Küştdepdi
Küştdepdi — ýaşlyk joşgunynyň, owadanlygyň, çalt we çeýe hereketiň tansy. Şonuň üçin hem ol köplenç ýaşlar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Ýöne käwagt oňa özleriniň şatlygy we joşgunlary bilen ýaşlardan birjik-de kem oturmaýan ýaşuly ýaşdaky adamlar hem goşulyşýarlar. Tans ýaşlaryň we gyzlaryň hoş labyzly ýerine ýetirmeklerinde «gazal» aýtmaklaryndan başlanýar. Munda olar tansyň ilkinji akgynly hereketlerini edýärler. Olaryň töwereklerindäkiler sazlaşykly çapak çalmak bilen, olaryň ýerine ýetirýän hereketlerine syn edýärler. Her bir «gazalyň» ahyrynda olar biri-birini öjükdirýän ýaly we tansyň ritmne goşulýan ýaly däbe öwrülen «eý-ha», «uh-hu», «küşt-küşt» ýaly heňlerini aýdýarlar. Tans edilýän wagtynda tans edýäniň elleri biri-birine galtaşmaly däl. Aýratyn halatlarda tans edýänleriň edil ortarasynda özboluşly ýadro emele gelýär. Onda adatça beýlekilere esasy labzy erkek we zenan berýär[1].
Taryh
düzetTansyň döreýiş gözbaşlary müňýyllyklaryň jümmüşine siňip gidýär. Muny taryhy-arheologik gözlegleriň netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklar, taryhy ýazgylar hem doly tassyklaýar.
Mysal üçin, antik döwre degişli Köne Nusaý galasyndan ýüze çykarylan badalarda döwre gurap, el çarpyp tans edýän şahandazlaryň keşpleri şekillendirilipdir.
Mundan başga-da, ylmy maglumatlarda 1055-nji ýylda beýik Seljuk şadöwletiniň soltany Togrulbegiň Bagdatda garşylanyş dabarasy mynasybetli tutulan uly toýuň hem-de onda türkmen ýigitleriniň ýerine ýetiren täsin tanslaryň waspy ýetirilipdir. Abu-l-Faraj Ioan Grigoriý bar-Ebreýiň ýazgylarynda şeýle diýilýär: «türkmen ýigitleri örän täsirli halk aýdymlaryny aýdyp, gerçek ýigitler sazyň şowhunyna ilki bir dyzyny epip oturyp şowhunly el çarpdylar, soňra bolsa çalasynlyk bilen ýerinden turup, parlaýa-parlaýa aýlanyp tans edipdirler» .
1871-nji ýylda rus ekspedisiýasy agzasy hökmünde Türkmenistanda bolan rus syýahatçysy S.A. Gunaropulo «Türkmen sähralarynda» atlandyran işinde şeýle ýatlamalary galdyrypdyr. «Toý meýlisi gutarandan soň obanyň adamlary biziň aýdym aýdýan esgerlerimiz bilen garyşyp, özboluşly ýogyn sesleri bilen aýdym aýdyp, döwre gurap tans edip, bizi gämä çenli ugratdylar».
Küştdepmeler halk döredijiliginiñ hereketli milli, toý aýdymy görnüşinde XIX asyryñ ahyrlarynda döräp başlaýar. Ondan öñ diwanalar-porhanlar obalara aýlanyp, gapylarda durup ya-da näsaglaryñ (käbir akly üýtgän adamlaryñ) ýanyna baryp, onuñ daşyndan aýlanyp, dürli hereketler bilen dini kitaplardan bölekleri aýdar ekenler. Olar nasaglaryñ dertlerini kowmak üçin, "Küş-küş, küşt-küşt" diýip, onuñ daşyna aýlanyp, böküp, dürli hereketleri edipdirler. Bu täsin hereketler oba çagalaryna öz täsirini ýetiripdir. Olar hem diwanadyr porhanlara öýkünip, ellerini ýokary galdyryp, aýaklaryny ýere urup, dürli hereket edip, göwünlerine gelen sözleri aýdypdyrlar. Şeýlelikde, kem-kemden "Küş-küş, küşt-küşt" halkymyzyñ milli, hereketli toý aýdymy bolan "küştdepdi" adalgasyna öwrülip, il arasynda rowaçlanyp başlapdyr. "Küştdepdi" we "Küştdepme" sözleriniñ ikisi-de halk arasynda ulanylýar.Olaryñ ikisi-de şol bir adalgany añladýar. Bu adalga "küşt" we "depmek" sözleriniñ birleşmesinden döräpdir. Küştdepmeler XX asyryñ altmyşynjy ýyllaryndan öñ, günbatar Türkmenistanda ýaşaýan ýomut-gökleñ türkmenleriniñ arasynda has ýögünli bolup, soñra uly meşhurlyga eýe bolup, döwletimiziñ beýleki welaýatlaryna-da ýaýrady.
Küştdepmeleriñ ýerine ýetirilişi
düzetKüştdepmeler köplenç her setiri ýedi-sekiz bogunly bentlerden bolup,olar rubagy goşgy düzüliş formasyndaky poetiki eserlerdir. Biz olaryñ a,b,w,b; a,b,a,b; a,a,b,a ýaly görnüşlerine duş gelýäris. Küştdepmeleriñ ýerine ýetirilişi hem bir topar özboluşly aýratynlyklara eýedir: Öýleniş, ogul, jaý, goşunyñ hataryna gidiş ýa-da ondan geliş dabaralarynda hem küşt depilýar. Häzirki wagtda Ýurdumyzyñ uly bayramçylyk dabaralarynda-da ýa-da dünýäniñ dürli ýurtlarynda Türkmenistanyñ medeniýet günleri geçirilende-de halk döredijiliginiñ bu şahyrana görnüşini ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler. Küşt depmäge başlamazdan öñ, ýaş oglan-gyzlar halka garap durýarlar. Şol wagt bir ýaş ýigit we gyz orta çykýar. Bu san toýuñ gidişinde ýigitleriñ we gyzlaryñ köpçülikleýin gatnaşmaklary bilen has hem artyp biler. Şeýlelikde, küştdepme aýdýanyñ owazy bilen, ol küşt depýänleriñ aýak tarpyldylary biri-biri bilen utgaşyp çykyar. Olar sazlaşykly heñde ýañlanýarlar. Küştdepme aýdýan ýadasa ýa-da aýdyp gutarsa, olar yzygiderli gezekleşip durýarlar. Küştdepdä gatnaşýanlar garşylykly, gyzykly, degişme häsiýetindäki bentleri hem aýdýarlar. Ony oglan bilen gyz hem garşylykly aýdyşyp biler. Eger şeýle jogaby tapyp bilmese, onuñ öz bäsdeinden yeñildigi bolyar. Bu bentler küştdepmäniñ "ýeke depim" diýen görnüşinde aýdylýar. Ýeke depimi iki ýaş ýigit ýa-da iki gyz bilelikde hem ýerine ýetirip biler. Şeýle bolanda küştdepmäni hatarda duranlaryñ haýsy hem bolsa biri aýdýar. Köplenç halatlarda ýigit bilen gyz gezekleşip aýdýar. Küştdepmaniñ "Űç depim" diýen görnüşi hem bar.Onda ýigitlerdir gyzlar halka gurap aýlanýarlar.Ortada küşt depýänleriñ aýak sesine goşup, küşt bendini aýdýan öz heñini üç depim bilen sazlaşdyryp aýdýar. Küştdepmäniñ bu görnüşini oglan-gyzlar bilelikde, iki, dört ýa- da alty bolup ýa-da şol sanda oglanlar we gyzlar aýry bolup hem ýerine ýetirip bilýärler.Küşt depýänler özüni şadyýan görnüşde alyp barýarlar. Olaryñ töweregine üýşen adamlar bolsa, el çarpyşyp, küşt depýänleriñ hereketlerine görä, birazajyk eglibräk yranyşýarlar. Küşt depýänler bolsa, sesi owazly hem ýakymly, batly çykýan gazal aýdyjynyñ sesine görä, tegelek aýlanyp, üç gezek öñe ätläp,ellerini çarpyp, sag aýaklaryny beýlekiler bilen bilelikde, birbada ýere urýarlar. Küştdepmeleri ýaşuly adamlaryñ ýerine ýetirýändiklerine hem duş gelmek bolýar. Küştdepijiler iki tarap bolup aýdyşýarlar, ýöne weli küştdepme aýdymlaryny aýdyjylar soñundan ol sözleri göwünlerine almaz ýaly degişme äñeñinde aýdýarlar.Küştdepmede göwne degiji bentleri aýtmak maslahat berilmeýär. Küşt depýänler toý wagty küşt depmeýän ýa-da il ugruna şatlanmaýan oglan-gyzlary berk tankytlaýarlar we tomaşaçylary toýa şadyýan gatnaşmaga çagyrýarlar. Küşdi depýän oglanlar we gyzlar küştdepmede aýdylýan bentleri köplenç küşt depip duran wagtlary oýlap tapýarlar (Bu küştdepmäniñ beýleki şahyrana görnüşlerden aýratynlygydyr.). Şonuñ üçin hem küştdepmeleriñ käbir bentleri çeperçilik taýdan gowşak bolýarlar. Küştdepmeleriñ tekstleri mazmun taýyndan öleñlerden, mon- jugatdylardan, lälelerden känbir tapawutlanmaýarlar. Emma ýerine ýetirilişi parhly bolýar. Küştdepmeler öñde bellenilişi ýaly tans hereketleri bilen utgaşdyrylyp aýdylýar hem-de her bentden soñ bolsa, hökman "haýt-haýt, haýt; küşt-küşt-küşt; öh-hä, öh; alha-al; ühhä- ühhä, ühhä" ýaly sözler zol gaýtalanýarlar. Küştdepmeleriñ temasy baý. Bentlerde, esasan, Watan, dostluk, söýgi, ýaşlaryñ bagtly geljegi, beýleki meseleleri beýan edilýär. Täze Galkynyşlar zamanasynda küştdepmeler yzygiderli döreýän, köpelýän, täze many-mazmuna, owüşgine eýe bolýan şahyrana görnüşli döredijilikdir.
Küştpdepdi Audio ýazgylary
düzetKüştdepdi aýdymlary dürli sungat işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilip gelinýär. Olaryň käbirleri
- Laçyn Mämmedowa - Küştdepdi Archived 2021-05-07 at the Wayback Machine;
- Maksat Tuwakow - Küştdepdi Archived 2021-05-07 at the Wayback Machine;
- Täşli Tülegenow - Küştdepdi Archived 2021-05-06 at the Wayback Machine;
- Abadan Halmedowa - Küştdepdi Archived 2021-05-06 at the Wayback Machine;
- Nury Meredow - Küştdepdi Archived 2021-05-06 at the Wayback Machine
ýaly eserleri görkezmek bolar. Küştdepdi aýdymlary türkmen aýdym-saz portallarynda giňden ýerleşdirilipdir[2].
Edebiýat
düzetTürkmen halk döredijiligi. Mugallymçylyk mekdepleri üçin synag okuw kitaby. G.Otdyýew, N.Atdaýewa. Aşgabat 2010ý. Türkmen döwlet neşirýat gullugy.
Çykgytlar
düzet- Halk tanslary[permanent dead link]
- Turkmen national dance Kushtdepdi
- Küştdepdi tansy - video.zehinli.info Archived 2018-01-19 at the Wayback Machine
- ↑ "Milli tanslar – haly kalby". Archived from the original on 2016-03-05. Retrieved 2015-12-27.
- ↑ "Nury Meredow - Küştdepdi aýdymy". Archived from the original on 2021-05-06. Retrieved 2021-05-06.