Hapgyrtma (parotit) (lat. Parotitis epidemica) – ýiti ýokanç keseli bolup, ol esasan hem tüýkülik mäzlerine zeper ýetirýär. Onuň döremegine paramiksowiruslar maşgalasyndan bolan wirus sebäp bolýar. Hapgyrtmanyň wiruslary daşky gurşawa durnukly bolýarlar.

Parotit keseliniň wirusy bu kesele uçran adamyň tüýküliginde bolup, ol howa – damja ýoly bilen ýokuşýar. Hapgyrtma bilen kesellänlerde sowuklama alamatlary bolmaýar. Şonuň üçin-de, bu kesel uly aralykdaky adamlara, ýagny syrkawdan 1-2 metr daşda bolanlara ýokuşmaýar.

Hapgyrtma köplenç ýokançlygyňojagyna golaý bolan çagalara (bir maşgalada, bir partanyň başynda oturanlara, bir otagda ýatýanlara, bile oýnaýanlara) ýokuşýar. Bu kesel oýunjaklardan,näsagyň tüýküligi arkaly, gap-gaçlaryň üsti bilen hem ýokuşyp bilýär. Syrkaw hapgyrtmanyň alamatlarynyň ýüze çykmagyndan birnäçe sagat öň töweregindäkiler üçin howpludyr. Kesel esasan hem dörän ilkinji 3-5 günlerinde ýokuşýar. 9-njy günden soň bedenden wirus bölünip çykmaýar we syrkaw keseli töweregindäkilere ýokuşdyryp bilmeýär.

Hapgyrtmanyň ýokançlylygy 85%-e barabardyr. Hapgyrtma esasan 3-6 ýaş aralygyndaky çagalarda duş gelýär. Sanjymlaryň (waksinasiýanyň) geçirilmegi netijesinde, 1-10 ýaşdaky çagalarda hapgyrtma bilen keselleme azaldy.

1 ýaşa çenli çagalara hapgyrtma keseli seýrek ýokuşýar.

==== Hapgyrtma keselinden soň bedende bu kesele garşy durnuklylyk emele gelýär we hapgyrtma ikinji gezek ýokuşmaýar. Hapgyrtmanyň alamatlary ==== Inkubasion döwri (keseliň ýokuşan wagtyndan alamatlarynyň ýüze çykmagyna çenli döwür) ortaça 12-26 gün dowam edýär.

Hapgyrtma ýokançlygynyň esasy we ýygy – ýygydan duş gelýän alamaty – gulakýany mäzleriniň zeperlenmegidir.

Kesel, adatça, ýiti, bedeniň gyzgynynyň 38-39Cº çenli ýokarlanmagyndan başlanýar. Ýeňilräk ýagdaýlarda gyzgyn 37-37,5 °C ýetýär. Käte bedeniň gyzgyny kadaly bolýar.

Soňra gyzgynyň ýokarlanmagy keseliň ýaýramagyna bagly bolýar. Çaga kellagyra, ýarawsyzlyga, damarlardaky agyrylara, işdäsizlige arz edýär, ynjyk bolýar.

Köplenç çaga geplände ýa-da çeýnände ýüze çykýan agyrylar ilkinji alamat bolup bilýärler. Keselläninden 1-2 gün geçenden soň, gulakýany tüýkülik mäzleri ulalýar. Ilki bir tarap, soňra ikinji tarap çişip başlaýar. Käte çişler gaty uly bolmaýar, gyzarmaýar. Käte bolsa gulakýany mäzleri ulalyp, çiş boýna we duluga ýaýraýar. Çişen ýeriň derisi gatyrak bolsa-da, gyzarmaýar. Aýratyn-da gulagyň ýumşajyk etli ýeri agyrýar. Bu ýagdaý 3-4 gün dowam edýär, soňra peselme bilen bolýar we kadaly ýagdaýa gelýär.

Hapgyrtma käte nerw ulgamyna (meningitiň döremek howpy), aşgazanasty mäzine (pankreatitiň döremek howpy) zyýan ýetirip bilýär.

Hapgyrtmanyň öňüni almak

düzet

Hapgyrtma bilen kesellän çagany aýry otagda, beýleki çagalardan daşda saklamaly (9 günden artyk däl). Syrkawlan çaga bilen oýnanlary gözegçilige almaly: gyzgynyny ölçemeli, seretmeli.

Hapgyrtmanyň öňüni almagyň iň ynamly usuly sanjymdyr. Bu sanjym çagalara 12 aýlyk wagtynda (1 ýaşynda), gaýtadan 6 ýaşda (öň hapgyrtma bolmadyk ýagdaýynda) edilýär. Şeýle edilende, hapgyrtma garşy berk durgunlyk emele gelýär.

Hapgyrtmada ýüze çykýan gaýraüzülmeler

düzet

Hapgyrtma keseli ýumurtgajyklara, ýumurtgalyklara,erkeklik jyns mäzine, süýt mäzlerine täsirini ýetirip bilýär. Bu ýagdaý gaýraüzülme görnüşinde ýa-da özbaşdak kesel ýaly, ýagny hapgyrtmanyň wirusy ilkibaşdan şu organlary zeperlendirip bilýär. Ýetginjeklerde we 30 ýaşa çenli erkeklerde orhit keseli (ýumurtgajyklarda sowuklamanyň döremegi) duş gelýär. Hapgyrtma wirusynyň ýumurtgajyklara täsir etmegi kesellänleriň 25%-de duş gelýär. Orhit keseli ýumurtgajyklaryň kadaly işlemegine zeper ýetirýändigi zerarly erkek önelgesizligine getirip bilýär. Orhitiň alamatlary adatça tüýkülik mäzleriniň zeperlenmesinden 1-2 hepde soň ýüze çykýar. Ýumurtgajyklaryň sowuklamasyna adatça şu ýagdaýlar mahsusdyr: gasykda güýçli agyrylar bolýar, bu agyrylar ýörelende has-da güýjeýär. Ýumurtgajyklar ulalýar, dykyzlanýar, el degrilende ýiti agyry peýda bolýar. Yumurtga haltajygy gyzarýar, käwagt gögümtil reňkde bolýar. Ýumurtgajyklaryň çişi 5-7 günden soň kem-kemden gaýdyşýar.

Hapgyrtmany anyklamak kyn däl. Munuň üçin maşgalada, çagalar bagynda kesellänleriň bardygyny bilmek hem ýeterlikdir.

Hapgyrtma öý şertlerinde bejerilýär. Agyr görnüşlerinde syrkaw hassahana ýerleşdirilýär.

Keseliň ýitileşen döwründe çaga 5-7 gün düşekde bolmaly. Bu aýratyn-da 10-12 ýaşdaky oglanjyklar üçin örän wajypdyr.

Aşgazanasty mäziniň zeperlenmegine güman edilende, çaga berhiz tutmalydyr. Ýagly we uglewodly agyr iýmit çäklendirilmelidir. 10-12 günden soň çaga üçin adaty naharlary iýdirmek bolýar.

Hapgyrtmada ýüze çykýan agyrylary aýyrmak ýa-da peseltmek üçin, analgin, no-şpa ýaly spazmolitikleri bermek bolýar. Iýmitiň oňat özleşdirilmegi üçin festal, pankreatin içirmek maslahat berilýär.

Orhite ýolugan çagany keselhana ýerleşdirmek maslahat berilýär. Oňa gormonal bejerginiň gerek bolmagy ahmal.

Hapgyrtma meningitine güman edilen ýagdaýynda syrkawy tizden-tiz keselhana ýerleşdirmelidir.