Garrygala söweşi

(Garrygala Söweşi sahypasyndan gönükdirildi)

1858-nji ýylda Garrygalada Eýran Gajar hökümdarlygy we türkmenleriň arasynda geçen bir söweş.


Garrygala söweşi
Sebit
Netije
Taraplar
Güýçler
Ýitgiler

Sarahs söweşinden (1855) soň, Hywa goşunlary Günorta Türkmenistana aýaklaryny sekmedi, indi bu ýerlerde Eýrandaky gajar türkmenleriniň hökümdarlygynyň şasy Nasreddiniň goşunlary basybalyş hereketlerini ýaýbaňlandyryp başladylar. Ol türkmenleri tabyn edip, özüne salgyt töletmekçidi. Emma türkmenler XIX asyryň ortalarynda goňşy döwletleriň basybalyjylykly ýörişlerine garşy gaýduwsyzlyk bilen göreşip, ata Watanyny, ene topragyny döş gerip goradylar. 1858-nji ýylyň Garrygala söweşinde-de hut şeyle boldy. Nasreddin şa türkmenleriň üstüne ýöriş guramak üçin mejlis geçirýär. Köşkdäki emeldarlaryň we serkerdeleriň mekirlik bilen taryna kakyp görýär. Şol mejlisde Büjnürt welaýatynyň häkimi Japarguly han türkmenleriň üstüne harby ýörişe gitmäge taýýardygyny mälim edýär. Şa Japarguly hany 1858-nji ýylda öz goşunlaryna baş serkerde edip, Garrygalany, soňra bolsa Ahaly basyp almak üçin iberýär. Japarguly hanyň goşunlary ençeme gün ýol ýöräp, Gürgen boýunda düşleýär. Uruş howpunyň abanyp gelýändiginden habarly gökleň türkmenleri Durdy hanyň baştutanlygynda özara maslahatlaşyp, galany berkidip, söweşe taýýarlyk görüp başlaýarlar. Olar goňşulary Ahal we günbatar türkmenlerine çapar ýollap, kömege çagyrmagy karar edýärler. Habar barandan atlanha-atlan bolup, derrew gökleň doganlaryna kömek bermek üçin Ahaldan Nurberdi hanyň baştutanlygynda 10 müň atly, günbatardan Mahmyt işanyň baştutanlygynda 8 müň atly Garrygala gelýär. Munuň özi kyn günde birek-biregi goldamagyň, umumy düşmana garşy bileleşip göreşmegiň türkmenleriň ganyna siňendigini subut edýärdi. Bu wakany Abdysetdar kazy “Jeňnamada” şeýle beýan edýär: Gördi gökleň ili gerdi-gubary, Yetip gelen on müň çapyksuwary. Tanadylar ony, Nurberdi handyr, Merdana, il bilen bir tenu-jandyr. Öňlerinden çykyp, aldylar garşy, Uly-kiçi aýdyp ýüz-müň alkyşy. Ýaşyl donly, eli ýaşyl hasaly, Köňlünde hak ýady, dili senaly. Mahmyt işan diýrler onuň ismine, Gelýär ol baş bolup ýomut iline. Munuň özi türkmenleriň atly-ýaragly saýlama edermen ýigitlerine bir tuguň-baýdagyň astyna jemlenip, duşmanyň öňünden çykmaga mümkinçilik beripdir. Japarguly hanyň goşunlary Çendiriň üstünden geçip, Garrygalanyň golaýyna gelip düşläpdir. Adatça, gadymdan gelýän däbe görä, her tarapdan söweşden öň bir batyr urşujy pälwan ýekme-ýek söweşmek üçin orta çykmaly eken. Bu gezek hem şeýle bolupdyr. Ýekme-ýek söweşde, esasan, galkan bilen naýza, gylyç ulanylýardy. Japarguly han öz pälwanyny öňe çykarypdyr. Gyzylarbatdan Päli mergen diýen bir batyr türkmen ýigidi garşydaşy bilen söweşip, onuň süýr depesinden gylyjy inderipdir. Başa-baş söweşden soň, Garrygalanyň eteginde uruş başlanypdyr. Japarguly han galany top okuna tutup almakçy bolýar. Türkmenler bolsa ilki mergenleri, soňra galan nökerlerini söweşe girizýärler. Söweşiň edil jygba-jygbaly pursadynda günbatardan gelen ýomut atlylary hem hüjüme geçýär. Uruşda tekeleriň, ýomutlaryň, gökleňleriň birleşen güýçlerine umumy ýolbaşçylyk etmek wezipesi Nurberdi hanyň paýyna düşýär. Duşman bilen söweş barha güýjeýärdi. Nurberdi han kethudalar, serdarlar bilen maslahatlaşyp, olara duşmanyň üstüne aýgytly hüjüme geçmek wagtynyň gelendigini mälim edýär. Soňra han ähli nökerlere ýüz tutup, türkmen tire-taýpalarynyň agzybir bolanda almajak galasynyň, gaýtarmajak ýagysynyň ýokdugyny nygtap, olary şir-peleň kimin duşmana daramaga çagyrýar. Duşman bilen aýgytly söweş bolan güni tekeler Nurberdi hanyň, Dykma serdaryň, Çopan batyryň (kir) ýolbaşçylygynda ortada, ýomutlar Mahmyt işanyň, Tuwakmyrat Taraşyň baştutanlygynda çep tarapda, gökleňler bolsa Durdy hanyň, Ýagşy mergeniň baştutanlygynda sag tarapda durup söweşipdirler. Japarguly han ähli top-tophanasyny söweş meýdanyna çykarýar. Bu aýgytly çaknyşykda iki tarap hem örän erjel söweşýär. Japarguly hanyň nökerleri türkmenleriň gazaply hüjümine çydaman, yza çekilmäge mejbur bolupdyrlar. Kän salym geçmänkä, türkmenler doly ýeňiş gazanypdyrlar. Olar duşmanyň tuguny çapypdyrlar, nökerleriniň aglabasyny gylyçdan geçiripdirler. Bu gazaply söweş Monjukly depäniň töwereklerinde bolupdyr. Umuman, Garrygalanyň eteginde bolan uruşda Päli mergen, Öwezli tentek batyr, Çary batyr, Pena serdar, Marydan gelen Gülten batyr ýaly başga-da köp ýigitler uly edermenlik görkezipdirler. Japarguly han galan az-owlak nökeri bilen ähli getiren harby enjamlaryny taşlap, söweş meýdanyndan gaçyp gidipdir. Eýran goşunlarynyň ýeňilendigi baradaky habary eşiden Nasreddin şanyň gaty gahary gelipdir we ahmyrlydygyny aýdypdyr. Gökleňler duşmandan olja alnan mis topy Nurberdi hana sowgat beripdirler. Türkmenleriň Garrygala söweşindäki ýeňşi Eýrandaky gajar türkmenleriniň hökümdarlygyna uly urgy boldy. Bu söweşde üç sany uly türkmen taýpasynyň birleşip, duşmana garşy göreşmeginde Nurberdi hanyň, Durdy hanyň, Mahmyt işanyň şahsy goşantlary uludyr. Olar Garrygala söweşinden has öň hem ýakyn aragatnaşyk saklapdyrlar. Bu hanlar biri-biri bilen ýüzbe-ýüz duşuşanlarynda, türkmen taýpalarynyň güýç birikdirip, agzybir bolmagyň zerurlygy barada söhbetdeş bolýardylar. Garrygala söweşi hem şonuň dogrudygyny hakykat ýüzünde subut etdi.

Çeşme: A.Nuryýew, M.Moşew. Türkmenistanyň taryhy. XVII-XX asyrlar. Orta mekdepleriň IX synpy üçin synag okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009.