Görnükli türkmen dramaturgy Güseýin Muhtarow 1914-nji ýylda Eýranyň Maşat şäherinde eneden bolýar. Ol ýaşlykda ýetim galýar. Onuň 6 ýaşynda ejesi, 10 ýaşynda hem kakasy aradan çykýar. Ol açlykdan ölmezlik üçin, tikinçä şägirt bolup işe girýär. Ýaşajyk Güseýin her gün diýen ýaly ussanyň teýeneli sözlerini eşitmeli, taýagyna çydamaly bolýar. Güseýini bu ýagdaýdan onuň Türkmenistanyň Mary şäherinde ýaşaýan doganoglany Gulam Ryza diýen adam halas edýär. Onuň haýyşy boýunça Güseýin 1926-njy ýylda Mara getirilýär. Geljekki dramaturg üçin täze durmuşyň, täze dünýäniň gapysy giňden açylýar. Ol mekdep-internata girýär. Şundan soň ol dürli mekdeplerde okaýar.[1] [2]

G.Muhtarow 1932-nji ýyldan, okuwyň daşyndan, ilki pionerwožatyý, soňra öz terbiýelenen çagalar öýünde terbiýeçi bolup işleýär. Orta mekdebi we mugallymçylyk kursuny gutarandan soň, ol dürli mekdeplerde çagalara bilim berýär. G.Muhtarow 1941-nji ýylda Marydaky öz okan mekdep­-internatyna direktor bellenilýär.

G.Muhtarowda ýaşlygyndan teatra, kino uly höwes döreýär. Ol drama gurnagyna gatnaşyp, onuň işjeň agzasyna öwrülýär, ençeme rollary ýerine ýetirýär. Hut drama gurnagynda ol teatryň manysyna düşünýär we ony tüýs ýürekden söýýär, käte bir aktly pýesalar ýazmaga-da synanyşýar.

G.Muhtarow 1939-njy ýylda «Çopan» diýen ilkinji pýesasyny döredýär. Ol pýesa tomaşaçylar tarapyndan gowy garşylanýar. Bu ýagdaý Güseýinde öz zehinine bolan ynam döredýär we ony döredijilik işine ruhlandyrýar.

G.Muhtarow B.Pürliýew bilen bilelikde işläp başlaýar. Olar 1941-nji ýylda «Men – başlyk», 1942-nji ýylda «Söýgi we töhmet» pýesalaryny döredýärler. Bu pýesalar döwlet we welaýat teatrlarynyň sahnalarynda görkezilýär. Şundan soň G.Muhtarowy SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna kabul edýärler. Bu üstünlikler bilen ruhlanan G.Muhtarow ýene-de B.Pürliýew bilen birlikde «Arzuw», «Kirli gyz» diýen pýesalary ýazýar.

G.Muhtarow 1944-nji ýylda Goşun hataryna alynýar. Ol Beýik Watançylyk urşy tamamlanansoň, Aşgabada dola­nyp gelýär we Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde konsultant bolup işe ýerleşýär. Şundan soň ol ýurdumyzyň sungat edaralarynda dürli wezipelerde işleýär.

G.Muhtarow nirede işlese-de, döredijilik işini ýatdan çy­karmaýar. Ol dünýä belli dramaturglaryň eserlerini yzygiderli okaýar we bu kyn hünäriň tärlerini çuň ele almaga, dramaturgyň ussatlygynyň syrlaryna düşünmäge çalyşýar. 1947-nji ýylda G.Muhtarowyň «Jemal» atly bir aktly pýesasy bütinsoýuz bäsleşikde baýrak alýar. Bu drama eseri awtora uly abraý getirýär we ony belli dramaturg hökmünde tanadýar. 1948-nji ýylda A.M.Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyna ( häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti) okuwa girýär. Okaýan döwründe G.Muhtarow diplom işi üçin goşgy bilen «Murgabyň kenarynda» pýesasyny ýazýar. G.Muhtarow 1953-nji ýylda instituty üstünlikli tamamlaýar. Şundan soň ol «Şadyýan myhman», «30-njy ýyllar», «Howply kök», «Iň soňky duşuşyklar», «Söýgi we ýigrenç», «Ajaýyp tebip», «Komsomol sözi», «Daň atanda», «Kim jenaýatkär?», «Durmuşa çykjak däl» pýesalaryny ýazýar.

Dramaturg bir aktly pýesalaryň ençemesini döredýär. Ol «Jemal» pýesasyndan başga-da «Dostlar», «Süýjiniň ajy çagy», «Hiç kim bilmeli däl», «Kim jeza çekmeli?» ýaly bir perdeli pýesalaryň hem awtorydyr. Dramaturgyň «Dostlar», «Süýjiniň ajy çagy» pýesalary birnäçe dile terjime edildi we ençeme halklaryň teatrlarynyň sahnasynda goýuldy. Dramaturgyň ýokarda ady tutulan bir aktly pýesalary ýurdumyzyň çeper höwesjeňler gurnaklarynyň köpüsiniň re­pertuaryna ymykly girdi. G.Muhtarow G.Seýitliýew bilen hem birnäçe pýesa döredýär. Olar bilelikde «Kümüş gapyrjak», «Çopan ogly», «Jogapkär sekretar», «Bagbanyň gyzy» we bir aktly «Atamyň arzuwy» atly pýesalary tomaşaçylyra hödürlediler. G.Muhtarow Magtymguly adyndaky Opera we balet te­atry bilen hem ysnyşykly aragatnaşyk saklaýar. Ol bu teatr üçin ýazylan «Ajaýyp tebip», «Sähra» atly baletleriň, «Gun­ça» we Gara Seýitliýew bilen bilelikde döredilen «Aýna» diýen operalaryň librettolarynyň hem awtorydyr. Şonuň ýaly-da dramaturgyň pýesalarynyň birnäçesiniň esasynda kinofilmler döredildi.

G.Muhtarow «Zähmet Gyzyl Baýdak», «Hormat nyşany» ordenleri, medallar, üç gezek Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat haty bilen sylaglanýar we SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolýar.
G.Muhtarow 1980-njy ýylda aradan çykýar.

Pýesalary

düzet
  • Çopan
  • Men – başlyk
  • Söýgi we töhmet
  • Arzuw
  • Kirli gyz
  • Jemal
  • Murgabyň ke­narynda
  • Şadyýan myh­man
  • 30-njy ýyllar
  • Howply kök
  • Iň soňky duşuşyklar
  • Söýgi we ýigrenç
  • Ajaýyp tebip
  • Komsomol sözi
  • Daň atanda
  • Kim jenaýatkär?
  • Durmuşa çykjak däl
  • Jemal
  • Dostlar
  • Süýjiniň ajy çagy
  • Hiç kim bilmeli däl
  • Kim jeza çekmeli?
  • Kümüş gapyrjak
  • Çopan ogly
  • Jogapkär sekretar
  • Bagbanyň gyzy
  • Atamyň arzuwy
  • Markirlenen sanaw elementi

Balet we Opera

düzet
  • Ajaýyp tebip
  • Sähra
  • Gunça
  • Aýna

Kaynag

düzet
  1. Türkmen Edebiýaty-Jora Allakow, Tirkeş Sadykow, Romanguly Mustakow
  2. Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniýersitetiniň talyplary