Günorta-Ural döwlet uniwersiteti
«Günorta-Ural döwlet uniwersiteti» (ylmy-barlag uniwersiteti) – Russiýada we Çelýabinsk oblastynyň bilim berýän guramalaryň iň ulularynyň sanyna girýär. 2000-nji ýyllarda Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynyň içinde iň köp talyp sanly diýip saýlandy.[1]
Günorta-Ural döwlet uniwersiteti | |
Asyl atlandyrylyşy | Günorta-Ural döwlet uniwersiteti |
---|---|
Halkara atlandyrylyşy | iňl. South Ural State University |
Taryhy atlandyrylyşy | Çelýabinsk döwlet tehniki uniwersiteti (ÇDTU) Çelýabinsk politehniki uniwersiteti (ÇPU) |
Dörediliş senesi | 1943 |
Täzeden dikeldiliş senesi | 1951, 1990, 1997, 2016 |
Görnüşi | Nusgawy (klassik) uniwersitet |
Rektor | A. L. Şestakow |
Prezident | G. P. Wýatkin |
Talyplar | 32 000 ýakyn 2017 56 000 çenli 2012 |
Ýerleşýän salgysy | Çelýabinsk we Zlatoust, Miass, Satka, Niznewartowsk şäherlerinde filialy |
Hukuky salgysy | 454080, Russiýa, Çelýabinsk, prospekt Lenina köçesi, 76 |
Çeşmeler | susu.ru |
2010-njy ýyldan bäri ylmy-barlag uniwersiteti diýen adyny göterýär. 2015-nji ýylda uniwersitet Russiýada geçirilen Proýekt 5-100 ýaryşyna saýlandy. Ýaryş Russiýa uniwersitetleriniň hilini gowulaşdyrmak maksady bilen geçirildi. 2018-nji ýylda Quacquarelli Symons(QS) Beýik Britaniýa guramasynyň baştutanlygynda GUrDU ilkinji gezek öz taryhynda dünýaniň iň gowy uniwersitetleriniň hasabyna girirzildi. GUrDU hasabynda 10 institut we ýokary okuw mekdebi, 2 fakultet (okuwa taýýarlaýyş we harby bölüm) we 4 filialy bar. Bu günki günde ýokary okuw jaýynda 52 ýurtdan gelen 28 müňden artyk talyp okaýar.
Taryhy
düzetGünorta – Ural döwlet uniwersiteti – gyzykly taryhly, dürli däp-dessurly, köp taraply ýokary okuw jaýy. Özüniň ylmy ýeňişleri, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagy, ylmy barlag işleri geçirýän we ýokary derejede bilim berýän ýokary okuw jaýy hasaplanýar.
Uniwersitetiň taryhy – bu biri-biriniň yzyndan gelýän etaplar bilen bellenýär. Iki fakultetden ybarat bolan institutdan, ylmy-barlag uniwersitetine geldi. Bilim berýän we ylmy işler geçirýän ýokary okuw jaýy diýlip dine günorta-ural bolüminde tanalman, bütin döwletde hem öz adyny tanatdy. GUrDU – bu ylmy işleriň, açyşlaryň we ylyma ukyply hünärmenleriň bilimi we ylymy ösdürip biljek ýeridir.[2]
Uniwersitetiň gurluşy
düzet- Arhitektura-gurluşyk instituty
- Yokary lukmany-biologik mekdebi
- Ýokary ekonomika we dolandyryş mekdebi
- Ýokary elektronik we komýuter ylmynyň mekdebi
- Lingwistika we halkara komminikasiýa instituty
- Jemgyýet-gumanitar ylmynyň instituty
- Tebigy we takyk ylmynyň intituty
- Sport, syýahatçylyk we hyzmat instituty
- Politehnik instituty
- Hukuk instituty
GUrDU sanlarda we faktlarda
düzetGUrDU-da 172 bakalawr programmasy, 126 magistra programmasy, 25 hünärmen programmasy we 24 aspirant programmasy amala aşyrylýar. GUrDU- da häzirki zaman ýokary hilli tehnologiýalary bilen bilim berilýär.
Talyp durmuşy
düzetUniwersitet durmuşy GUrDU-da – diňe okuw prosesi däl, dynç alyş, ýatdan çykmajak çäreler we döredijilik! Talyplarymyz näme bilen meşgullanýar? Şäher, şäherara, döwlet we halkara ýaryşlaryna gatnaşyp atlaryny tanadýarlar we baýraklara mynasyp bolýarlar. GUrDU-da 23 döredijilik topary, 24 gowrak sport bňlümleri we talyplyk döredijilikleriniň sany köp. Her ýyl uniwersitetde 200-den gowrak çäreler geçirilýär. Şolaryň içinde MISS we MISTER GUrDU, KWN komandalarynyň ýaryşy, sport ýaryşlary we başgalary mysal getirmek bolýar.
Daşary ýurt talyplarynyň birleşigi
düzetDaşary ýurt talyplarynyň birleşigi – bu bütin Russiýa döwletiniň talyplar birleşigi. Birleşigiň esasy maksady:
- Täze gelen studentlere ýerleşme işleri
- Rus däp-dessurlary bilen tanyşdyrmak
- Halkara dostlaşygy ösdürmek
Bu günki günde biz Günorta Ural daşary ýurt studenleriniň birleşigi adyna eýe! DÝTB her ýurduň milli baýramlary Nowruz, arap döwletleriniň güni, afrika döwletleriniň güni, çaý märekesini, halkara täze ýyl baýramyny, milli tagamlar ýaryşyny, sport ýaryşlaryny guramaga uniwersitete kömek edýär.
Uniwersitet ýardamjylary (tyutory) – daşary ýurtly talyplar, täze gelen talyplara täze ýere uýgunlaşmana, ýerleşmane kömek edýärler. Olar eýýam birnäçe ýyl uniwersitetimizde bilim alýarlar. Biziň uniwersitete girjek bolýan ähli talyplar dürli soraglar bilen uniwersitet ýardamjylaryna ýüz tutup bilerler.
Çeşmeler
düzet- ↑ "South Ural State University". Universities. Study in Russia. Archived from the original on 2019-05-18. Retrieved 2019-06-07.
- ↑ "История Южно-Уральского государственного университета" (in Russian). Günorta-Ural döwlet uniwersiteti. Retrieved 2019-06-07.