Italiýa XVI-XVII asyryň birinji ýarymynda
Mowzuk: Italiýa XVI-XVII asyryň birinji ýarymynda.
Italiýanyň taryhy |
Sahypalar |
Italiýa XI-XV asyrlarda |
Meýilnamasy:
1. XVI asyryň ahyrynda we XVII asyryň başlarynda Italiýanyň durmuş ykdysady ösüşi.
2. Yspan zulumyna garşy halk hereketleri.
3. Beýik we giçki täzeden döreýiş .
Maksady: Italiýanyň XVI-XVII asyr durmuş ykdysady ösüşi barada düşünje bermek.
Häzirki Italiýanyň tutýan teritoriýasy XVI-XVII asyrlarda aýry bir entek iri ýer eýeçilikli döwletlere we şäher respublikalaryna bölünýär. D. g. g.b Fransiýa bilen araçäkdeş serhetde Sawoý gersoglygy, oňa Rymont hem giripdi. Genuýe aýlagynyň kenarynda söwda respublikasy Tenuýa ýerleşýär. D.g g.d, Adriotiň deňziniň kenarynda respublikasy Wenesiýa ýerleşýär. Lambart düzlüginde merkezi Ýewropa we Italiýa bilen aralykda Milan ýerleşýär. Appenin ýarym adasynyň merkezinde papa eýeçilikleri ýerleşýär. Orta Italiýada iri şäher döwletlerden biri Florensiýa ýarym adanyň günortasynda Sisiliýada Neopoliti patyşalygy ýerleşip, Arogoniýa höküm surüpdir. D.g we merkezi Italiýadan beýleki welaýatlara sersdsnde söwda pul gatnaşyklary öşüpdir. Iri hojalyklar bolup olardan iri ýer eýeleri köp girdeji gazanypdyr. Esasy şäher ýerleri Fransiýa, Milan, Wenesiýa, Genuýa.
Tozan daýhanlar şäherlere ugraýardy,ol ýerde täze süteme duçar bolýardy, monofaktura hojalyklary, söwdagärler ussahanalary, hojalyklary ezýärdi. Iri ýer eýeleri söwdany öz ellerine alýardylar. Daýhan eýelerini tozduryp olary öri meýdanlarynda öwrüp, daýhan hojalygyny dargadyp iri maldarçylyk hojalyklaryna geçirip ikiden gysga we gyt kärende alynýan daýhanlar köpelipdi.Sebäbi daýhan ýagdaýy çakdan aşa agyrdy.Daýhan artyk önümüni diňe öz hojaýynyna satyp bilipdir. Ýeriň girdejiligini artdyrmak üçin beýleki bir topardan ýeri dökünläp kämilleşdirip, bagçylyk atyz önümlerini öndürmek hem kämilleşýärdi. 1494-nji ýylda Fransuz goşuny hiç hili garşylyksyz Neopany eýeläpdir. 1499-njy ýylda Fransiýalylar Karl VIII orun tutary Lýudowik XII döwründe Italiýa çozdylar. Milany eýelediler, onuň bilen bu gezek Wenesiýada Rim papasy Aleksandr VI Boržuadg söhbetdeş boldy. Onuň maksady Italiýada döwlet döredip öz ogly Gazare Boržuany oturtmakdy. Gozare özüniň gödek dönükligi bilen ýakasyny tanadypdyr. Italiýada Fransuzlaryň howply bäsdeşi Ispaniýada şeýdip Italiýany Fransuz, Ispan we German goşunlary talady. 1529-ýylda Kombrede ýaraşyk şertnamasy baglanyşyldy. Karl Italiýanyň karoly diýlip yglan edildi. Oňa Neopalitsy karollygy berildi. Milan gersogy onuň soýuzdaşy Françesko Sogarsa berildi. Florensiýa Alekandr Mediça berildi. Imperator Karl papalyk bilen oňyşmady. Netijede 1527-de Rim German goşunlary tarapyndan talandy. Kliment VII başybalyjylar bilen ylalaşdy. 1530-ýylda Karl V papa täç geýdirdi. Şeýdip Italiýada Ispan dolandyryjylarynyň agalygy güýçlendi. Italiýanlar Mediçiden dynmak isledi. Ol zor salmalary dowam etdirdi. Şeýdip togsana Monfred, Genua, Ferara, Modena Ispanlara garaşlydy. Fransuzlaryň, Ispanlaryň, Nemesleriň talançylykly ýörişleriniň netijesinde ykdysadyýete pese gaçdy. Girdeýji ispan kaznasyna gitdi. Söwdagärlere daşary ýurtda bilen söwda etmek gadagan edildi. Fransiýa, Niderlandiýandaky graždanlyk uruşlary bu ýerde öz täsirini ýetirip başlady. Italiýada indi Ispaniýada, Portugaliýada we onyň koloniýalary bilen söwda aragatnaşyklaryny edip başlap gämigurşuklaryny kitap çäp etmek, ýüpekçilik, aýna öndürmekde üstünlikler gazandylar. Genua banklarynyň iri merkezine öwürildi. Emma bu üstünlikler uzaga çekmedi. XVII asyrda hojalyk birden aşak gaçdy. Genuýada dokaýan stonaklar azaldy. Florensiýada mawut matany öndürilişi kemeldi. Ýakyn gündogaryň Türsiýanyň bazalarynda iňlis we gollandlar olary gysyp başladylar. Netijede Itallýan şaherleriniň ilaty hem kemelip başlady.
Işewir adamlar dörän ýagdaýlar şol girdeýjiniň ösüşini doldurmak üçin galan hojalyklryň salgytlary artyrdy. Köp söwdagärler bank eýeleri Ýewropanyň beýleki söwda şäherlerine goçup başladylar. Iri ýer eýeleri güýçlendi. Salgytlary tölemek kynlaşdy. Ýokary wezipepelr papa döwletinde aýratyn-da satylyp başlandy. Senagatyň, söwdanyň aşak gaçmagy işewir adamlarda öz täsiri ýetirdi. XVI-XVII asyrda Rim, Neapol ýaly şäherleriniň ilaty artypdy. Obalardan iş gözläp gelen daýhanlar, hünärmentler, söwdagärler we maýda işlere çekilýärdi. Şeýip ýerler az sanly ýokary gatlagyň elide jemlendi. Ispan basybalyjylarynyň Italäyda harby toparlary döredildi. Hökümet olary garşy göreşdi. Ahyr soňy gepleşikler geçirdi. Haýsy-da salgyt tölemäge taýýar boldy. Şeýdip ylalaşyga gelmek isledi. Kä ýerlere olary garşy göreşdi. Harby gozgalanlar turdy. 1647-1648 ýýlda g. o. Italiýada, Sisiliýada uly gozgalan turdy. Hünärmentler we gaçyp ilat 1647 ýylda Polermo şäherindäki Ispan wise korolynyň köşgüni zory bilen eýelediler. Köp ispanlar şehid boldy. Şäherde respublika yglan edildi. Gozgalaň bütin Sisiliýa ýarady. Gozgalaňçylaryň maksatnamasynda salgytlary ýatyrmagy, ýurtdaky samsyk ýolbaşçylary kowmagy, deňligi, dikeltmegi talap etdiler. Köp etraplarda iri ýer eýelerine garşy ärelri geçirdiler. Halk köpçüliginden gorkdy. Häkimet eglişikler etmäge razy boldy.
1647-ýylda Neapolda “Ýok bolsun salgytlar” diýen synag astynda gazgalar bolup geçdi. Oňa balykçy Tomas Anjelo gozgalançylar salgyt toplaýjylaryň jaýlaryny, salgyt hatlaryny ýazmak, tussaglary azat etmekdi. Goňşy daýhanlary hem Neopalda ýygnandy. Gozgalan bütin Italiýa ýaýrady. Daýhanlar köçkülere ybathamalara zeper ýetirdiler. Wise korol gozgalançylaryň talybyny ýerine ýetirjekdigine söz berdi. Gozgalançylar Ispaniýa garşy uruş yglan etdilerd. Iri ýer eýelerine edilýän ýenilikler ýatyryldy. Neopoletan respublikasyny jar etdiler. Emma gozgalançylaryň arasynda bölünişik döredi. Bir topary gorkup gozgalandaň gaçyp başladylar. Kä biri garaşsyz respublikany gurmagy talap eden bolsa, kä biri Fransiýada kömek sorap başlady. Daýhan hereketi guramaçylyksyzdy. 1648nji ýylyň Gorkutynda ispanlar gaňly öç alyşy gurady, gozgalan ýetyrdy. Italýan ýerleriniň köpüsi guraksyzlyga sezewar boldy. Ol hem pese gaçdy. Önümi daşardan getrip başladylar. Daýhanlaryň çörek satyn almaga güýji ýetmändir. Iýmit ýetmezçiligi adamlary täze kesellere duçar etdi. Iriýer eýeleriniň buthananyň sütemi ýurdyň ykdysadyýetiniň pese gaçyrdy. Italiýan halky durmuş betbagytçylygyna duçar boldy.
Italiýan medeniýeti XVI we XVII asyryň I ýarymynda.
Italiýada XIV-Xv asyrda gumanizm we täzeden döreýiş gülläp ösdi. Ol XVI asyra çenli dowam etdi. Şäherleriň gülläp ösmeginiň yzy ykdysady pese gaçyşlara getirdi. Emma medeniýetde görnükli akyl darlap, alymlar öňe çykdy. Sungatyň görnükli öserleri döredi. Bu döwür Beýik WozraLdeniýa ýa-da täzeden döreýiş döwri diýen ady aldy. Fransiýa Wenesiýa, Milar heýkeltaraşlyk , binagärçilik subgatynda ajaýyp üstünlikler gazandy. Italýan sungatynda bütin Ýewropoa öz täsiri ýetirdi. Italýan medeniýetini ösmegi, Italýan dilini döremegine getirdi. XIII asyryň ortalarynda ýerli dialektleriň aeasynda birinji ýeri toskan dialekti geçýär, ýa-da Florent dialekti, ol Italýän edebi dilin esasy bolupdyr. Görnükli şahyr ýazyjylar Dante, Petrarka, Bokaççonyň dörediji uly rol oýnady. Dante “halk dili” barada, üýtkeşmeler döretdi. Leonardo de Winçe, Jordano Bruno, Galilleý kampanelo we beýleki ýazyjy, alymlar italýan dilini ösdürdiler. 1582 ýyldar Fransiýada krusk akademiýasy döredildi. Ol ýerde 1612 ýylda Italýan diliniň uly döredildi. Täzeden dörexýiş iň görnükli wekili Lepnarda we Winçidir (1452-1519) görnükli akylydyr, köptaraply alym, binagär, inžener konstruktor we hudažnikdir. Lepnarda tejrimehal medeniýet bilen baglanyşyklydyr. Leonardo nikasyz doglan çaga. Florensiýada büyrgez maşgalasynda, notarius Leonardanyň ejesi at daglyp Ankano diýen ýerjagazdan ýönekeý daýhan maşgalasynda. 14 ýaşynda Leonardadan Wertakko diýen hünärment hünär öwrenmeklige tabşyrylypdyrlar, ol adam ökde heýkelta ras, zergar bolupdyr. Bu ýerde Leonardo talantly okuwçylar bilen bile 10 ýylyk biliminde alypdyr. 1446 çenli okaýar. Ol hudožnik bolandygyna garamazdan adamyň gurluşy bilen hem gyzyklanypdyr. Ol Milanda “Gersog inženere” wezipesinde işleýär. Bu ýerde Leonarda de Wiçe howly işlerim bilen meşgurlanmak çäklenmän öz adyny dünýä belli eden iri kartinalaryny döredýär. “Syrly agşamlara” atly suratly Milanda Santa Mariýa Delli grasiýa ybadathanasynyň diwarlaryna çekýär. Dindarlan Leonardo dini many berýan suratlary çekmegi haýyş edipdirler. Ol Milanda baş binägär Bramont matematik alym Redçioli bilen duşuşýär. 1499 ýylda fransuz goşuny Milany eýleýär. Leonardanyň Milan döwri başlanýär. Ol Wenesiýa ondan Florensiýa ugraýär. 1504 ýylda senýor köşgüniň bir diwaryny surat bilen bezemek tabşyrylýar. Ýöne eskizi çykylyp iç ahyryna çenli ýetirlmän galýär. (Rko atly). Şol döwürde ispanlar fransuzlary gysyp başlaýarlar. Leonardo Rima gaçýär. Ol bu ýerde papa köşgündäki adalatsyzlyklary görüp çydam edip bilmeýär. Fransuz koroly Fransisk I-niň çagyryş teklibini kabul edýär. Ol Fransiýada 1519 ýylda aradan çykýär. Ol öz halkyna uly işleri bitirip kömek etmegi maksat edipdi, batgalyklary guratmak, kanallar geçirmek, ekerançylyk şertlerinini gowulandyrmagy, zähmeti ýeňilleşdirýän gurallaryny döretmegi arzuw edýär. Italýäň täzeden döreýşine uly goşant goşanlaryň biri Mikelanželo Buohariot (1475-1564), Rafael (1483-1520), Tision (1477-1576), Zarhona (1477-1510) arhitektor Bramante (1444-1514) we hudožnikler ähmet şekildirler. Olar Italýan hökümdarlarynyň, rim papasynyň islegini kanagatlandyrydyrlar. Şol sebäpli birlaryň işleriniň köpüşi dini häsiýetlidir. Emma XVI asyryň II arymyňdaky iri ýer we katoliki reaksiýa hem-de ters özderişler döredijilik sungatynyň ösmegine päsgel beripdir. She gurluşy dargap Italýan jemgyýetiňde hudožnikleriň ýagdaýy üýtgeýär.
Hudožnikleri okatmagyň täze usuly ýüze çykýär. XVI asyryň ýarymynda döredijilik akademiýalary peýda bolýar. 1563- ýylda Florensiýada, 1577 ýylda Rimde, 1585 ýylda Poloniýada esasy üns hudožnikleriň, gadamuýetiň, sungatyny öwrenmeklige we täzeden döreýiş döwrüniň usatlaryň işleri öwrenilmeklige bagyş laýar.