Gubadag etraby
Gubadag etraby welaýatyň demirgazyk böleginde ýerleşýär. Hojalygynyň esasy ugry pagtaçylyk, däneçilik, gök-ekerançylyk, maldarçylyk, şeýle hem ýüpekçilik hasaplanýar. Etrapda Gubadag belentliginde awtomobil ýollary, ýaşaýyş we dürli ymaratlary gurmak üçin peýdalanylýan gurluşyk çig maly bolan dürli daşlary gazyp alýan kärhana bar. Etrabyň düzümine 1 şäher, 14 oba geňeşligi we 67 oba girýär. Etrap merkezi Gubadag şäheri welaýat merkezinden 20 km. demirgazykda ýerleşýär. Şäherde pagta arassalaýjy zawod, gurluşyk, durmuş hyzmaty, azyk kärhanalary, medeni-durmuş edaralary bar.
Umumy maglumat
düzetGubadagda mermer we granit, käbir ýerlerde oňat hilli kerpiç we keramiki önümleri taýýarlamakda ulanylýan toýun, hem-de nahar duzunyň çykýan ýerleri bar. Bu etrapda uly bolmadyk Gubadag, Misginata, Ýylangyr belentlikleri ýer tutýar. Gubadag etrabynyň goýnunda kemala gelen bagşylaryñ sany hem barmak basyp sanardan köpdir, Olardan birnäçesini agzap geçsek, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Tüýli Otuzow Durdybaý Gurbanow, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Guwanç Otuzow Dursunjemal Gazakowa, Aýbibi Atahanowa hem-de beýleki meşhur bagşylar Gurbangül Amanowa, Hudaýberen Baýramow, Tirkeş Baýramow Ballyýewiç, Begli Gaýlyýew, Nurmuhammedow Wepa Dädebaýewiç dagylary aýtmak bolar. Gubadag fitçisi, somsasy ady bilen tanalýan meşhur tagamlary hem bar. Gubadag fitçisi ýurduň ähli welaýatlarynda hem uly meşhurlyga eýedir.
Ilaty
düzetIlaty esasan türkmenler (ýomut) bolup, käbir serhetýaka obalarynda özbekler, gazaklar hem-de garagalpaklar bar. Gubadag şäherinde az sanly rus milleti hem ýaşaýar.
Gubadag etraby 2022-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleri hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary esasynda ýatyryldy.
Bu geografiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |