Himiýa, Kimýä[1] (arap. کيمياء "gara" sözünden; beýleki ähtimal wariantlary: gad.-grek. χυμος — "şire", "özen", "çyg", "tagam", gad.-grek. χυμα — "(metal) splawy", "guýmak", "akym", gad.-grek. χυμευσις — "garylmak") — tebigat ylymlarynyň iň wajyp we giň ugurlarynyň biri. Maddalar, olaryň aýratynlyklary, gurluşlary we himiki reaksiýalaryň netijesinde üýtgeýişleri, şeýle hem şol üýtgeýişleriň tabyn bolup durýan esasy kanunlary baradaky ylym.
- ↑ Русско-туркменский словарь, А. Алиев, К. Бориев, Ашхабад, 1929 (s. 431)