Ýassy namazy (arap. صلاة عشاء‎‎).

Ýassy namazynyň wagty şapagyň ýitmeginden başlap, ikinji fejriň dogmagyna çenli dowam edýär.

Ýassy namazy sebäpsiz gijäň ýaryndan geçirmek gadagan.

Ýassy namazynyň okalyş düzgüni

düzet

Ýassy namazy dört sünnet, dört farz, iki soňky sünnet we üç witir bolup, jemi 13 rekagatdan ybaratdyr. Ýassynyň ilki dört sünnetine niýet edilip edil ikindiniň sünneti ýaly okalýar, ýagny ilkinji oturylyşda tahyýýatdan soň salawatlar hem okalýar. Ýassynyň bu ilki dört rekagat sünneti Türkmenistanda meşhur däldir. Ýassynyň farzynyň okalyşy bolsa, öýle we ikindiniň farzy ýalydyr. Diňe niýet edilende ýassynyň farzyna niýet edilýär. Şeýle hem ýassy namazy jehri (sesli) okalýar. Ýassynyň soňky sünnetiniň okalyşy hem agşam namazynyň sünnetiniňki ýalydyr. Munda hem diňe niýet edilende, ýassynyň soňky sünnetine niýet edilýär. Biziň ýurdumyzda ýassynyň soňky sünnetini dört rekagat okamak meşhurdyr. Eger dört rekagat okaljak bolsa, ikindiniň sünneti ýaly okalýar.

Ýassydan (soň) witr namazy üç rekat witr namazy okamak Hanefi mezhebi boýunça wajypdyr.

Salgylanmalar

düzet