Hamzaýew Maşýan (1915-1965) —türkmen dilçileriniň görnüklileriniň biri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy. 1915-nji ýylda Krasnowodsk oblastynyň Gyzyletrek raýonynyň Çat obasynda garyp daýhan maşgalasynda dogulýar.

Gyzyletrekdäki internaty gutarandan soň, ilki Aşgabat pedtehnikumynda, soňra pedagogik institutynyň taýýarlyk bölüminde okaýar. 1934-nji ýylda Aşgabat döwlet pedagogik institutynyň dil we edebiýat fakultetini gutarýar. 1934-1937-nji ýyllarda Daşhowzuň, Aşgabadyň, Daşkendiň pedtehnikumlarynda mugallym bolup işleýär. Soňra ýokary okuw jaýlarynda Daşkentdäki marksizm-leninizm institutynda, 1938-nji ýylda bolsa Aşgabat döwlet pedagogik institutynda mugallymçylyk edýär. Ol şol ýyllardan başlap, pedagogik işleri bilen bir hatarda türkmen diliniň aýry-aýry meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini hem alyp barýar.

Beýik Watançylyk urşunyň başlanan ilkinji günlerinden ol Watan goragyna gidýär. Ol Watançylyk urşunyň gazaply günlerinde Çkalowda batalýon komandiriniň orunbasary, Kalinin frontunyň 3-nji zarply armiýasynyň rota komandiri, 3-nji Ukrain frontunyň söweşjeň batalýonynyň komandiri — rezerwisti ýaly jogapkärli wezipeleri alyp barýar.

Goşun gullugyndan gaýdyp gelenden soň, M.Hamzaýew ýene-de ylmy-pedagogik işini dowam etdirmäge başlaýar. Ol 1946-1950-nji ýyllarda Aşgabatda döwlet pedagogik institutynyň türkmen dili we umumy dil bilimi kafedrasynyň baýry mugallymy, dosenti bolup işleýär.

1948-nji ýylda Maşýan Hamzaýew «Türkmen dilinde lokal düşümler» atly temadan filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini almak üçin dissertasiýa goraýar.

Ol 1949-1951-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynyň dil sektorynda uly ylmy işgär bolmak bilen SSSR Ylymlar akademiýasynyň Dil bilimi institutynda doktorantlyk kursuny geçýär. Şol bir wagtyň özünde M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň dosenti bolup işleýär. 1952-1958-nji ýyllarda ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynda sektor müdiri, 1953-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli bolsa şol institutyň direktory wezipesinde işleýär.

Maşýan Ýagşyýewiç Hamzaýew türkmen dil biliminiň teoretiki we praktiki meselelerini çözmek işine aktiw gatnaşan dilçileriň biri. Onuň alyp baran işlerini, esasan, üç sany ugur boýunça kesgitlemek mümkin:

Türkmen dil biliminiň praktiki meselelerini işläp düzmek we olary kämilleşdirmek.

Türkmen dil biliminiň aýry-aýry teoretiki meselelerini ylmy esasda derňemäge gatnaşmak.

Türkmen dil bilimi boýunça ýokary kwalifikasiýaly ylmy kadrlary taýýarlamak. Türkmen dil biliminiň praktiki meselelerini işlemek, olary düzgünleşdirmek, kämilleşdirmek hem-de döwletimiziň mekdeplerini türkmen dili boýunça degişli okuw kitaplary bilen üpjün etmek, M.Hamzaýewiň ömrüniň ahyryna çenli onuň ylmy-pedagogik işiniň aýrylmaz bir bölegi bolup geldi.

Onuň 1939-njy ýyldan 1962-nji ýyla çenli türkmen mekdepleriniň başlangyç klaslary üçin beýleki birnäçe dilçiler bilen bilelikde ýazan okuw kitaplaryndan şulary bellemek mümkin: «Türkmen dili, başlangyç mekdepleriň 4-nji klasy üçin grammatika we dürs ýazuw» (H.M.Baýlyýew, Ý.Tekäýew), «Türkmen dili, başlangyç mekdepleriň 2-nji klasy üçin grammatika we dürs ýazuw» (G.Sopyýew, Ý.Tekäýew, R.Berdiýew).

Maşýan Ýagşyýewiç Hamzaýewiň Rejep Berdiýew, Sapar Kürenow bilen bilelikde ýazan we häzirki başlangyç klaslaryň okuw kitaby hökmünde ulanylyp ýören «Türkmen dili, grammatika we dürs ýazuw» (I, II, III, IV klaslar üçin) atly kitaplary 1962-nji ýyldan bäri neşir edilip gelýär. Bu kitaplar 1962-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Magaryf ministrligi tarapyndan yglan edilen konkursda degişli baýraklar mynasyp boldular.

Türkmen diliniň ýazuw kadalaryny düzgüne salmakda, kämilleşdirmekde M.Hamzaýewiň dürli wagtlarda çap edilen «Türkmen diliniň meselelerini dogry çözmek ugrunda», «Türkmen diliniň orfografiýasynyň käbir meseleleri», «Türkmen edebi dilini normalaşdyrmak meselesi» diýen ýaly ylmy makalalary uly ähmiýete eýedir.

Türkmen diliniň teoretiki, hususan-da, grammatik gurluşynyň, leksikanyň hem-de leksikografiýasynyň meseleleri boýunça Hamzaýewiň bitiren hyzmatlary türkmen sowet dil bilimine mynasyp goşant boldy. Ol özüniň «Türkmen dilinde lokal düşümler» diýen işinde morfologiýanyn iň çylşyrymly kategoriýalaryndan biri bolan düşümler meselesini — lokal düşümleri, olaryň semantik aýratynlyklaryny hem-de sintaktik funksiýalaryny örän giňden beýan etdi.

Türkmen diliniň sintaksisi boýunça Maşýan Ýagşyýewiçin ýazan işleri has hem ähmiýetlidir. Onuň «Türkmen dilinde käbir goşma sözlemleriň konstruktiw aýratynlyklary» (1956), «Türkmen dilinde soýuzsyz düzmeli goşma sözlemler» (1957), «Türkmen dilinde soýuzly düzmeli goşma sözlemler» (1957), «Türkmen dilinde wagt eýerjeňli goşma sözlem» (1962) atly uly makalalary «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil bilimi institutynyň işlerinde» neşir edildi.

Onuň dürli ýyllarda çykan «Türkmen dil biliminiň ösüş ýoly», «Türkmen dil bilimi 40 ýyl içinde», «Respublikamyzda filologiýa ylmynyň mundan beýläk-de ösmegi ugrunda» atly makalalary bu ugurda edilen işleri jemleýär we türkmen lingwistikasynyň öňünde duran esasy problemalary kesgitleýär.

«Türkmen diliniň sözlügi» (1962), «Türkmen diliniň orfografik sözlügi» (1963), «Rus we türkmen dilleriniň deňeşdirme grammatikasy» (1964, rus dilinde), «Türkmençe-rusça sözlük» (1968), «Türkmen diliniň grammatikasy, fonetika we morfologiýa» (rus dilinde, 1971) ýaly uly we fundamental işleriň awtorlarynyň biridir we jogapkär redaktorydyr.

Maşýan Ýagşyýewiç Hamzaýew ýokary kwalifikasiýaly lingwist kadrlaryny taýýarlamak işine-de aktiw gatnaşýar. Onuň ýolbaşçylygynda birnäçe ylmy işgärler filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini almak üçin ýazan dissertasion işlerini üstünlikli goradylar.

Dilçi alym TYA-nyň habarçy-agzalygyna (1959) saýlandy.

Onuň birtopar alymlar bilen bilelikde taýýarlan «Russko-türkmenskiý slowar» (1956), «Türkmençe-rusça sözlük» (1968) ylmy işleri Türkmenistan SSR-niň ylym we tehnika baradaky Döwlet baýragyna (1970) mynasyp bolýar.

Görnükli alym, ajaýyp guramaçy 1965-nji ýylda aradan çykdy.

Maşýan Ýagşyýewiç Hamzaýewiň Watanyň, partiýanyň, halkyň öňünde bitiren hyzmatlaryny nazarda tutup, alymyň adyny ebedileşdirmek maksady bilen onuň terbiýelenen ýeri bolan Gyzyletrek raýonynyň 1-nji orta mekdebine merhumyň ady dakyldy

Yelharazdan alyndy[permanent dead link]