Koreýa Respublikasy (kor. 대한민국 [tɛːhanminɡuk̚] daehan minguk) — Günorta Aziýada döwlet, ol Koreý ýarymadasynda ýerleşýär. Ýurduň resmi däl ady — Günorta Koreýa. Goňşy döwletler Hytaý, Ýaponiýa, Russiýa we Demirgazyk Koreýa.

대한민국/大韓民國
Günorta Koreýa baýdagy Günorta Koreýa gerbi
Günorta Koreýa baýdagy Günorta Koreýa gerbi
Paýtagt Seul
Dil Koreý dili
Gimn Koreýa gimni
Meýdany 100,210 km²
Ilaty
 – ilat/km²
51,076,532
 509/km²
Pul Günorta Koreýa Won (KRW)
Wagt UTC +9
Telefon kody +82
Internet TLD .kr

XX asyryň II ýarymynda

düzet

XX asyryň ikinji ýarymynda Koreýa respublikasynyň dőreýşi, onuň syýasy-ykdysady ősüşi, daşary syýasaty barada düşünje bermek bilen talyplarda watançylyk duýgularyny terbiýelemek.

Koreýa respublikasy Koreýa adasynyň Günorta bőleginde bolup, ol Çedjudo adasyny hem őz içine alýar. Ol 1948 – nji ýylyň 15 – nji awgustynda respublika diýip jar edýär. Paýtagty – Seul. Çägi-100-210 kw2, ol – 9 welaýatdan. 5 şäherden ybarat. Ilaty 51 mln 70 adam. Dili – koreýa dili. Dini – buddizm we hristian. Puly – wona. (pul birligi). Esasy şäherleri – Seul, Pusan, Tegu. Tebigy baýlygy çäkli.

Koreýanyň ilaty Merkezi Aziýadan, Altaýdan gelen gelmişeklerden düzülipdir. VII asyrda olar bileşip, Koreýany dőredipdirler. 1892-nji ýylda Çeson nesilşalygy Koreýany ýapyk diýip yglan etdi. Koreýa 1904-1905-nji ýyllaryň rus-ýapon urşunda Ýaponiýanyň ýeňmegi bilen bu ýerde őz agalygyny dikeltdi, 1910-njy ýylda Koreýany őzüniň doly baknasyna őwürdi. Koreýa daşary ýurtlylar üçin açyk boldy.

Koreýanyň çäginde 300-e golaý wulkaniki adasy bar.

Ikinji jahan urşundan (1939 – 1945) soň, Ýaponiýanyň derbi –dagyn edilmegi bilen Koreýada Ýapon baknadarlygy puç boldy. (Koreýa 1905 – nji ýyldan Ýaponiýanyň baknasydy, 1910-njy ýylda bolsa ol Koreýany anneksirledi-çägini eýeledi). 1945-nji ýylyň Alp-Arslan aýynyň 15-i Koreýanyň azat edilen güni hasaplanyp, koreý halkynyň milli baýramçylygy diýip bellenilýär. Potsdam maslahatynyň karary boýunça (17. VII – 2. VIII. 1945.) 38 – nji parallel boýunça çäklendirilen çäk geçirildi. (ini 4 km, uzunlygy 250 km.) Günorta Koreýada amerikanlar őz gőzegçiligi astynda bolan raýat edar edişini düzdüler. 1948 – nji ýylyň Magtymguly aýynda BMG – nyň “Koreýa meselesi” boýunça barlag toparynyň gőzekçiligi astynda Milli ýygnaga saýlaw boldy. Alp-Arslan aýynyň 15-de Koreýa respublikasy jar edildi. Onuň prezidentligine 1919-njy ýyldan bäri ABŞ – da ýaşan Koreýa emigranty Li Syn Man saýlandy. Demirgazygyň we Günortanyň partiýalarynyň maslahaty boýunça bütün yurt boýunça ýokary halk ýygnagyna saýlaw geçirildi. (Günortada gizlin) Onuň netijesi esasynda 1948-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 9-da Koreýa halk Demokratik Respublikasy jar edildi. Onuň ýolbaşçylygyna Kim Ir Sen saýlandy. Koreýa resmi ikä bőlündi. Iki dőwletiň arsyndaky gatnaşyklar dartgynly boldy. KHDR –ň ýolbaşçylary “Watanyň birleşdirilmegi we doly garaşsyzlygyň” zerurlygy hakda habar berse, Li Syn Man “Demirgazyga ýőrüş” hakda çykyş etdi. 38 –nji parallelde birnäçe gezek harby çaknaşyklar boldy. 1950-nji ýýlyň Oguz aýynyň 25-de harby hereketler başlandy. KHDR –ň goşuny 3 günden soň Seuly eýelediler we günorta çuňlaşdylar. BMG –ň Howpsuzlyk Geňeşi KHDR –ny agressor diýip belledi. Ruhnama aýynyň 15-de ABŞ goşunynyň 50 müň desanty Inçhona düşürildi. Indi olar KHDR kőp çägini eýeläp, KHR –ň serhedine baryp ýetdiler. ABŞ –a garşy SSSR we KHR –ň goşuny çykyş etdi, olaryň harby uçarlary harby herekete gatnaşdy, olar KHDR-e ýarag we harby enjamlar berdiler. Netijede ýylyň ahyryna BMG –ň goşuny 38 –nji parallele serpikdirildi. 1953-nji ýylyň Gorkut aýynyň 27-de ýaraşyga gol çekildi.

Şäherler weýran boldy, 9 mln adam őldi. Uruş Günorta Koreýanyň ykdysadyýetine kőp zeper ýetirdi. Ol ABŞ –a bakna boldy. Li Syn Man 1960 –njy ýyla çenli prezident boldy. 60 –ýyla çenli yurt agrar ýurtdy. Ýer őzgerdişi geçirildi. Dőwlet iri ýer eýelerinden ýeri satyn alyp, daýhanlara satdy. Senagat gowşakdy. Ýaşaýyş derejesi pes.

1960-njy ýylda Li Syn Man hőkümetden gitmeli boldy. Hőkümete Ýun Bo Son geldi –metbugat, demoketrasiýa azatlygy berildi. Emma 1961-nji ýylyň Magtymguly aýynda dőwlet agdarylyşygy netijesinde harby düzgün dikeldildi, ABŞ-a ýapja syýasat ýőredildi. President Pak Çjon Hi boldy. 1961-1979 ýyl ol demokratiýany gysdy. Emma ykdysadyýetde ősüş gazandy. Harby düzgüniň daýanjy daýhanlar boldy. Goranmak maksady bilen ABŞ bu ýerde goşun saklady.

“Dolandyrylýan bazar gatnaşyklaryny saklaýan ykdysadyýetiň” ősüş ýoluna düşmeklik industrial ősen ýurtlardaky őnümi import etmekden çalyşýan gaýtadan işläp bejerýän pudaklaryň we beýleki őnümçiligiň dőremegini dőwlet giňeldýärdi. Şu maksat bilen daşary yurt puly – esasan ABŞ we Ýaponiýa puly getirilýär. 70-nji ýyllardan eksport ősdi. Zawod – fabrikleriň birnäçesi dőwlete, käbiri monopoliýalara degişlidi. Harydyň hili gowy, nyrhy pes. Ykdysadyýetiň ősmegi ilatyň durmuşyny gowulandyrdy. Başlangyç orta bilim mugt edildi, talyplaryň kőpüsi ABŞ –da we Ýaponiýada okaýar.

Oba – hojalygynda esasy pudak-ősümçilik ősdürmek. G/o Koreýanyň 22 % çägi bejerilýär. Onuň 18 % suwarymly ekin ýeri 2,8 mln mw. m. Däneli ősümlikler –bugdaý, arpa, şaly. Tehniki medeni ekinler – gowaça, temmäki, kenep. Bakçaçylyk alnyp barylýar. Maldarçylykda iri şahly mallar, doňuz, guşçylyk alnyp barylýar. Şeýle hem ýüpekçilik we deňiz hojalygy bilen meşgullanýarlar. Demir ýolunyň uzunlygy 6 müň km, awtomabil ýoly 54 müň km. Uly gämi duralgalary-Pusan, Ulsin, Inçhon, Masan. Howa transporty- ősen harby uçar duralgalarynyň gür seti bar.

ABŞ –ň harby bazalary bar. Eksport –esasan hem senagat őnümlerini edýär: dokma, gämi, polat, çoýun, telewizorlar, magnitafon, hasaplaýýş tehnikasy, aýakgap, faner, himiki őnümler. Ykdysadyýeti esasy ABŞ we Ýapon puluna bagly. Senagatda iri kärhanalar şonuň hasabyna işleýär. 1983-nji ýylda kőmür 19 mln tonna őndürildi, wolfram – 4,7 müň tonna őndürilip, dünýade birinji orny eýeledi, ol wolfram Sandon, Kanwon welaýatlarynda çykýar. Şeýle hem demir, marganes, mis, kümüş, altyn, duz, grafit we ş. m. çykýar. Elektrik energiýa – 50 mlr kwt. Importy – nebiti gaýtadan işlemek – maşyn, electron, dokma őnümleri, awtomobil, gämi, takyk enjamlar, elektro tehnika enjamlary –ősen. Ykdysadyýetde 15 mln adam işjeň gatnaşdy. Oba – hojalygynda balykçylyk we tokaýçylygy- 29 %, senagaty-25 %, sőwdada we hyzmatda 21 % adam, transport aragatnaşygy – 4%, gurluşykda – 5% adam gatnaşdy. Işsizlik – 1,5 mln adamdy.

Koreýa respublikasy industrial ýurda őwrüldi. Yurduň beýle çalt ősmeginiň aýratynlyklary: 1. Taýwandan pul almagy, ABŞ-dan 1,5 mlrd pul almagy, Ýaponiýadan 1965-81-nji ýyllarda 12 mlrd amerikan dollaryny almagy; 2. Arzan işçi güýji ulanmagy.

Diktator düzgüni ýyllarynda Koreýa respublikasynda syýasy ýagdaý durnuksyzdy. Talyplar demokratýanyň bozulýandygy, ABŞ–ň harby güýçleriniň saklaýandygyna, ownuk we orta emläkliler bolsa biznesiň dőwlet tarapyndan goldanylmaýandygyna nägililik bildirýärdi.

1979-njy ýylda prezident Soýg Gýu Ha boldy. Emma ol halka őzüni ýigrendirdi. 1980-ň Magtymguly aýynda Kwangjouda gozgalaň boldy. 200 adam őldi, şeýle gozgalaň kőp şäherlerde boldy. 1980-nji ýylda Dőwlet agdarylyşygy boldy. Prezidentlige –general Çon Du Hwan geldi. Ol halk tarapyndan őzüni saýlatmak isledi. 1981-nji ýylyň Baýdak aýynyň 11-da prezident saýlawy boldy. Çon Du Hwan ABŞ–ň goldamagy bilen ýeňdi. Syýasaty 2 bőlünýär.

1. 80-nji ýyllar syýasy ýagdaý kadaly boldy.

2. 87-nji ýyla çenli syýasy ýagdaý çylşyrymly boldy.

Halk gőni prezident saýlawyny geçirmegi we konstitusiýa (1980 ý) üýgeşme girizmegi talap etdi. 1987-ýylda ählihalk referendumy-ses bermesi geçirildi. Halkyň 93,7 % gőni prezident saýlawyna we Konstitusiýa üýtgeşmeler girizmäge ses berdi.

1987 –ýylda prezidentlige Ro De U saýlandy. 1987 – ýylyň Alp-Arslan aýynda milli ýygnak täze konstitusiýany kabul etdi. Onda president hukugy çäklendirildi, harby işgärlere syýasata goşulmak gadagan edildi. 1988-nji ýylda referendum çagyrdy. Ro De U prezident saýlandy. Hususyýetçi demokratik gurluş berkarar boldy. Harby diktutura ýykyldy, hőkümete dalaş edýän toparlar őňki prezident Çon Du Hwany jogapkärçilik suduna bermeli diýdiler. 1989-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 31-de şeýle sud boldy, şeýlelikde ol jezalandyrylyp őldürildi. Netijede dőwlete dalaş edýän topar bilen dolandyryjy topar ýakynlaşdy. Harby diktatura dőwründen hususyýetçi demokratik häsiýete geçildi.

Daşary syýasatda esasy ABŞ, Ýaponiýa, Taýwand, Gankong, Singapur bilen ýakynlaşdy. 1988-da 24-nji olimpiýa oýunlarynyň geçirilmegi onuň daşary syýasatyny has işjeňleşdirdi. Harbylaryň 30 ýyllyk dolanyşygyndan soň 1993-nji ýylyň Baýdak aýynda prezident bolup raýat syýasatçysy Kim Ýen Sam saýlandy. Ol Demolratik liberal partiýanyň (dolandyryjy) wekilidi. Ol giňmasştably őzgerdişler girizmäge başlady. Iki Koreý dőwletiniň arasyndaky gatnaşyklar-1953-nji ýylyň ýaraşygyndan soň 2 Koreýanyň arasy dartgynly boldy. Demarkasion-ýurdy ikä bőlýän çägiň günorta tarapyndan 38 –parallel boýunça demir biton diwary dikeldildi. 1980-nji ýylyň ahyrynda dartgynlyk gowşady. 1991-nji ýylda Bitaraplyk aýynda ýaraşyk, birek–birege çozmazlyk we hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşyldy. Olar Koreýa ýarym adasynyň ýadroýaragsyz sebite őwrülmegi hakda dilleşdiler.

Koreýanyň birleşdirilmeginiň őz nogsanlyklary bar. Oňa päsgel berýän ulyly-kiçili şertleri bar.

1. ikisi hem syýasy pikir, durmuş-ykdysady häsiýet boýunça tapawudy bar. Goşulmak bu ýakynda mümkin däl.

2. Birek –birege gődek ynanmazlyk, őzara gorky. Phenýan has ýőnekeý gatnaşykdan hem gaça durýar. Ol Demirgazyk Koreýanyň ilatyna Günortadaky doganlarynyň nähili gowy ýaşaýandygyny gőrkezmek islemeýär.

Seul –bolsa hernä demirgazyk Koreýa őzüniň kesel ykdysadyýeti we gedaýlaşan ilaty bilen Günortanyň “gerdednine” düşer diýip gorkýar. Günbatardaky Germaniýanyň birleşigine syn eden Günorta Koreýa şol külpetiň őz başyna düşse çydamajakdygyny boýun alýar. Iki Koreýa hem birleşmegi başarman, hat –da birleşmäge gyssanmaýarlar. Emma bütün dünýä ynanmazlyk buzunyň eräp, Koreýanyň birlşmeginiň tarapdarydyr.

Edebiýatlar

düzet
  • Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnama A, 2001ý.
  • Saparmyrat Türkmenbaşy “Garaşsyztlyk, Demokratiýa, Abadançylyk. A. 1994 ý. I – II kitap.”
  • Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Bitaraplyk taglymaty. A. 2001ý.
  • Wasilýew L. S. Istoriýa Wostoka M. 1998 ý I – 2. tom.