Galaktika dartyş güýji arkaly biri-birine baglanýan ýyldyzlardan, ýyldyzara gazlardan hem-de tozandan we häzirlikçe onçakly göz ýetirilmedik garaňky jisimden emele gelýän ulgamdyr. Bu at "süýtli" diýen manyny aňladýan grekçe galaxias [γαλαξίας] sözünden gelip çykýar. Bu ýerde Akmaýanyň Ýoly galaktikasy göz öňünde tutulýar. Gün Akmaýanyň Ýoly galaktikasyndaky ýyldyzlaryň biridir; Gün ulgamy Ýeri we Günüň daşyndan aýlanýan ähli beýleki obyekitleri öz içine alýar.Mundan başgada milýardlarça ýyldyzlary, guýrukly ýyldyzlary we burç ýyldyzlary agzamak mümkin.Akmaýanyň yoly galaktikasynyň giňligi 25 ýagtylyk ýyly diýlip hasaplanýar. Adaty galaktikalarda 10 million (derwüş galaktika) bilen bir trillion (äpet galaktika) ýyldyz bar we galaktikadaky ähli ýyldyzlar şol galaktikanyň massasynyň merkezini oklaýan orbitalarda aýlanýar . Galaktikalar kosmosda bir tarapa hereket edýärler, galaktikalarda orbita ýok. Galaktikalarda dürli ýyldyz ulgamlary, ýyldyz toparlary we dürli düýbler hem bolup biler. Planetalar we asteroidler ýaly dürli kosmiki jisimleri aýlaýan Gün, Akmaýanyň ýoly galaktikasyndaky ýyldyzlaryň diňe biridir. Taryhy taýdan galaktikalar görünýän görnüşine görä toparlara bölünýär. Spiral galaktikalary tozanly we egri golly disk görnüşli gurluşlardyr.

NGC 4414

Düzgünsiz ýa-da adatdan daşary şekilli galaktikalar "täsin galaktikalar" diýlip atlandyrylýar we adatça goňşy galaktikalaryň agyrlyk güýjüniň ýoýulmagy netijesinde emele gelýär. Birek-birege ýakyn galaktikalaryň arasynda şeýle täsirleşmek bilen, galaktikalar birleşip biler we ýyldyz emele gelen hadysalarda "partlama" diýip atlandyryp boljak şeýle köpelişe sebäp bolup, ýyldyzly galaktikalar ösüp biler. Şeýle hem, kiçijik galaktikalardan tertipsiz galaktikalar yzygiderli gurluşy hem ösüp biler.