Gyzamyk (lat. Morbilli) — bu çagalyk döwrüniň ýokanç keselidir. Ol syrkaw adamdan sagdyn adama ýokup bilýär. Endama örgün örüp başlan günler ol has hem ýokançdyr. Üç gün geçenden soň gyzamak çykaran çaga eýýäm beýle bir ýokançly hem däldir. Gyzamyk howa-damja arkaly, mysal üçin, söhbetleşlikde, kimdir biri üsgürip-asgyranda ýokup bilýär. Gyzamyk çykaran çaga üsgürip-asgyranda agzyndan, burnundan bölünip çykýan suwuklyklar keseli ýaýradyjydyr. Gyzamyk ýaşaýyş jaýlarynda hemmeler üçin umumy bolan ýerlerden otaglar, eýwanlar arkaly ýaýrap bilýär. Gyzamyk çykaran adam bilen bir otagda bolýan çagalaryň hemmesi bu kesele aňsatlyk bilen ýolugyp bilýärler. Göwnejaý bolmadyk durmuş-sosial şertleri bu keseliň ýaýramygyna ýardam edýär. Gyzamygyň wirusy adatça zatlaryň ýa-da üçünji bir adam arkaly geçmeýär. Gyzamyk keseli adamdan sagdyn adama aňsat ýokup bilýär. Emma soňky döwürlerde gyzamyk keseliniň öňüni alýan sanjymlaryň edilmeginiň netijesinde, bu kesele ýolugýan adamlaryň sany barha azalýar. Bir gezek gyzamyk çykaran adam bu kesele ikilenç ýolukmaýar. Keseliň gaýtalanýan ýagdaýlary juda seýrekdir. 3 aýa ýetmedik çagalar adatça gyzamyk keseline ýolukmaýarlar. Gyzamyk köplenç sowuk gyş-ýaz aýlary ýüze çykýar. Onuň wirusy çaganyň organizmine dem alyş organlary we gözleri arkaly ýokup bilýär. Gyzamyk organizmiň kesellere garşy bolan durnuklylygyny peseldip bilýär. Gyzamygyň inkubasion döwri 9-21 gündür.

Gyzamak çykaran çaga
Gyzamykda ýüze çykýan deri gyzarmasy

Gyzamygyň wirusy ýokan çaganyň gyzgyny 38-39°С çenli ýokarlanyp bilýär. Çaga kellesiniň agyrýandygyndan zeýrenýär. Onuň burny akyp başlaýar, üsgürýär, ysgyny bolmaýar, iňirdisi artýar, işdäsi kesilýär, ukusy bozulýar. 2-3 gün geçensoň, gyzgyny 37,3-37,5°С çenli peselse-de, burny akmasy güýjeýär, açyk sary reňkli suwuklygyň bölünip çykmasy artýar. Çaga gury üsgürýär, bokurdagynyň agyrýandygyndan zeýrenýär, sesi boguk çykýar. Çaganyň ýüzi ýellenen ýaly bolýar, gabaklary çişýär, gözi gyzarýar we ýaşarýar. Onuň gözleri ýagtylykdan gorkýar, gabaklary ýagtylykda tiz-tizden ýumulýar. Çaganyň agyz boşlugynda, ýaňagynyň iç ýüzünde owunjak ak tegmiller döreýär. Bu gyzamygyň kesgitli alamatydyr. Bu ak tegmiller 2-3 günden ýitip, agyz boşlugy gyzaryp galýar. Diş etlerinde agymtyk galyndylaryň bolmagy mümkindir. Çaganyň gyzgynynyň ikinji gezek ýokarlanmagy bilen onuň endamyna örgün örýär. Keseliň 5-7 günlerinde çaganyň gyzgyny 36,9-37,2°С çenli peselip, kadalaýyk derejesine ýakynlaýar. Gyzamyk örgüni ilkibada gulagyň aňyrsynda we ýüzde peýda bolýar. Bir gije-gündiziň dowamynda bu örgün tutuş ýüze, boýna we bedeniň bilden ýokary bölegine örýär. Burun-dodak aralygy hem örgüne bürelýär. Ikinji gije-gündiziň dowamynda örgün tutuş bedene, gola, buda örýär. Üçülenji gün bolsa örgün ellere we aýaklara örýär.

Örgün agymtyl-gülgüne reňkli bolup, deriden dary dänesiniň ululygynda saýlanýar. Bu örgün tegmilleri soňabaka özarasynda birigýärler. Örgün käwagt gan öýen düwürtikler görnüşinde-de bolýarlar. Bu gyzamygyň aýratyn bir görnüşidir. Örgün 3 günüň dowamynda saklanýar (halk arasynda bu ýagdaýa «güllemek» hem diýilýär). Dördülenji gün bolsa, örgün örüp başlaýşy ýaly gaýdyşyp ugraýar, ýagny ilki ýüzde örüp başlan bolsa, ýüzden-de solup başlaýar. Käwagt örgün keseliň üçülenji güne ele-aýaga ören wagty, onuň ýüzde we boýunda gowşap, solup başlaýan ýagdaýlary hem bolýar. Örgün solýar-da, peselýär. Ilkibada ol gögümtil reňkde bolýar, soňra bolsa açyk goňur reňkdäki tegmillere öwrülýär. Bu halda ol bir-iki hepde saklanýar. Örgüniň gaýdyşmagy ýa-da «solmagy» endamyň we ýüzüň derisiniň soýulmagy bilen bir wagtda bolup bilýär. Deriniň soýulmagy bäş-ýedi gün dowam edip bilýär. Gyzmagyň örgüni örüp başlanda bedende umumy ysgynsyzlyk, hereketlerinde haýallyk, kelleagyrylar, işdäniň kesilmegi, ukynyň erbetleşmegi ýüze çykýar. Syrkaw biynjalyksyzlanyp, samrap başlaýar. Onuň agyz boşlugyndaky ýokarky kentlewüginiň astyndaky mäzleri biraz ulalýar. Gyzamagyň ýiti alamatlary ýitenden soňra gutulyş döwründe çaganyň heniz-de ysgynsyz, gaharjaň bolmagy, ýatdaşlagynyň peselmegi ahmaldyr. Bu ýokanç keseli öýken sowuklamasy, beýniniň sowuklamasy, damagyň galmagy, içegäniň sowuklamasy ýaly nogsanlyklar döräp biler. Türkmenlerde „gyzamakdan galan kesel” diýip ýöne ýere aýdylanok. Kesel döwri tutuş organizm gowşap, kesellere garşy bolan durnuklylygy juda peselýär. Gyzamaga ýolugan çaga bu döwürde başga kesllere aňsat uçraýar. Şonuň üçin-de, çagany ýekeje minutda gözden salmaly däl.

Bejergisi

düzet

Çaganyň endamy gyzyp, teninde örgün peýda bolup başlan dessine çaga lukmanyny öýe çagyryň. Bejergi döwründe çaganyň şahsy arassalygyna aýratyn üns bermelidir. Eger lukman çagany hassahana äkitmezden, öýde bejermegi dogry hasaplasa, çagany özbaşyna bir otagda ýerleşdiriň. Otag giň bolmalydyr. Ony ýygy-ýygydan ýelejiredip durmalydyr. Ýöne otagy ýelejiretjek bolup, çagany üşedäýmäň! Çaganyň gyzgynynyň bolmadyk ýagdaýynda, ony ýyly geýindirip, açyk aýnaly eýwanda gezmeledip bolýar. Gyzamyk çykaran çaganyň el-ýüzüni gaýnan ýyly suw bilen wagtal-wagtal ýuwmalydyr. Onuň gözlerini günde gaýnadylan ýyly suw bilen ýuwmalydyr. Pagtanyň bölejigini şu suwa eziň-de, gözüniň daş burçundan iç tarapyna usullyk bilen süpüriň. Burny sülekeýden we kesmejiklerden arassalamaly. Dodaklaryna ýag çalmaly. Çaga ýygy-ýygydan ýyly çaý, süýt içiriň. Bularyň haýsydyr birini içerseňiz-de, ondan soň çaganyň agzyny çopantelpegiň, şalfeýiň demlenen suwuna çaýkatdyrmaly.

Berhiz

düzet

Syrkawa düzümi witamine baý bolan iýmiti suwuk ýa-da ýarym suwuk halda iýdirmeli. Oňa kiselleri, miweleriň gaýnadylan suwuny, ýeňiljek çorbalary, göle, sygyr etlerinden taýýarlanyp, buglanan kotletleri bermek maslahat berilýär. Gyzamyk çykaran çaga gazlandyrylan içgileri, çipsileri we düzüminde konserwantlar ýa-da azyk stabilizatorlary, boýaglary bolan iýmiti bermek gadagandyr. Öýde uýadylan gatyk syrkaw çaga üçin örän peýdalydyr.

Esasy bejergini lukman belleýär. Goşmaça bejergi serişdeleri hökmünde witaminleşdirilen çaýy, şypa beriji derman otlardan demlenen çaýlary içmek maslahat berilýär. Bular ýokanç keselden gutulyş döwründe gujur-gaýrata getirmekde uly ýardam berýär.

Gyzamagy bejermekde ulanylýan goşmaça serişdeleriň reseptleriniň käbirleri:

I. Gerek zatlar: 10 gr zweroboy, mat we maçeha, narpyz, duşisa, itburnyň miweleri, 5 gr waleriananyň köki. Taýýarlanylyşy: derman otlary owradyp garyşdyrmaly. Garylan derman otlaryň 1 n.ç-ni 1 bulgur gaýnag guýup, 15 minut demine goýmaly. Soňra ony hasadan süzmeli. Ulanylyşy: günde 6 gezek 1 n.ç-ni içmeli.

II. Witaminli işdäçar Gerek zatlar: 2 käşir, grek hozunyň ýenjilen maňzynyň 2 n.ç. 2 n.ç. bal, 1n.ç. itburnuň şiresi, 1 n.ç. limon şiresi. Taýýarlanylyşy: Käşiri gyrgujyň maýda gözeneginden geçirip, ýokarda sanalan zatlar bilen garyşdyrmaly. Ulanylyşy: Witamin serişdesi hökmünde günde 3-4 gezek 3-4 n.ç-ni keselden saplanma döwürde kabul etmeli.