaladyr. Ondan başga hiç bir zat şypa berip bilmez. Käbir alymlar Allahyň atlaryny we Kuranyň aýatlaryny ýazyp dakynmagyň şypa edýändigini aýdýar. Ýöne bu meselede esasy zat: Allahyň şol atlaryny we Kuran aýatlaryny dakynmakdan, okamak has laýykdyr. Şeýle hem şypany dakynanlaryňdan däl-de, Allahdan gözlemelidir.

Şeýle-de

düzet
  • Rukýe (göz degmeden goranmak üçin)

Salgylanmalar

düzet