Informatika
Informatika—Informasiýa informatikanyň ilkinji we düýpli düşünjeleriniň biridir. Şonuň üçin informasiýa düşünjesine gysgaça kesgitleme bermek ýa-da ony bir sözlem bilen beýan etmek mümkin däldir.
Informasiýa “informatio” diýen latyn sözünden gelip çykýar we türkmen dilinde “düşündirmek”, “aýdyň etmek”, “beýan etmek”, “aýdyp bermek”, “habarlylyk”, “maglumatlylyk” diýen ýaly manylary berýär. Biziň ýerine ýetirýän islendik işimiz haýsydyr bir habary, maglumaty kabul etmek we peýdalanmak bilen baglanyşyklydyr. Meselem, kitap, gazet okamak, surata, telewizora seretmek we ş. m. arkaly biz habarlary, maglumatlary kabul edýäris, ýatda saklaýarys, toplaýarys, özümizçe gaýtadan işleýäris hem-de başgalara ýaýradýarys. Hat ýazsak-da, telefonda gürleşsek-de söhbetdeşimize haýsydyr bir habary, maglumaty berýäris. Islendik meseläni çözmek üçin maglumatlar bilen işleýäris, meseläniň şertinde berlen düşünjeden başlap, оnuň çözgüdinde – täze bir düşünjä gelýäris. Habar bermeler önümçilikde we durmuşda ýazgylar we çyzgylar, maglumatlar we hasabatlar, jedweller (tablisalar) ýaly görnüşlerde hem duş gelip bilýärler. Çyzgylar we saz eserleri, kitaplar we suratlar, spektakllar we kinofilmler - bularyň barysy-da informasiýalaryň beýan edilşiniň görnüşleridir. Maglumat anyklyk we dolulyk, gymmatlylyk we derwaýyslyk, aýdyňlyk we düşnüklilik ýaly birnäçe esasy häsiýetlere eýedir. Işiň hakyky ýagdaýyny häsiýetlendirýän maglumat anyk maglumatdyr. Anyk däl maglumatyň nädogry düşünjelere ýa-da nädogry çözüwlere getirmegi mümkin. Eger habar çözgüdi kabul etmek üçin ýeterlik bolsa, onda оňа doly maglumat diýilýär. Doly däl maglumat çözgüdi kabul etmekde ýa-da оňа düşünmekde kynçylyk döredýär. maglumatyň gymmatlylygy onuň kömegi bilen nähili meseleleriň çözülişine baglydyr. Derwaýys maglumat şertleri üýtgäp durýan işlerde zerurdyr. Düşnüksiz sözler bilen aňladylan habar peýdasyz bolup biler. Berilýän maglumat, habar aýdyň we düşňükli bolmalydyr.
Informasiýalaryň kodlanyşy. Maglumatlaryň mukdarynyň ölçeg birlikleri
düzetMaglumatlary dürli usullarda beýan edip, toplap, gaýtadan işläp we ýaýradyp bolýar. Adamlar özara dil ýa-da ýazuw üsti bilen düşünişmeli bolanlarynda kesgitli harplardan düzülen elipbiýden, sifrlerden, dyngy belgilerinden we ş.m. peýdalanýarlar. Elektron hasaplaýjy maşynlarda islendik maglumaty beýan etmekde 2-lik hasaplaýyş ulgamynyň 0 we 1 sifrlerinden düzülen belgiler toplumyndan peýdalanylýar. Diýmek, kompýuter diňe ikilik sanlara düşünýär. 0 ýa-da 1 sifrleri bit (BInary digiT - ikilik sifr) diýip atlandyrýarlar. Edil uzynlygyň metr, wagtyň sagat, massanyň kilogram we ş. m. arkaly ölçenilişi ýaly maglumatlaryň mukdary hem degişli ölçeg birlikleriniň kömegi bilen ölçenilýär. Bit maglumatyň mukdaryny ölçemegiň iň kiçi birligidir. Bitleriň kömegi bilen islendik belgini aňladyp bolýar. Eger şeýle bolýan bolsa, onda näme üçin kompýuterde latyn “A” harpy ýazgyly düwmejik basylanda, ekranda onuň şekili peýda bolýar-ka? Häzirki zaman EHM-leriniň köpüsinde her bir belgä bitleriň sekiz sanysyndan düzülen yzygiderlik degişli edilýär. Oňa belginiň ikilik kody diýilýär we baýt diýlip atlandyrylýar. Baýt “byte” diýen iňlis sözünden alnan, 1 baýt = 8 bit. Meselem latyn “A” harpy 01000001 (10-luk hasaplaýyş ulgamynda 65), latyn “B” harpy 01000010 (10-luk hasaplaýyş ulgamynda 66) san bilen belgilenýär. Her bir harpa, sifre, belgä 0-dan 255-e çenli aralykda üýtgeýän haýsydyr bir onlyk san görnüşinde kod degişli edilýär. 255-den uly sanlar bilen belgileri kodlamak mümkin däldir (sebäbi bitleriniň hemmesi 1-likler bolan san: 11111111 = 128 + 64 + 32 + 16 + 8 + 4 + 2 + 1 = 255). Latyn “A” harpynyň basylmagy bilen kompýutere onuň ikilik sifrlerden düzülen kody (baýty) ugradylýar, ýörite elektron shemalar şu kod arkaly “A” harpynyň duran ýerini tapýarlar we ony ekranda “çap edýärler”. Häzirki döwürde belgileriň 128 sanysyny (0-dan 127-ä çenli sanlar arkaly) kodirleýän ASCII (American Standart Code for Information Interehange) kod jedweli ölçeg hökmünde peýdalanylýar. Onda dolandyryjy belgiler (0-dan 31-e çenli, meselem, [Enter] we [Esc] klawişleri degişlilikde 13 we 27), hyzmat ediji belgiler (meselem, boş ýer 32, “-“ belgisi 45, “_” belgisi 95), sifrler (48-den 57-ä çenli), baş we setir latyn harplary (degişlilikde 65-den 90-a we 97-den 122-ä çenli) kodlanandyrlar. Belgileriň galan 128 sanysy (128-den 255-ä çenli sanlar arkaly) ölçeg hökmünde kesgitlenen däldir. Onda milli elipbiýler we käbir belgiler kodlanýarlar. Maglumatyň mukdaryny ölçemek üçin bit we baýtdan başga-da has uly ölçeg birlikleri (Kbaýt, Mbaýt, Gbaýt) hem ulanylýar:
1 Kbaýt (bir kilobaýt) = 210 baýt = 1 024 baýt;
1 Mbaýt (bir megabaýt) = 210 Kbaýt = 1 024 Kbaýt;
1 Gbaýt (bir gigabaýt) = 210 Mbaýt = 1 024 Mbaýt.
1 Tbaýt (bir terebaýt) = 210 Gbaýt = 1 024 Gbaýt.
Bashga temalara seret:
düzetWikimedia Commonsda Informatika bilen bagly medýa faýllary tapyp bilersiňiz. |