Maşgala kanuny (Yslam)

Yslamda maşgala kanunlary

Bir milletiň we jemgyýetiň sagdynlygy we kämilligi maşgala bilen berk baglanyşyklydyr. Maşgala mukaddes ojakdyr.

Başlangyjynda sagdyn esaslarda gurlan, maddy we ruhy sagadatda ýaşaýan maşgala millet üçin berk esasy we fazyletli şahslary ýetişdirýän mübärek mekdepdir. Öýlerini mekdep ýaly feýzli we bereketli, mekdeplerini hem öýleri ýaly mähirli, muhabbetli ýagdaýa getirip bilen millet geljek nesliň parahat we bagtyýar ýaşaýşyny kepillendirýär.

Milleti we maşgalany şahslar düzýär. Maşgala kiçi, millet bolsa uly maşgaladyr. Şonuň üçin maşgalalar ýagşy bolsa, millet ýagşy, maşgalalar erbet bolsa, millet hem erbetdir.

Kurany Kerimde maşgala gatnaşyklary ahlak, hukuk we ižtimagy taýdan giňden düşündirilýär. Ynsan onda bellenen düzgünlere görä ýaşasa, parahat, bagtyýar ömür sürer.

Pygamberimiz hem maşgala durmuşy bilen baglanyşykly meseleleri sahabalaryna düşündiripdir we öz ýaşaýşy bilen nusga bolupdyr.

Öýlenmek

düzet

Öýlenmek – ynsan tebigatynyň zerurlygy bolup, şahsyýetiň duýgy we düşünjeleriniň, jynsy arzuw-islegleriniň tertipleşdirilmegidir. Öýlenmegiň asyl maksady Allahy we Onuň Resulyny razy etjek nesilleri ýetişdirmekdir. Pygamberimiz bir hadysynda: «Öýleniň, köpeliň! Çünki, men kyýamat gününde ymmatymyň köplügi bilen buýsanaryn», (Ajluni «Keşful-Hafa»; Abdurrezzak «Musannef») diýipdir. Ýagny, sepil, keýpi-sapanyň guly, maňlaýy seždesiz, wyždany bozuk nesile Resuly Ekremiň buýsanmajagy aýandyr. Serwerimiziň köpelmegini arzuw eden nesli: dini, ahlagy arassa, milletine, maşgalasyna wepaly, Allahy we Onuň Resulyny razy etjek nesildir. Bu maksady özünde jemlemän gurlan maşgala niýetsiz amallar ýaly netijesiz we bereketsizdir. Şonuň üçin öýlenjekler birek-biregiň daş owadanlygyna, baýlygyna we jemgyýetdäki tutýan derejesine görä däl-de, ruhy gözelligine, namys we ahlak düşünjesine seredip maşgala gurmalydyr. Kurany Kerimde bu barada şeýle aýdylýar: «Araňyzdaky öýlenmedikleri we durmuşa çykmadyklary we salyh gul-gyrnaklary öýeriň. Eger olar garyp bolsa, Allah lutfy-keremi bilen olary mätäçlikden halas eder. Çünki Allahyň lutfy-keremi giňdir. Ol her bir zady bilýändir», (Nur, 32).

Maşgala gurýanlar maşgalaly bolmagyň ullakan borçdugyny unutmaly däldir. Maşgalabaşy bolmaly ýigit geljekde maşgalasyny eklemäge, goramaga, çagalaryna terbiýe bermäge borçludyr. Gyz bolsa bir öýüň keşigini çekmäge, adamsyna söýget bolmaga, sagdyn nesil ýetişdirmäge taýyn bolmalydyr. Bularyň şu zatlary etmäge ýeterlik akyly, sowady, gaýraty bolmalydyr. Iň esasy zat hem boýnuna düşen borjy maşgalanyň, ene-atanyň, jemgyýetiň hatyrasyna, şeýle hem hut öz mertebäň üçin birkemsiz ödemelidir. Borjuny berjaý edip bilmeýän adamda mertebe bolmaz. Mertebesizlik binamyslyga elter.

Haka sygynyp, mantyk we düşünjäni esas edinip, ilkinji kerpiji goýlan maşgala şeýle bir mübärek öýdür, ol ömürboýy mekdep ýaly işlär we ýetişdiren nesilleri bilen halkynyň edepliliginiň we dowamlylygynyň girewidir. Oýlanyp-ölçenilmän gurlan maşgala yzynda gözi ýaşly eneleri, maşgala mährinden mahrum ýalňyz köňülleri galdyrar.

Öýlenmegiň şahsyýete peýdasy bir bolsa, millete has köpdür. Şeýle hem oýlanylman gurlan maşgala hem-de asla öýlenmezlik we durmuşa çykmazlyk, gyzlary sepil, ýaş ýigitleri ryswa eder. Netijede, halk geljegini ýitirer.

Fykyh alymlary maşgala gurmagy birnäçe görnüşlere bölüpdirler.

  • a) Farz bolan öýlenmek. Zyna etmek we haram iş etmek howpy bolanyň maşgala eklemäge ýagdaýy bar bolsa, öýlenmegi farzdyr.
  • b) Wajyp bolan öýlenmek. Haram iş etmek howpy bolman, diňe beýle işi ederin öýdüp gorkan kişiniň maşgala eklemäge güýji ýetýän bolsa öýlenmegi wajypdyr.
  • ç) Sünnet bolan öýlenmek. Hiç hili howp bolmasa-da öýlenmek islegi bolan biriniň durmuş gurmagy sünnetdir.
  • d) Haram bolan öýlenmek. Öýlenende haram ýollar bilen maşgala eklejek we ýanýoldaşyna zulum etjek adamyň durmuş gurmagy haram saýylypdyr.
  • e) Mekruh bolan öýlenmek. Haram ýollar bilen maşgala eklemek we ýanýoldaşyna zulum etmek endişesi bolan adama öýlenmek mekruhdyr.
  • ä) Mubah bolan öýlenmek. Halal gazanýan, zyna eder gümany bolmadyk, mehir (galyň) bermäge we maşgalasyny eklemäge güýji ýetýän biriniň öýlenmegi mubahdyr. Bu ýagdaýdaky adam öýlenip hem biler, öýlenmän hem biler.

Adaglama

düzet

Ömürboýy bile ýaşajak, her hili kynçylyklary bilelikde ýeňip geçjek, täze dünýä injek çagalara eýe boljak oglan bilen gyzyň nikahdan öň biri-birini görüp, tanyşmagy, häsiýetlerini öwrenmegi täze guruljak maşgalanyň berkligi üçin öpän möhümdir.

Şonuň üçin gudaçylyga barlandan soň, gyz-oglanyň biri-birini synlamagy dini taýdan dürsdür. Pygamberimiz: «Sizden haýsyňyz hem bolsaňyz biriňiz bir gyzy ýa-da aýaly nikahlap aljak bolsa, ony gowy synlasyn», (Ebu Dawud) diýipdir. Hatda, durmuş gurmakçy bolýan zenan maşgalanyňam äre barmakçy adamynyň aslyny soramagy, ýakyndan tanaýanlar bilen maslahatlaşmagy, tanaýanlaryň bolsa, ol barada bilýänlerini doly aýtmagy hiç hili ilden çykma däldir. Bu mesele bilen baglanyşykly şu hadysy mysal getirip bileris:

Pygamberimiziň ýanyna Kaýsyň gyzy Fatyma gelip: «Ebu Jehm b. Huzeýfe bilen Muawiýe b. Ebu Sufýanyň söz aýdyjy gelendigini we haýsyna barsa gowy boljagy barada maslahat soraýar. Pygamberimiz: «Ebu Jehm aýallary uragandyr. Muawiýe bolsa garypdyr. Sen gowusy Usamä durmuşa çyk», (Tirmizi) diýipdir.

Öýlenjekleriň biri-birini görmegi, gürleşmegi ikiçäk ýagdaýda bolup geçmeli däldir. Gyzyň ýanynda hökman mähremlerinden biri bolmalydyr. Çünki yslamda nikahdan öň ýigit bilen gyzyň hylwat ýerde ikiçäk duşuşmagy dürs däldir.

Iki tarap hem razyçylyk bildirenden soň, gyz-oglan adaglanýar. Mundan soň başga biriniň sawçylyga baryp, ara düşmegi dürs däldir. Ýöne iki tarap razylaşmadyk ýagdaýynda täze barjaklar öňkülerden rugsat soramalydyr. Pygamberimiziň bir hadysynda şeýle buýrulýar: «Sizden hiç biri din doganynyň gudaçylyga barýan ýerine guda bolmak niýeti bilen barmasyn», (Müslim).

Adaglanmak öýlenmegi mejbur edýän däldir. Ol islendik wagt bozulyp bilner. Adaglanmak taraplara bile ýaşamak hukugyny hem bermeýär. Adaglananlaryň ýaramaz niýeti bolmasa-da, nikah gyýylýança olar biri-biri üçin ýatdyr, nämähremdir. Şonuň üçin adaglananlaryň ikiçäk tirkeşip ýörmegi bolmaýar.

Adaglanmagyň bozulmagy köplenç gyz tarapynyň abraýyna zeper ýetirýär. Şonuň üçin adaglanmak wagty uzaga çekmeli däldir. Eger adaglanmak erkek tarapyndan bozulsa, berlen sowgatlar yzyna alynmaýar. Eger gyz tarapyndan bozulsa, sowgatlar yzyna berilmelidir.

Gyzyň ýigitde üns bermeli esasy aýratynlygy: onuň dini we ahlak arassalygydyr. Pygamberimiz bir hadysynda bu barada şeýle aýdypdyr: «Eger biriniň dinini berjaý edişinden we ahlak arassalygyndan hoşal bolsaňyz, ol hem gyzyňyza öýlenmek islese, ony yzyna gaýtarmaň. Eger şeýle etmeseňiz, ýer ýüzünde pitne we bozuklyk dörär» diýipdir. Sahabalardan biriniň:

– Eý, Resulallah, eger ol garyp ýa-da tanymal maşgaladan däl bolsa nätmeli? – diýen sowalyna, Pygamberimiz ýene: «Eger biriniň dinini berjaý edişinden we ahlak arassalygyndan hoşal bolsaňyz, ol hem gyzyňyza öýlenmek islese, ony yzyna gaýtarmaň. Eger şeýle etmeseňiz, ýer ýüzünde pitne we bozuklyk dörär» diýip, öňki aýdanyny üç gezek gaýtalapdyr, (Mansur Aly Nasyf «Et-Täjül-Jamy»). Kurany Kerimde bu mesele bilen baglanyşykly şeýle diýilýär: «Araňyzdaky öýlenmedikleri we durmuşa çykmadyklary we salyh gul-gyrnaklary öýeriň. Eger olar garyp bolsa, Allah lutfy-keremi bilen olary mätäçlikden halas eder. Çünki Allahyň lutfy-keremi giňdir. Ol her bir zady bilýändir», (Nur, 32).

Erkegiň aýal maşgalada üns bermeli esasy aýratynlygy, onuň dini we ahlagy arassa, namysyny gorap bilýän bolmalydyr. Pygamberimiz bu barada şeýle aýdypdyr: «Aýal maşgala dört zady sebäpli nikahlanýar: bular – mal baýlygy, nesebi (asly), owadanlygy we dindarlygydyr. Sen dindar bolanyny saýla, parahat ýaşarsyň, bereketiň artar».

Din we ahlak arassalygy iň esasy aýratynlykdyr. Maşgala durmuşy diňe şu dünýä degişli durmuş däldir. Ol perzentler bilen dowam edýän we ahyretde hem dowam etjek durmuşdyr. Pygamberimiz: «Aýaly maly we owadanlygy üçin nikahlap alan baýlykdanam, owadanlykdanam mahrum ediler», (el-Heýsemi «Zewaid) diýipdir. Şonuň üçin dünýä we ahyret bagtynyň çeşmesi bolan ýagşy maşgala şu dünýädäki jennet köşgüdir. Bu meselede ýalňyşlyk goýberen iki dünýesini-de berbat eder.

Kurany Kerimde kim bilen durmuş gurmagyň haramlygy şeýle görkezilýär:
(Eý, mukminler!) Size (şular bilen nikalaşmak) haram edilendir: ejeleriňiz, gyzlaryňyz, gyz uýalaryňyz, kakaňyzyň aýal doganlary (ejekeleriňiz), daýzalaryňyz, erkek doganyňyzyň gyzlary, aýal doganyňyzyň gyzlary, sizi emdiren süýt eneleriňiz, süýt emşen uýalaryňyz, gaýyneneleriňiz, (jynsy gatnaşykda bolan) aýallaryňyzyň ýany bilen gelen öýüňizdäki öweý gyzlaryňyz. Ýöne (nikalaşyp), heniz jynsy gatnaşykda bolman (aýrylyşan aýallaryňyzyň gyzlary bilen nikalaşmagyňyzda) hiç hili günä ýokdur. Emma öz biliňizden önen (ogullyk alynmadyk) ogullaryňyzyň (aýrylyşan) aýallaryna (öýlenmegiňiz) we iki gyz dogany bir wagtda (nikaňyzda) birleşdirmegiňiz (hem haram edildi). Emma (nadanlyk döwründe öň bolup) geçeni geçdi biliň! (Siz oňa jogapkär dälsiňiz). Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehimşepagatlydyr.
— Kuran: sura №4, aýat №23

Bu aýata görä, yslam alymlary öýlenmek haram edilenleri üç topara bölüpdirler.

1) Nesil

düzet

Bular: eje, ene, mama, gyzy, uýasy, erkek doganynyň we uýasynyň gyzy, bibisi we daýzasydyr.

2) Süýt emşenlik

düzet

Süýt emşen doganyňa öýlenmek haramdyr. Süýt emişmegiň kadasy şudur:

  • a) Süýt emişmek iki ýarym ýaşa (otuz aý) çenli aralykda bolmalydyr.
  • b) Bir gezek emişmek hem ýeterlikdir.
  • ç) Süýt saglyp içirilse-de, emşen saýylýar.

Süýt emeniň emdirene nebsi (özi), emdireniň emene özi we nesli haramdyr. Ýagny süýt enekesi, onuň enesi we mamasy, süýt enekesiniň äri, onuň enesi we mamasy, süýt emşen doganlary, olaryň çagalary, emşen doganlaryň daýzasy, bibisi emen üçin haramdyr.

3) Öýlenmek

düzet

Gaýyn enä, gaýyn ata, baldyza, öweý enä, öweý gyza, nikahly aýala öýlenmek haramdyr. Iki dogany bir nikahda saklamak haram bolsa-da, aýalyň ölenden soň, onuň aýal doganyna öýlenmek bolýar. Ýahudy we hristian dinindäki aýala öýlenmek bolýar, emma musulman gyzyň gaýry dindäki adama durmuşa çykmagy haramdyr. Hiç bir dine ynanmaýan we muşrik aýala öýlenmek hem haramdyr.

Öýlenmek üçin hökman nikadan geçmelidir.

Nikada durmuşa çykýan zenan üçin mähr tölemelidir.

Aýalyň maşgaladaky wezipeleri

düzet
  1. Aýal ärine boýun bolmalydyr. Dinimizde aýala: Allahdan soň ärine hormat goýmak ündelýär. Maşgalanyň bagty we sagadaty üçin, Allahyň emrine we gadagan eden zatlaryna ters gelmeýän ýagdaýynda, aýal ärine gulak asmalydyr. Kurany Kerimde:
    «Ýagşy aýallar ytagatkär bolup, Allah (j.j) olaryň hak-hukuklaryny nähili goraýan bolsa, olar hem äri öýde ýok wagtynda hak-hukuklaryny goraýanlardyr» (Nisa, 34) diýilýär. Aýalyň äri öýde ýok wagty onuň hak-hukugyny goramagy iki görnüşde bolup biler. Biri zynadan saklanyp, äriniň abraýyny goramagy, ikinjisi bolsa, äriniň mal-mülküni aýamagydyr. Pygamberimiz bir hadysynda şeýle diýýär:
    «Kişiniň elindäki hazynalarynyň iň gowusyny aýdaýynmy? Ol seredeniňde göwnüňi açýan, emr edeniňde boýun egýän, sen öýde ýok wagtyň malyňy we namysyňy goraýan salyha bir aýaldyr», (Ebu Dawud, Ahmet b. Hanbel).
  2. Maşgalanyň syrlaryny paş etmeli däldir. Aýalyň maşgala ýa-da ärine degişli bir syry iň ýakyn garyndaşyna hem aýtmagy dürs däldir. Bu maşgalanyň agzybirligine zeper ýetirjek zadyň iň ilkinjisidir.

Äriň maşgaladaky wezipeleri

düzet
  1. Maşgalanyň eklenjini gazanmak. Maşgalany eklemek erkegiň borjudyr. Erkek içersini halal gazanç bilen eklemelidir.Çünki haram eklenç bilen ýetişdirilen çagalar jähennem zakgumy ýaly, ynsana durmuşynda azap berer. Eger iýenimiz, içenimiz, geýenimiz, güzeranymyz haram gazançdan bolsa, onda bu ýagdaý bizden önýän çagalaryň betbagt bolmagyna elter. Çünki haram bilen ösdürilýän ynsanyň ruhy dünýäsi şeýtana meýillidir. Pygamberimiz bir hadysynda: «Allahyň Käbesini togap edeniňde egniňde haram gazançdan alnan eşik, içinde haram lukma bolan biri: «Lebbeýk Allahumme, lebbeýk» diýse-de Allah onuň bu dogasyna jogap bermez. (Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid»). Diýmek, bir lukma-da bolsa, ony maşgalaňa iýdirmekden saklanmaly, Allahdan gorkmalydyr.
  2. Ýagşy hereketde bolmak. Maşgalany biri-birine birikdirýän iň esasy zat söýgüdir. Är-aýal biri-birini söýmegiň ýollaryny gözlemelidir. Bu meselede iň uly wezipe erkege düşýär. Kurany Kerimde: «Aýallaryňyza ýakymly boluň», (Nisa, 19). Pygamberimiz bolsa şeýle buýurýar: «Siziň iň haýyrlyňyz, aýalyna iň haýyrly bolanyňyzdyr», (Ibni Maje). Hezreti Omar bolsa maşgalasyndan närazy ärlere : «Olaryň göwnünden turjak, olary razy etjek ýollary gözläň» diýip maslahat beripdir.
  3. Geçirimli bolmak. Zyna we aşa oňşuksyzlyga eltmese, aýala geçirimli bolmak ündelýär. Kurany Kerimde: «Aýallaryňyza ýakymly boluň. Eger olar göwnüňizden turmasa-da, Allah size şolaryň üsti bilen haýyr takdyr edendir», (Nisa, 19) buýrulýar. Ýagny, Allah olardan salyh bir perzent öndürip sizi begendirer. Şonuň üçin bagyşlanyp boljak aýyplara geçirimli boluň.
  4. Aýala äsgermezçilik etmeli däldir. Aýal bolsun, erkek bolsun, säwlik bilen ýalňyşany ýaňsa almaly däldir. Kurany Kerimde: «Eý, iman edenler, sizden hiç bir jemagat başga bir jemagaty ýaňsa alyp, üstünden gülmesin. Mümkin, ýaňsa alnanlar, ýaňsylanlardan has haýyrly bolup biler...» (Hujurat, 11).

Salgylanmalar

düzet