Open main menu

Wikipediýa β

Gaplaňgyr türkmen döwlet tebigy goraghanasy

Türkmenistanyň demirgazyk-günorta çetinde, Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýär, 1979-njy ýylyň 16-njy awgustynda döredidi. Onuň döredilmeginiň esasy maksady Üstýurt dag goçuny (aýragy), keýigi, itaýyny goramakdan, olaryň sanyny saklamakdan we köpeltmekden ybaratdyr.

Goraghananyň tutýan meýdany 275,7 müň ga deň bolup, ol iki sany meýdança bölünýär: Gaplaňgyr (53,4 müň ga) we Gulantakyr (222,3 müň ga). Şeýle-de, goraghananyň garamagynda ýerli goraghanalaryň ikisi – Şasenem we Sarygamyş ýerli goraghanalary bar.

Goraghananyň ösümlik dünýäsi ösümlikleriň 360-dan gowrak görnüşi öz içine alýar. Olaryň ýarpysyndan gowragy selmeler, atanak güllüler, çylşyrymly güller, däneliler we kösükliler maşgalalaryna degişlidirler. Gaplaňgyrda ojar, sözen, gandym, buýurgyn adaty ösümliklerdir. Otjumak ösümliklerden bolsa birýyllyk selmelere, gyrtyja, käbir efemelere we beýleki köp otlara duň gelmek bolýar. Ygalyň köp bolan ýyllarynda Gaplaňgyryň üsti köp görnüşli efemeleriň galyň örtügi bilen örtülýär. Garaşor çöketligi hiç hili ösümligiň ösmeýänligi bilen tapawutlanýar. Sarygamyş kölüniň ýakalaryndaky ak çägeliklere bolsa ýylakly garaşyk-sazaklyklar giň ýaýrandyr.

Goraghananyň we ýerli goraghanalaryň meýdanlarynda seýrek duş gelýän ösümliklerden hywa şorasy (Salsola chiwensis), Krasnowod çägemigi (ýumşak tohumlyja) (Malacocoarpus crithmifolius) we Eýhwaldyň sözeni (Ammodendron enchwaldil) ösýär. Bular Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011) girizilen ösümliklerdir. Hywa şorasy Tebigaty Goramagyň halkara Birleşiginiň Gyzyl sanawyna (2000) hem girizildi.

Bu ýerde oňurgaly haýwanlaryň, balyklardan başga, 276 görnüşi duşýar. Olardan ýerde-suwda ýaşaýanlardan 1 görnüş - ýaşyl gurlawuk duş gelýär. Süýrenjileriň 17, guşlaryň 213 görnüşi duşýar. Olardan 58 görnüşi çölde we suw ýakalarynda höwürtgeleýär, galanlary bolsa uçup geçýän guşlar. Süýdemdirijileriň 45 görnüşi hasaba alyndy.

EdebiýatlarEdit

Durdyýew S., Aşyrmyradowa Ş., Nurberdiýew N. Ekologiýa 11. Aşgabat TDNG 2014.


  • IUHD. Bäşimow Maksat