Italiýa XI-XV asyrlarda
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Italiýanyň taryhy |
Sahypalar |
Italiýa XI-XV asyrlarda |
Italiýa XI-XIII asyrlarda
düzetDemirgazyk Italiýa we Toskaniýada ir wagtdan başlap şäherler ösüpdir. XI-XII asyrlarda Siýan, Pid, Flarensiýa, Milande hünärmentçilik ösüpdir. Wenesiýa, Genuýa, Pizde gämi gurulypdyr. Şäherleriñ duşmany – iri ýer eýeleri, jenaplar bolupdyr. Şol döwürde Italiýa Otton I ýörişe giden. Soñ spisionlaryñ abraýy artypdyr.
Günbatar Ýewropa ýurtlarynyñ köpüsinden tapawutlylykda iri ýer eýeleriniñ köşkleri syýasy we hojalyk meriýedler bolupdyr. Komunnalaryñ döremegi bilen jenaplardan konsullara dolandyryş işi geçipdir. Konsullar görnükli adamlardan saýlanypdyr. Komunnada “kanun çykaryjy häkimiýet” ynamly adamlaryñ maslahatyna degişli bolupdyr. Söwda we hünärmentçilikden giren girdeji iri ýer eýýeleriniñ kaznasyna däl-de komunnalaryñ kaznasyna giripdir. Bu ykdysadyýetiñ ösmegine şäherleriñ ösmegine mümkinçilik döredipdir.Demirgazyk we Orta Italiýada şäher-döwletleri Florensiýa, Siýena, Milan, Rawenna, Paduýa, Wenesiýa, Genuýa, Pid we ş.. bolupdyr. XI asyrdan iri ýer eýýeleriniñ köpüsi obadaky köşklerini taşlap şähere gaýdýar. Şähere gelip iri ýer eýýeleri bu ýerde hem köşkler gurupdyrlar. Emma şäherliler olardan odupdyr bu Demirgazyk we Orta Italiýanyñ ykdysady we syýasy taýdan ösmegine getiripdir. Ýöne Demirgazyk fransuz we iñlis şäherlerinden tapawutlylykda italýan we nemes şäherleri ýurdyñ syýasy birleşmesiniñ merkezi bolmandyr, XII asyrda olar irkä seredende daşky bazar bilenoñat gatnaşyk saklapdyrlar. Şäherler diñe daşky howp abanda birleşipdirler. Şäherlerde söwda pul gatnaşyklarynyñ ösmegi agrar gatnaşyklarada täsiri ýetirendir. Şäherler obalara iri ýer eýýelerine garşy göreşde kömek beripdirler, sebäbi olaryñ umumy duşmany hasaplanypdyr. XIII-XIV asyrlarda oba jemgyýetleri hem edil şäherlerdäki ýaly komunnalary döredipdirler. Az maliýe,kanun çykaryjy, kazyýet guramasy bolupdyr.
Pan welaýaty Italiýanyñ ösen bölegi bolupdyr. XI-XII asyrlarda Ýewropada onuñ täsiri artypdyr. Rim, Milan, Florensiýa ýaly şäherler ykdysady merkezlerden yza galypdyr. Italiýa German iri ýer eýýeleri Fridrih I Barbarosskiý çozýar. Ol papa garşy göreşýär. Oña imperator täjini hödürlände boýun gaçyrýar. Fridrih tutulyp ölüme hüjüm edilýär. Rim imperiýasy atryýär, papa häkimiýeti dowam edýär. German basybalyjylaryna garşy göreşde Italiýada XII asyryñ ahyrynda XIII asyrda biri-birine gapma-garşylykly syýasy akymlar Gwelfon we Gibelminler döreýär.Gwelfler – Gogenätaufenleriñ nedereleriniñ adipdan. Gibellenler – köşkleriñ biriniñ ady bilen baglanyşykly Gwelfler Italiýada lenarabos garşy toparyñ tarapyny tutýardy, olar şaheriñ söwda hünärment toparyna bil baglaýardy. Gibellenler iri ýer eýýelerine dworýanlara bil baglaýardy. XIII asyrda bu 2 toparyñ arasyndaky bäsgeşip Italiýanyñ taryhynda uly yz galdyrypdy.
Italiýa XIII-XV asyrlarda
düzetXIII asrda döwletiñ adatlyk meselesi çozlüpdi.1256 ýylda ýere berkidilen daýhanlar Palaniýada bes edildi. “Reý akty” diýip dekretine at berdiler. 400 ýer eýýesine degişli bolan 126 müñ ýere berkidilen daýhan azat baolýar. 1289 ýylda Florensiýada “Azatlyk” syýsaty yglan edildi. Şeýle etmek bilen şäherlere peýdasy degdi bu ýerde hüñärmrntçilik senagaty ösdi we işçleriñ sany artdy. Ýöne bu polzytel ýagdaý bolsada daýhanyñ ýagdaý gowulaşmady.
XIII asyrda Demirgazyk we Orta Italiýada şahsy azatlygyñ goragynyñ hasabyna şäherlerde işçileriñ sany artdy. Ýöne Messadriýa ýaly ýerlerde maýda daýhan hojalyklaryñ kärende ýerleri berilipdir, ýeri alanda ýany bilen zähmet guralyny, işçi güýjinem, tohum alypdyr. Daýhan ýeri ylalaşyk möhleti dolýança taşlap gidip bilmändir. Kärendeçi öz zähmeti bilen birlikde öz baýlygynyda goýupdyr. Iri ýer eýýeçilikden kommunalara geçiş döwründe dini ýereslere garşy daýhanyñ näradar-gy güýçdi. XII-XIII asyrlarda onlarça ýeretik sektalar peýda boldy. 1260 ýylda Paom okrugyndaSagarelli esaslandyryrdy. Ýöne ony çalt jezalandyrdylar. Soñra onuñ ýerine Demirgazyk Italiýadan bolan Dolçino geçipdir. Ol papany, kordinallary, dindarlary ýok etmegi ündäpdirler. Gozgalañçylar köp üstünliklerem gazanypdyrlar. Emma hökümiýet olara garşy haçly ýörişi gurapdyr. Ilki onuñ aýaly Margaritany görüñ öñünde öldüripdirler. Daýhan hereketlerine gatnaşyjylar soña baka hakyky talaplary öñe sürüpdirler: salgytlary ýok etmek ýa-da azaltmagy talap edipdirler. XIV asyrda iri gozgalañlaryñ biri tükinleriñ gozgalañydy (1382-1387) Gozgalañçylar köşkleri otlapdyrlar, sinýorlary öldüripdirler. Bu gozgalañ iri ýer eýýeleri tarapyndan ýatyrylypdyr. XV asyrda 1450-nji ýylda Kalabride daýhan gozgalañy boldy. Daýhanlar salgytlary ýatyrmagy talap etdiler. Gozgalañ bütin Kalabriýany öz içine aldy. 20 müñ daýhan gatnaşdy. 1378-nji ýylda Florensiýada çompileriñ gozgolañy boldy. Mediçiniñ gözgolañy şäher iri ýer eýýelerine Pariziñ Florensiýanyñ işçiler syýasy hukugy gazanmaga çagyrdylar. “Lana” köşgüni ýakdylar, respublikada ýokary häkimiýetdäki wezipeleri ele almagy talap etdiler. Olar odalaryñ tarapdarydy. Täze jenaplar döredi. Ondan başga maýda hünärmentlerden hem 3 adam girdi. 3 täze ussahana döredi. Ýöne gozgokçylar ýeñsede bu uzaga çekmedi. Italiýadaky beýleki hakynatutma işçileriñ hereketi ýaly prolitariata çenli bolan proletariatyñ bişmekligini guramaçylygynyñ pesdigini görkezdi Ģompileriñ hereketi ýeñilse-de syýasy hereketi ele almak ugrunda göreşiñ mümkindigini görkezdi.
Fridrih I basybalyjylyk syýasatlary başa barmady. Papalygyñ abraýy artdy Papa Innakentiý III (1198-1216) Genrih II teokratin pikirlerini ösdürdi, papanyñ rugsady bilen imperator,korol,kyýazlar bellenmelidi. Şeýdip Innakentiý III we ondan soñky korollar Ýewropadaky feodal döwletleriniñ üstünden öz täsirini ýöretmek islegi XVI asyrda pop döwleriniñ düzümine Poloniýa, Fregrara, Urbino, Rimini, Peruze girdi. Ýöne Günbatar Ýewropa döwletleri papalyga boýun bolmak islemedi, bu onuñ abraýyny gaçyrdy.
1347-nji ýylda papalaryñ hereketine Kola di Rienso ýolbaşçylyk etdi. Rimi ýokary galdyrmak maksady edindi. Ol iri ýer eýýelerine garşy hereket edýär. ….. ol halkyñ ynamyndan gaçýar. Kyn meseleri enelikde çozmäge çalyşýar. Netijede ol 1347-nji ýylda Rimden gaçýar. 1354-nji ýylda ýene-de Rima gelýär. Kola de Riýensany halk goldaýar, ol ýenede häkimiýete geçýär. Ol ýede salgytlary artdyrýar. Ony görüp Rimiñ halky gozgalañ turuzýar we şonda hem ol ölýär..
XIII-XV asyrlarda Demirgazyk Italiýa we Toskaniýa seredende Sisiliýa yza galak bolupdyr. Ýere berkidilen daýhanlary ýeri bilen satyp ýa-da çalyşyp bilipdirler. Olaryñ hiç hili kanun garamandyr. Olar barşinaly ýer ýetiripdipler, döwlet salgydyna, buthana salgydyñ ondan bir bölegine töläpdirler. Azat we ýarym azat daýhanlar (rustikler) bolupdyr Italiýanyñ beýleki welaýatlarynyñ tapawutlykda XIII asyrda Italiýada ýeketäk güýçme iri ýer eýýeçilikli döwlet Sisiliýa korollygy döräpdir. Sisiliýa korollygyñ başynda Fridrih II Gogentuarek durupdyr. Ol mukaddes Rim imperiýasynyñ imperatory bolupdyr. Kazyýet işlerine uly üns beripdir. Hakynatutma goşun saklapdyr. Şäherlere hem özbaşdaklygy bermezlige çalyşypdyr. Sisiliýa korollygynda Fridrih II halky edipdir. Dolandyran döwrüniñ soñunda ýurt çykgynsyz ýagdaýa düşüpdir. Fridrih II aradan çykandan soñ Sisiliýa korollygyny 1268-nji ýylda fransuz korolyñ dogany Karl Anžuýskiý dolandyrypdyr. Ol basybalyjylykly syýasaty alyp baryp köp Italýan şäherlerini eýýeläpdir. Haçly ýörişe gatnaşyp Tunisi eýýeleýär. Onuñ edişine çydamadyk halk 1282-nji ýylda Palerleada gozgalañ turuzýar. Netijede Sisiliýa korollygy tozýar. 1302-nji ýyldan ol Argon korollygyna degişli bjlupdyr.
XIV – XV asyrlarda Günorta Italiýa ykdysady taýdan pese gaçýar. 1442-nji ýyldan Günorta Italiýa hem Argon neberelriniñ gol astyna düşýär. Sisiliýa bilen Heopolitan korollygy birleşdirilýär, şeýdip bu ýerde ýüzlerçe ýyllap ispan eýeçiligi agalyk edýär.
XV asyrda Günorta Italiýa we Sisiliýa iri ýer eýeçilik gatnaşyklary aralyk rden bolsada Demirgazyk we orta Italiýada irki kapitalistik gatnaşyklar ösüpdir. Ýüpekçilik ösýär. Italiýada ýeketäk bazaryñ bolandygy üçin irki kapitalistik gatnaşyklarynyñ ösmegine döwlet bolupdyr. Dokmaçylyk senagaty ösüpdir. Ýöne iri ýer eýýeçiliñ bir görnüşi bolan gyramasy ussahana gurluşygynda saklanypdyr. Senagatdan, söwdadan giren girdejiniñ hasabyna oba hojalykda özgerişler bolup geçiripdir. Kärendeçiniñ hukugy peselýär. Iri ýer eýýlerinden gaçmaga hukuk bolmandyr, gaçaýsa tussag edilipdir XV asyrda dolandyryş monarhistik häsiýete geçipdir. Şeýle syýasy gurluşa siñýorii ýa-da tiranii diýip at beripdipler. Tiraniýa Florensiýa, Milan, Polonýe, Ferrande, Urbinada we ş.. Italýan şäherlerinde güyçli bolupdyr, şeýdip demokratik düžgünleri girizmäge bermändirler. Tiraniýañ mawut dokaýanlar, ýüpek mata dokaýanlar goldapdyr.
Florensiýada bu şäher döwletini Kozimo mediçi dolandyrypdyr. Ol tiraniýanyñ tarapdary bolupdyr, şäher gurluşyk işine köpräk üns beripdir. Lorenso Welikolepniniñ döwründe (1469-1492) beýik bankir bolup köp şäherlerde edaralary döredipdir. Florensiýa respublika bolup, ähli işi respublikan edaralar, maslahat çozüpdir. Ony öldürmek üçin birnäçe dildüwüşmeler puja çykandan soñ, onuñ häkimiýeti gaýtam berkäpdir. Lorenso dindar dmiglan edilýär. Onuñ syýasatyna garşy görnükli orator Džirolamo Sawonaroli öz maksatnamasy bilen çykyş edýär. Onuñ maksatnamasy ykdysadyýeti we dini garaýyşlary üýtgetmäge göhükdirilipdi. Gozgalañçylar Pýer Mediçini şäherden kowup, Sowonaplaryñ başda durmagynda respublika döräpdir. Ol birnäçe özgerişleri geçiripdir.
Respublikanyñ başynda beýik Maslahat durupdyr. Ýöne ol köp suratlary, saz gurallaryny, kitaplary ýakdyrypdyr, şeýdip medeniýete uly zyýan ýetiripdir. Onuñ bu syýasatyny papa kuriýasy goldapdyr. Ýönekeý halka bu ýaramandyr. 1498-nji ýylda ol tutulup dine gerşy çykan hökmünde otlanyp öldürilipdir.
XV asyryñ ahyrlarynda Fransiýa Ispaniýa seredeñde gowşak döwlet bolupdyr. 1494 –nji ýylda 50 müñli fransuz goşuny korol Karl VIII başda durmagynda Italiýa çozupdyr. Neopolitan korollygyna çenli baryp ýetipdir. Karl VIII ýörişini uzaga çeken “italýan uruşlaryñ” başy bolupdyr. Italiýanyñ ykdysadyýeti pese gaçypdyr, ýurt dargapdyr. XV asyrdaAmerikanyñ açylmagyda Italiýanyñ ykdysadyýetine uly täsir edipdir. XIV-XV asyrlarda ýüze çykan irki kapitalistik gatnaşyklar medeni ösüş pese gaçýar. Ýurdyñ gatnaşyklary bökgeýär. Şeýdip XVI asyrda pese gaçan ýagdaýa gelip ýetipdir.